Gastranomiýa Şäheri Hataý

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1478368
Gastranomiýa Şäheri Hataý

 

Hataýyň ÝUNESKO-nyň Döredijilikli Şäherler Torunda “Gastranommiýa Şäheri” derejesine eýedigini bilýäňizmi?

8 müň ýyllyk taryhy mirasa eýe bolan Hataýda ýaşap geçen her bir medeniýete we dine degişli köpdürlilik, sebite mahsus gastronomiýa medeniýetiniň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Taryhy hoşboý ysly otlar we Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Hataý, şol bir wagtda-da Messopotamiýa hem-de Ýakyn Gündogara açylýan gapy. Şoňa baglylykda şäheriň baý aşhana medeniýeti, asyrlardan bäri ulanýan aşhana enjamlary we sebitleýin reseptler nesilden-nesile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Hataý, Ortaýer deňizi yklymynyň höküm sürýän we Ortaýer deňizi sebitine mahsus ösümlik gatlagyna eýe bolan sebit. Şol sebäpli Hataýyň aşhanasynda-da ter gök önümleriniň, zeýtun ýagynyň, galla önümleriniň giňden ulanylýandygyny görýäris. Hataý aşhanasyny beýleki aşhanalardan tapawutlandyrýan esasy özboluşlyklardan biri bolsa, naharlarda köpdürli hoşboý ysly otlaryň peýdalanylmagy… Adaty usullarda bişirilýän nahalardan iýip gören myhmanlar, Hataýyň taryhy we tebigy baýlyklarynyň ýanynda aşhana medeniýetini hem ýatdan çykarmaýarlar.

2017-nji ýylyn iýun aýynda ÝUNESKO-nyň Döredijilikli Şäher Torunyň Gastronomiýa bölümine ýüz tutan Hataý, 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan bäri ÝUNESKO-nyň Gastronomiýa Şäher derejesine eýe. Başga bir söz bilen aýdylanda Hataý baý aşhana medeniýeti bilen halkara derejesinde-de bellige alynan şäher…



Degişli Habarlar