TÜRK ŞYGRYNYŇ TANYMAL ŞAHYRY ISMET ÖZEL

Dost-Doganlygyň Taryhy

1230816
TÜRK ŞYGRYNYŇ TANYMAL ŞAHYRY ISMET ÖZEL

 

Ýalňyş goýberme pursatyn,

Adam ata beren sen,

Bilmen onyň ykbalyndan,

Maňa näçe berdiň sen.

 

         Maşgalanyň iň kiçi çagasy bolmagy, Ismet Özel üçin aýratyn artykmaçlyk berýärdi. Şol artykmaçlyklar, uly agasynyň we aýal doganynyň kitaplaryny, beýleki agasynyň surat çekmek üçin gerekli bolan gurallarynyň hemmesiniň elýeterli bolmagydy. Kitaplaryň we surat çekmek üçin gerek bolan gurallaryň elýeterli bolmagy, arkaýyn ulanyp bilmegi, çagalyk ýyllaryndan başlap sungat älemine aýak basmagyna mümkinçilik döredýär. İsmet Özeliň surat çekäge çagalyk ýyllaryndann başlamagy, surat mugallymy Ali Ryzanyň eden tagallalary bilen baglanşyklydyr. Agasy Şükri bolsa, gündelik syýasy jurnallary öýe getirip, Ismet Özeliň, okamagyny gazanypdyr.

 

         Çagalygy Kastamonyda geçýär. Ilkinji şygyr ýazma synanşyklaryna hem şol ýerde başlaýar. Özüniň gürüň bermegine görä, başlangyç mekdebiň üçünji synpynda okaýan wagty başlapdyr. “Çagalyk ýyllarym Kastamonu şäherinde geçdi. Ankarada çap edilýän bir jurnala öz ýazan goşgularymdan birini iberipdim. Mowzugy hem gyşdy” diýip agzap geçen şol goşgusy ynha şeýle:

 

         Gyş geldi, gar ýagdy,

         Her ýere sowuk geldi.

         İki tarap bolsak,

         Gar zyňyşyp oýnasak.

         Tomus gitdi, güýz gitdi,

         Ýene geldi gyş baba. 

        

Çagalyk ýyllarynda Maksim Gorkiniň kitaplaryndan başlap, Maýk Hammeriň başdan geçirenlerine çenli, eline ilen ähli kitaplary okaýar. Çankyry liseýinde Ataol Behramoýlu bilen bile okaýarlar. Şol ýyllary ýada salan wagty, Ataol Behramolu, Ismet Özeli şeýle ýatlaýar: “(…) Gara reňkli kostýum balak geýinip, Nat King Kolyň sesine öýkünip, kiçijikden inçejik gözli, iňlis dilinde aýdym aýdýan…” Özel şol ýyllarda şygyr ýazýardy.

 

         Özel, entek liseýde okaýan döwürlerinde, liseýleriň arasynda geçirilýän şygyr ýaryşyna gatnaşýar we baýrakly orna mynasyp bolýar. Ýaryşyň emin agzalaryndan Halide Nusret Zorlutuna, Ismet Özele “Sen şahyr bolarsyň, oglanjyk” diýýär. Ankara Gazi liseýinde okuwçy wagtynda şygyr älemine has hem içgin aralaşýar. Ataol Behramoglu bilen şygyr meselelerinde mäşleriniň bişişip başlan döwri hem şol ýyllara gabat gelýär. İsmet Özel birnäçe şygryny Ankara Uniwersitetiniň Hukuk fakultetinde okanýan wagty, aýal dogany Aýsele berip, Ataol Behramogluna gowşurmagyny haýyş edýär.

