ABŞ Bilen Russiýanyň Arasyndaky Dartgynlyk

Ýewraziýa Syn

1609578
ABŞ Bilen Russiýanyň Arasyndaky Dartgynlyk

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda ýüze çykan dartgynlyk hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 16-njy martynda ABŞ-nyň howpsyzlyk gullugy habarnama çap edip, Russiýany Donald Trampyň ýaňadandan saýlanmagyna ýardam bermäge we prezident saýlawynda Jo Baýdeniň saýlanmagynyň öňüni almaga synanşmakda günäkärledi. Ertesi gün bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden teleýaýlymlardan birine beren interwýusynda Russiýanyň Lideri Putiniň “ruhsuzdygyny” beýan etdi we Putiniň ganhordygyny pikir edip-etmeýändigi hakyndaky soraga bolsa “Hawa, şeýle pikir edýärin” diýip, jogap berdi. 18-nji martda Ak Tamyň Metbugat sekretary Ýan Psaki, Baýdeniň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin barada aýdan “ganhor” sözi sebäpli puşman bolup-bolmandygy soragyna, “Ýok. Prezident gönüden soralan soraga gönüden jogap berdi” diýip, jogap berdi.

Bu wakalardan soň üstümizdäki aýyň 17-sinde Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Russiýanyň ABŞ-daky İlçsi Anatoli Antonowyň “Geňeşmeler üçin Moskwa” çagyrylandygyny beýan etdi. Mariýa Zaharowa özara gatnaşyklaryň häzirki pursatda “düýpli dartgynlaşmagynyň öňüni almak” bilen gyzyklanýandyklaryny nygtady. Rus mediasy Jo Baýdeniň öte geçendigini beýan edýän makalalary çap etdiler.

2021-nji ýylyň 18-nji martynda Wladimir Putin mesele boýunça beýannama berip, Baýdeniň özüniň “ganhordygyny” aýtdy we “Oňa näme jogap bereýin? Ona “sagdyn bolsa” diýerdim. Oňa jan saglygyny arzuw edýärin. Bu oýun we ironiýa däl” diýdi.

Russiýanyň Prezident Putin şol gün garaşylmadyk teklip bilen çykyş edip, ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeni “bütin dünýäniň tomaşa etmeginde göni ýaýlym diskussiýasyna” çagyrdy. Baýden hem Putiniň teklibine “Birde duşuşjakdygymyza bilýärin” diýip, anyk jogap bermekden saklandy.

Dmitriý Peskow 2021-nji ýylyň 20-nji martynda ABŞ bilen gatnaşyklar meselesinde iň gowy netijäni umyt edýändiklerini we iň agyryna taýar boljakdyklaryny beýan etdi.

Görşüňiz ýaly Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda bir dartgynlyk bar. Onsuz hem kadaly bolmadyk özara gatnaşyklaryň Baýdeniň ýaragsyzlanma hakyndaky ylalaşygy tassyklamagy bilen kadalaşmagyna garaşylýarka, täze bir dartgynlyk ýüze çykdy. Alekseý Nawalnyýnyň tussag edilmegi meselesinde-de iki döwlet birek-biregi günakärläpdi.

Bu dartgynlygyň Krymyň anneksirlenen gününe gabat gelmegi tötänleý däl. Käbir analitikler Russiýa bilen günbataryň Ukrainada gyzgyn çaknyşygyň ýüze çykma ähtimallygyny gün tertibine getirýärler. Onsuz hem NATO-nyň Russiýany günäkärleýiji beýanatlary soňky günlerde artmaga başlady. Soňky wakalardan soň ABŞ Russiýa goşmaça sanksiýalar goýsa gerek.

Dumanyň güýz aýlarynda geçiriljek saýlawynyň Russiýada ABŞ-na garşy diskurslar bilen geçjekdigini aýtmak mümkin. Bu bloklaşma ne Russiýa we ABŞ ne-de sebit ýurtlary üçin bahbitli. Russiýa-ABŞ gatnaşyklarynyň dawa-jenjele öwrülmegi, Russiýa bilen ýakyn ykdysady gatnaşyk edýän ýurtlara hem gönüden zyýan ýetirer. Şol sebäpden iki ýurduň liderleriniň sagdyn pikirli we jogapkärçilikli çemeleşmekleri möhüm.


Etiketkalar: #dartgynlyk , #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar