Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Çaknyşyk

Ýewraziýa Syn

1461744
Azerbaýjan-Ermenistan Serhedinde Çaknyşyk

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde bolup geçen çaknyşyklar barasnda durup geçmekçi.

2020-nji ýylyň 12-nji iýulynda Ermenistanyň ylalaşygyň düzgünlerini bozup, hüjüm etmegi sebäpli Azerbaýjan-Ermenistan serhedinde çaknyşyk emele geldi. Azerbaýjanyň Towuz sebitinde bolan çaknyşyk henizem dowam edýär. Iki ýurduň arasynda soňky gezek 2016-njy ýylyň aprel aýynda uly çaknyşyk bolupdy. Häzirki wagta çenli Azerbaýjan biri general, jemi 12 harby gullukçynyň we asuda ilatdan 1 adamyň şehit bolandygyny habar berdi. Ermenistan tarapy bolsa 4 esgeriň ölendigini habar beren hem bosla, şol sanlaryň hakykaty beýan etmeýandigi Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň soňky çaknyşyklar hakda ýaýradan wideo ýazgylarynda aç-açan görülýär. Ermenistanyň serhet ýakasyndaky çaknyşyklary Ýokary Garabagyň daşyna çykarmak islemegi, resmi Ýerewanyň täze oýunlaryň kül-külündedigini görkezýär.

Şehitler soňky ýoluna ugradylandan soň Azerbaýjanda halk köçelere çykyp, Garabagyň yzyna alynmagy üçin uly mitingler geçirdi. Soňky günlerde meýletin harby gulluga ýazylan raýatlaryň sany 25 müňden geçdi. Azerbaýjanlylar Garabagy yzyna almakda iňnän ygrarly.

Soňky ýyllarda Ýokary Garanagyň halkara terroryň öýjügine öwrülendigi, Ýakyn Gündogardan partizanlaryň şol ýerde tälim alýandygy hakyndaky habarlar gün tertibine gelýär. Şol habarlar ýerinde derňelmeli. Eger şeýle bolman halatynda Azerbaýjanyň harby goşunlary ýakyn gelejekde dünýäniň dürli ýerlerinden gelen hakynatutma ganhorlara garşy göreşmeli bolar.

Serhetde ýüze çykan çaknyşyklardan soň Prezident Ilham Aliýew Daşary işler ministri Elmar Mämmedýarowy wezipeden boşatdy. 2004-nji ýyldan bäri wezipäni dowam etdiren Mämmedýarowyň wezipeden boşadylmagy resmi Bakuwyň daşary syýasatda, esasanda Garabag meselesiniň çözülmegi üçin has netijeli daşary syýasat alyp barmak, akan gany arassalamak isleýandigini görkezýär.

Başdan geçirilen çaknyşyklardan soň Ermenistan agzasy bolan Kollektiw howpsyzlyk ylalaşygy guramasyndan garaşýan goldawyny tapmadyk bolsa, Türk geňeşi dessine Azerbaýjany goldaýan beýannama çap etdi. Eýrandan daşgary goňşulary bilen dawaly bolan Ermenistan, uruş turaýan halatynda has agyr şertlere duçar bolsa gerek.

Ýokary Garabagyň basylyp alynmagyndan bäri sebitde we dünýäde köp zat özgerdi. Azerbaýjan goranyş taýdan Ermenistandan ençeme esse güýçli. Türkiýe çaknyşyk bolan halatynda Azerbaýjana degişli ähli goldawy berjekdigini beýan etdi. Türkiýäniň soňky döwürde daşary ýurtlarda geçirýän üstünlikli operasiýalary bütin dünýä mälim.

Ermenistanda Nikol Paşinýanyň häkimiýet başyna geçmegi bilen Russiýa-Ermenistan gatnaşyklarynyň durgunlaşandygy görülýär. Resmi Ýerewan bolsa çaknyşyklar ýüze çykan halatynda demirgazykdaky ýaranyndan garaşýan goldawyny tapman biler. Şol sebäpli basyp alyjy Ermenistan meçew beriji aksiýalaryna baş goşmanka gowy pikirlenmeli.

Garabag meselesini çözmek üçin döredilen Minsk toparynyň möwritini doldurandygy äşgär. Meseläniň çözülmegi üçin Türkiýäniň degişli bolmagynda täze bir halkara mehanizm döredilmeli. Mysal üçin Astana üçlügi bu meselä garap biler. Sebäbi Garabag meselesi üç ýurdy hem gönüden gyzyklandyrýar.

Jemläp aýdanymyzda hak ýerine düşüp, Garabag yzyna alynýança göreş dowam eder.



Degişli Habarlar