BMG-na Türk Başlyk

Ýewraziýa Syn

1446161
BMG-na Türk Başlyk

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýäniň dalaşgäri Wolkan Bozkyryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlyklygyna saýlanmagy barasynda durup geçmek isleýäris.

2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkiýe tarapyndan geçen ýyl dalaşgärlige hödürlenen Baş ilçi Wolkan Bozkyr 192 ýurduň wekilleriniň 178-niň sesini alyp, BMG-niň 75-nji Sessiýasynyň Başlyklygyna saýlandy. Türk diplomatynyň şeýle abraýly wezipä saýlanmagy diýseň buýsandyryjy waka.

Bozkyryň beýan edişi ýaly saýlaw tapgyry ýeňil bolmady. Onuň dalaşgärligi Günbatar Ýewropa we beýlekiler toparynda ilki tassyklanmadyk hem bolsa, Gresiýanyň, Günorta Kipriň we Ermenistanyň soňradan duşmançylykly çemeleşmegi sebäpli ozalky ýyllarda el çarpyşmalar usuly bilen saýlanan Sessiýanyň Başlygy şu ýyl ses bermek usuly bilen saýlandy. Geçirilen saýlawyň netijesi Türkiýä garşy duşmançylykly çemeleşen ýurtlara hyrçyny dişletdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary işler toparynyň Başlygy Wolkan Bozkyr 1972-nji ýyldan bäri dürli diplomatik wezipelerde işledi. Bozkyr esasan günbatar ýurtlarynda işländigine garamazdan, Ýewraziýa ýurtlary bilen hem ýakyn işleşdi. Türk-Rus Jemgyýetçilik forumynyň egindeşlik başlyklygyny ýerine ýetirdi.

Türkiýäniň Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar toparynyň Başlygy hökmünde Ýewraziýa ýurtlary bilen iki taraply we üç taraply maslahatlaryň geçirilmegini gurady. Ýewraziýa ýurtlarynyň Ankarada işleýän ilçileri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etdi we sebitde ýerleşýän ýurtlara saparlar gurady. Ýewraziýa ýurtlarynyň mejlisleriniň wekilleri bilen özara gatnaşyklary täze derejelere götermek üçin duşuşyklar geçirdi. Türkiýe-Azerbaýjan-Gruziýa, Türkiýe-Russiýa-Eýran, Mejlisiň Daşary gatnaşyklar toparlarynyň üç taraplaýyn maslahatlaryny geçirdi.

Wolkan Bozkyryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlyklygyna saýlanmagy Ermenistandan daşgary ähli Ýewraziýa ýurtlarynda oňyn seslenmer döretdi we habarlar çap edildi.

Kärdeşleri we sebitleýin halkara guramalary gutlag ýüzlenmelerini ugratdylar. Türk geňeşi, TürkPa, TÜRKSOÝ, Türk akademiýasy, Türk medeniýeti we Miras gaznasy ýaly türk dünýäsiniň halkara guramalary Wolkan Bozkyry gutladylar. 2020-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew Wolkan Bozkyry gutlap, BMG-niň taryhynda ilkinji gezek türk dünýäsinden bir resminiň BMG-niň Baş Assambleýasyna başlyklyk etmeginiň taryhy wakadygyny nygtady. Türk dünýäsiniň halkara guramalarynyň mundan beýläk BMG bilen gatnaşyklarynyň hasam ösjekdigini aýtmak ýerlikli bolar.

Mundan ozal türki dilli döwletlerden Gazagystanyň häzirki Prezidenti Kassym Jomart Tokaýew 2011-2013-nji ýyllaryň aralygynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbary wezipesini ýerine ýetiripdi. Wolkan Bozkyryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy wezipesini ýerine ýetirmegi bütin türk dünýäsiniň halakra diplomatiýadaky üstünligi hökmünde kabul edilmeli. Wolkan Bozkyryň Krymyň anneksirlenmegi, uýgur meselesi DKTR-nyň ykrar edilmegi ýaly türk dünýäsiniň BMG-da seredilmeli meseleleriniň çözülmegine goşant goşar. Pandemiýa tapgyrynda dowam edýän adatdan daşary şertlerde işlejek Bozkyra BMG-da global ykdysady çökgünlik, bosgunlar meselesi ýaly uly meseleler garaşýar. 50 ýyla golaý baý diplomatik tejribesi bilen Bozkyryň BMG-nyň funksiýasyny güýçlenmegine goşant goşjakdygyna doly ynanýarys.



Degişli Habarlar