Bursanyň Taryhy Bazarlary

Giňdir dünýe-geňdir dünýe

1713557
Bursanyň Taryhy Bazarlary

Bursada ýüzlerçe ýyl ozal gurlan bazarlaryň henizem halka hyzmat edýandigini bilýäňizmi?

Osman döwletiniň ilkinji paýtagty bolan Bursa şäherinde 14-nji asyrda söwda merkezi emele gelmäge başlaýar. 16-njy asyra çenli şäherde köp sanly söwda merkezleri we bazarlar gurulýar.

Bursada 700 ýyldan bäri “söwdanyň kalby” atlandyrylýan we ÝUNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna goşulan Taryhy bazar we söwda merkezleri zolagy şäheriň görülmäge mynasyp ýerlerinden biri. 30-a golaý söwda merkeziniň we bazaryň iň meşhurlaryndan biri Bursa şäheriniň göreji, dünýä meşhur sungat eseri “Goza handyr.” Goza han binasy tegelek dikdörtburç howluda, iki gatly we 95 otagdan ybarat. Taryhy ýüpek ýoly söwda ugrunyň Aziýadaky soňky duralgasy bolan Goza han söwda merkezi, Ýüpekçiler bazary hökmünde-de atlandyrylýar.

Bursada ýüpekçiligiň merkezi bolan Goza han söwda merkeziniň howlusynda 1970-nji ýyllara çenli söwda bilen meşgullananlar öz harytlaryny sergiläpdirler. Obalylar bolsa çuwallar bilen getiren ýüpek gozalaryny satypdyrlar. Häzirki wagtda bolsa bazar ýokarky gatynda dürli ýüpek harytlaryny satýan dükanlar bilen söwdany dowam etdirýär.

 


Etiketkalar: #bazar , #taryhy , #Bursa

Degişli Habarlar