Kappadokiýada ýerleşýän Göreme açyk Howa muzeýinde onlarça buthananyň bardygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1548583
Kappadokiýada ýerleşýän Göreme açyk Howa muzeýinde onlarça buthananyň bardygyny bilýäňizmi?

Asyrlaryň dowamynda dürli kowumlara we dillere ýer eýeçiligini eden Göreme açyk howa muzeýi diniň taryhy taýdan hem özboluşly ýere eýe. Açyk howa muzeýindäki ululy kiçili buthanalar uly manastyr kompleksini emele getirýär. Meýdanda 11 sany naharha we buthana bar. Howply bolandygy sebäpli 18 buthana girmek gadagan edilipdir.

Göreme açyk howa muzeýinde Gyzlar we Erkekler manastyry, Almaly buthana, Keramatly Basil kapellasy, Keramatly Barbara kapellasy, Keramatly Katerina kapellasy, Garaňky buthana, Çarykly buthana we Tokaly buthana görülip bilner.

Şol buthanalar binagärlik gurluşyna we döwürlerine görä “Sütünli buthanalar” we “Ýylanly buthanalar” görnişinde iki topara bölünýär. Sütünli buthanalar bitewi mazmunly diwar bezegleri bilen bezelen Garaňky buthana, Almaly buthana we Çarykly buthana. Biri birinden garaşsyz, mantyk baglanşygy bolmadyk we kyssasy bolmadyk diwar bezegleri bolan Rahibeler manastyry, Ýylanly buthana, Keramatly Barbara we Keramatly Katerina kapellalary bolsa Ýylanly buthanalar toparyna girýär.


Etiketkalar: #muzeý , #manastyr , #buthana

Degişli Habarlar