Gruziýanyň Premýer-Ministriniň Türkiýä Sapary

Ýewraziýa Syn

1656687
Gruziýanyň Premýer-Ministriniň Türkiýä Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwiliniň Ankara guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Prezident R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili wezipä girişmeginden soň Türkiýä ilkinji saparyny gurady. Wekiliýetiň düzüminde ykdysadyýet, daşary işler we daşky gurşawy goramak ministrleri, Ajaranyň Prezidenti hem bardy. Prezident R.T.Erdogan Premýer-ministri Garibaşwilini Ankarada resmi dabara bilen garşylady. Duşuşykdan soň liderler metbugat ýygnagyny geçirdiler. Duşuşygyň iňňän netijeli geçendigini beýan eden Irakli Garibaşwili, Prezident Erdogany Tibilisä çagyrdy.

Türkiýe 15 ýyldan bäri Gruziýanyň esasy söwda hyzmatdaşy. Liderler metbugat ýygnagynda söwda mukdaryny 3 milliard dollara ýetirmek boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdiler. Türkiýe we Gruziýa gündogar-günbatar gatnawynda üstaşyr ýurtlar hökmünde has ýokary hyzmatdaşlyk şertlerine eýe. Zengezur koridorunyň açylmagynyň özem Türkiýe-Gruziýa-Azerbaýjan ulag koridorunyn eýe bolan ähmiýetini ortadan aýyrmaz.

Türkiýe we Gruziýa saglygy goraýyş pudagynda-da hyzmatdaşlygy ýokarlandyryjy işleri durmuşa geçirýärler. Maý aýynyň ahyrynda iki ýurduň saglyk hünärmenleri transplantasiýa boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama baglaşdylar. Gruziýada transplantasiýa operasiýalarynyň ýaýbaňlanmagynda TIKA-nyň goşandy uly.

Ermenistanyň sebitde ýerleşýän ýurtlar blen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagynda we sebitleýin integrasiýa goşulmagynda Gruziýa güýçli pozisiýa eýeläp biler. Premýer-ministr Garibaşwili Türkiýä gelmezden ozal Bakuwa we Ýerewana sapar edipdi. Prezident Erdoganyň “Sebitde üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyklary goldaýarys” we “Gruziýa sebitleýin hyzmatdaşlygyň açary” diýmegi şol jähtden möhüm. Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa-Eýran Daşary işler ministrleriniň masahatyna Ermenistanyň gatnaşmagyny gazanmak sebitleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi taýdan edilen möhüm başlangyç bolar.

 

2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap pandemiýa sebäpli iki ýurduň arasynda ýapyk bolan gümrük geçelgeleri ýaňadandan açyldy. Ol, söwda mukdarynyň artmagy bilen birlikde özara gatnaşyklaryň ösmegine hem goşant goşar. Türkiýe we Gruziýa şahsy resminama bilen syýahat etmek, gümrükde ýeňillik, erkin söwda şertnamasy ýaly özara gatnaşyklaryň strategik derejede dowam etmegine şert döredýän başlangyçlary onsuz hem edipdi.

Türkiýe bilen Gruziýanyň arasyndaky ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk Stalin döwründe ýurtlaryndan sürgün edilen mesheti türkleriniň ata watanlaryna dolanmaklary meselesini gelejekde oňyn çözülmegine goşant goşar.

Mälim bolşy ýaly Gruzisýanyň Namahwan sebitinde türk firmalaryndan biri GES gurýar. Alty aýdan bäri ýerli halkyň bir bölegi taslamanyň şertleriniň seljerilmegini talap edýär. 1-nji iýunda Türkiýä gelen Gruziýanyň wekiliýetiniň düzüminde GES taslamasy bilen gönüden gyzyklanýan ministriň bolmagy meseläniň gysga möhletde çözüljekdigini aňladýar. GES-iň gurluşygy Gruziýa üçin möhüm taslamalardan biri.

Türkiýe-Gruziýa gatnaşyklarynda Azerbaýjan faktory ünsleri çekýär. Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatlary netijeli dowam edýär. Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa Prezidentleriň sammiti geçirildi. Häzirki wagta çenli adybir ýurtlar tarapyndan Baku-Tibilisi-Jeýhan, Baku-Tibilisi-Kars, Baku-Tibilisi-Erzurum taslamalary iş ýüzüne geçirildi. Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa Işewürler maslahatlary geçirilýär. Bularyň ählisi sebitleýin hyzmatdaşlygy täze derejelere götermegiň mümkindigini aňladýar.



Degişli Habarlar