Mongoliýada geçirilen umumy saýlawlar we onuň netijeleri

Ýewraziýa Syn

1449092
Mongoliýada geçirilen umumy saýlawlar we onuň netijeleri

 

 

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Mongoliýada umumy saýlawlar geçirildi. Saýlawda 13 partiýa, 4 koalisiýa we garaşsyzlar bilen bilelikde jemi 606 dalaşgär bäsleşdi. Häkimiýet başyndaky Mongoliýanyň Halk partiýasy 76 kürsüli parlamente 62 kürsi eýelän bolsa, oppozisiýadaky Mongoliýanyň Demokratik partiýasy 11 kürsi eýelemegiň hötdesinden geldi. Üç kürsüni bolsa beýleki koalisiýalar bölüşdiler. 2 million saýlawçysy bolan ýurtda saýlawa bolan gatnaşyk 73 göterime barabar. Mongoliýada geçirilen saýlawyň birnäçe özboluşlygy bar.

         Ilki bilen Mongoliýa pandemiýa garşy üstünlikli göreş alyp bardy. Saýlawyň asuda geçmegi üçin iýun aýynyň 23-25-i aralygynda Ulan-Batorda alkogolly içgi satuwlary gadagan edildi. Saýlaw güni paýtagtda uzyn saýlaw nobatlarynyň emele gelmegi saýlawçylaryň pandemiýa garamazdan saýlawa ähmiýet berýändigini görkezýär. Saýlaw töwereklerinde saýlawçylara maska we ellik paýlandy. Saýlawda düzgün bozmalar bilen bagly mediada uly habarlara gabat gelinmedi. Mongoliýada geçirilen saýlawlar Günorta Koreýadan soň pandemiýa döwründe-de saýlawyň üstünlikli geçirilip bilinjekdigine mysal görkezmäge mynasyp.

         Saýlawda üstünlik gazanan Mongoliýanyň Halk partiýasy umumy saýlawlarda birnäçe gezek üstün çykmagyň hötdesinden geldi. Mongoliýanyň Halk partiýasynyň saýlawda üstün çykmagynda pandemiýa garşy başarjaň syýasat alyp barmagynyň täsiri uly bolsa gerek. Hytaýyň goňşusy bolan Mongoliýa koronawirusyň ýüze çykan gününden başlap berk çäreler görüp, epidemiýa garşy üstünlikli göreş alyp bardy. Ýurtda epidemiýa sezewar bolanlaryň sany 219 adam. Häzirlikçe adam pidasy ýok.

         Mongoliýanyň Premýer ministri Uhnagiýn Hurelsuhyň saýlawdan üstün çykandygyna garamazdan işiniň ýeňildigini aýtmak kyn. Pandemiýa bilen bilelikde ýüze çykan ykdysady kynçylyklar gelejekde hasam agyrlaşar. Aýratynam Mongoliýanyň Prezident Haltmagiýn Battulga Demokrat partiýanyň dalaşgäri. 26-njy iýunda Mongoliýanyň Prezidenti gelip gowuşan talaplara laýyklykda sesleriň gaýtadan elde sanalmagyny isledi. Emma saýlawyň netijesinde uly tapawut bolmasa gerek.

         Mongoliýadaky saýlawyň beýleki bir özboluşlygy Demokrat partiýanyň Lideri Sondomzundui Erdeneniň saýlaw ýeňilişinden soň wezipeden çekilýändigini beýan etmegi boldy. 1996-njy ýylda häkimiýet başyna gelen we soňky 25 ýylda ýurtda uly işleriň hötdesinden gelen Mongoliýanyň Demokrat partiýasynyň häkimiýet başyna gelmegi üçin käbir syýasatlaryny gözden geçirmegi gerek bolsa gerek.

         Soňky saýlawda zenan dalaşgärler 13 kürsi eýeläp, garaşsyz Mongoliýanyň taryhynda ilkinji gezek şeýle köplüge eýe boldular.

 Mongoliýadaky saýlawda käbir kemçilikler we säwlikler hem boldy. Pandemiýa sebäpli saýlawda daşary ýurtlardaky mongol raýatlary ses berip bilmediler. Pandemiýa uzak dowam eden halatynda saýlaw geçirjek ýurtlar bu meselä çözgüt tapmaly bolarlar.

         Saýlawda üstün çykan Mongoliýanyň Halk partiýasynyň maksatnamasynda sosial döwlet kadasyna üns çekilýär. Partiýanyň maksatnamasynda saglyk ýaly esasy ugurlarda halka ýeňillikleriň derediljekdigi nygtalýar. Pandemiýanyň adamzada goşjak goşantlaryndan biri hem sosial döwlet düşünjesiniň güýçlenmegi bolsa gerek.



Degişli Habarlar