Sadyr Japarowyň Orta Aziýa Ýurtlaryna Sapary

Ýewraziýa Syn

1679583
Sadyr Japarowyň Orta Aziýa Ýurtlaryna Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň Orta Aziýa ýurtlaryna guran saparyn hakda durup geçmek isleýäris.

 

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow Prezidentlige saýlanandan soň daşary ýurtlara saparyny dowam etdirýär. Japarow 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 27-29-y aralygynda Türkmenistana we Täjigistana resmi sapar gurady we 2-nji iýulda Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýewi Azerbaýjana sapara ugratdy. Geliň şol saparlara ser salalyň.

Prezident Sadyr Japarow 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 27-28-i aralygynda Türkmenistana resmi sapar gurady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Japarowy Aşgabatda resmi dabara bilen garşylady. Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň liderleri ikiçäk duşuşdylar. Soň bolsa toparara gepleşikler geçirildi. Taraplar 100 million dollarlyk bilelikdäki galkynyş gaznasynyň döredilmegi, türkmen tebigy gazynyň, elektrik togunyň güýz we gyş aýlarynda Gyrgyzystana ýetirilmegi, Bişkekde Türkmen söwda öýüniň we Yssyk Kölde Türkmenistan myhmanhanasynyň gurulmagy boýunça ylalaşdylar. Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda jemi 14 ylalaşyga gol çekişildi. Saparyň çäginde Türkmen-Gyrgyz Işewürler Maslahaty geçirildi.

Prezdent Sadyr Japarow 2021-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistandan Täjigisgana bardy. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşanbede Japarowy resmi dabara bilen garşylady. Soň liderler alty sagatdan gowrak dowam eden özara duşuşyk geçirdiler. Son bolsa toparara gepleşikler geçirildi. Maslahatdan soň 4 ylalaşyga gol çekişildi.

2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew Azerbaýjana sapar gurady. Ruslan Kazakbaýew Bakuwda Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlygy, Premýer ministr, Daşary işler ministri we beýleki resmi adamlar bilen duşuşyklar geçirdi. Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda özara we sebitleýin meseleler seljerildi. Duşuşykdan soň iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň 2021-2022-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişildi. Kazakbaýewiň Bakuwa Prezident Japarowyň hatyny Prezident Aliýewe gowşurmak üçin gelendigi we hatda özara gatnaşyklary strategik derejä götermek, Merkezi Aziýa+Günrota Kawkaz (5+3) Hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek boýunça teklibiň bardygy habar berildi.

Prezident Japarowyň daşary syýasatda goňşy ýurtlary ileri tutmagy ýerlikli çemeleşmedir. Doganlyk ýurtlar bilen jebislik, utgaşyklyk bolmasa, galkynmak, daşarky güýçleriň basyşlaryna garşy durmak kyn bolýar. Orta Aziýa döwletleriniň liderleriniň resmi däl sammitinin şu ýyl Türkmenistanda ýa-da Gyrgyzystanda geçirilmegine garaşylýar. Japarow bilen Berdimuhamedowyň Aşgabatda mesele boýunça karara gelendigini aýtsak ýalňyş bolmasa gerek.

Owganystandan gelmegi ähtimal howpuň ortadan aýrylmagy we Owganystanda parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň ýola goýulmagy sebitde ýerleşýän ýurtlaryň bilelikdäki tagallasy bilen mümkin bolar. Japarowyň serhetde çaknyşygyň başdan geçirilendigine garamazdan Duşenbä sapar guramagyny Owganystan bilen bagly howpsuzlyk meselelerini sebitde ýerleşýän ýurtlaryň bilelikde çözmek ugrundaky tagallasy bilen düşündirmek bolar.

Sadyr Japarowyň teklip eden Merkezi-Aziýa+Günorta Kawkaz (5+3) Hyzmatdaşlyk Platformasynyň işe ýüzüne geçirilmeginiň wagty geldi. Sebäbi uzak ýyllardan bäri düşnüşmezige sebäp bolan Hazar deňiziniň hukuk derejesi kesgitlendi. Kawkazyň we Orta Aziýanyň liderleri öz aralarynda geňeşmeler geçirýärler. İndi Týanşan daglaryndan Agry dagyna çenli bolan döwletleriň güýçlerini birleşdirmekleri gerek. Merkezi-Aziýa+Günorta Kawkaz (5+3) Hyzmatdaşlyk Platformasy iş ýüzüne geçirilen halatynda möhüm funksiýa eýe bolar.



Degişli Habarlar