 

         Liseýi gutaran badyna, 1962-nji ýylda Syýasat ylymlary fakultetine okuwa girýär. Özeliň aňly-düşünjeli durmuş ýolynyň ilkinji ýyllary, şunluk bilen hem sosialit durmuş ýörelgesine aýak basan döwri başlanýar. Fakultetde syýasy mazmunly gürüňler edýändigi sebäpli töweregindäkileriň ünsüni çekmäge başlaýar. Köp wagt geçmänkä hem pikir klubyna çagyrylýar. Ilki başda Müdirler geňeşine, ondan soňra bolsa Jogapkär sekretarlyk we birinji başlyklygyna saýlanýar. Soňraky döwürlerde bolsa Dew-Genç diýilip atlandyryljak Rewolýutsiýoner ýaşlar federatsiýasyna öwrülen, Pikir kluplary federatsiýasynyň döredilmegine işjeň gatnaşýar. Bunyň bilen hem galman, Pikir kluplary federatsiýasynyň senasyny hem ýazýar. Şol bir syýasy pikire gulluk edýän ýoldaşlary bilen bilelikde çykarýan “Özgerişlik” jurnalynyň çapa taýýarlanmagynda, köçelerde satylmagyna işjeň gatnaşýar.     

 

         1963-nji ýylda Türkiýäniň işçi partyýasynyň agzasy bolýar. Partiýada agzalykda duran wagty dürli syýasy işleri amala aşyrýar. Emma, her niçik-de bolsa, syýasat bilen içgin gyzyklanýandygyny, dürli ýerlerde, dürli syýasy işler bilen ýygy-ýygydan meşgullanýandygyny görmek mümkin däldir.

 

         “Ýadaw sentýäbr” atly ilkinji şygryny “Ýelken” jurnalynda çap etdirýär. Yz ýanyndan bolsa “Türk dili”, “Hereket 60”, “Şygyr sungaty”, “Papirus”, “Täze jurnal”, “Halkyň dostlary” ýaly jurnallarda hem şygyrlaryny çap etdirýär.

 

         Ismet Özel, 1964-nji ýylda Bakyrköý halköýüniň gurnan şygyr ýaryşyna gatnaşýar we baýrakly üçünji orna mynasyp bolýar. 1966-njy ýylda “Gijäň bir wagty ylgamak” atly ilkinji şygyr kitaby çapdan çykýar. Kitabyndaky şygyrlarynda, özüne mahsus bolan beýan ediş usullaryny ulanmak bilen ýazylan goşgular ünsiňi çekýär. Özüniň, özi hakyndaky pikirlerini merkezi mowzuk hökmünde ele alýan şygyrlarynda, ýetginjeklik ýyllarynda başyndan geçiren kynçylyklaryny, jynsy taýdan kanagatsyzlyklary, özüniň we bedeniniň ýetmezçilikleri, özüni alyp barşy ýaly ýagdaýlary beýan edýän goşgulardyr.  

 

         Şahsy ynjalyksyzlygy sebäpli, Syýasat ylymlary fakultetindäki okuwuny taşlamaly bolýar. Okuwyny taşlandan soň goşun gullugyna çagyrylýar. 1969-njy ýylda “Hawa”, “Pitne” atly şygyr kitaby çapdan çykýar. Kitapdaky mowzuklar syýasy adalgalardan we dumuş meselelerinden ybaratdy. Mundan öňki kitapda özüniň mhäsiýetleri merkezde ýer alýan bolsa, bu kitapda başga adamlar hem bardy we ýekelik dostluga öwrülýärdi. Ýetginjeklik döwrüniň yşk we söýgi hakyndaky düşünjelerini hem öz içine alýardy.

 

         Goşun gullugyndan gaýdyp gelenden soňra, 1970-nji ýylda, ýoldaşlary bilen “Halkyň dostlary” jurnalyny çykarmaga başlaýarlar. Şeýlelik bilen şol güne çenli ýaşan durmuşyny gözden geçirmäge başlaýar we şol döwürde “Erbet şygyrlar”, “Söýgülime töhmet”, “Propaganda”, “Çözülen syryň gynanjy”, “Esenlik habarnamasy” ýaly şygyrlary ýazýar.    

 

         Şeýlelide dürli ýyllarda, dürli mowzukda şygyrlar ýazan şahyr 2003 ýylda “Jepa çekdiren söýgi” atly kitabynda öňki ýyllarda çap etdiren şygyrlaryndan saýlap alan goşgularyndan we täze goşgularyndan ybarat bolan kitabyny çap etdirýär.

         İsmet Özeliň Alewiler we aýallar hakynda aýdanlaryny tankytlamazlyk mümkin däldir. Emma onyň haýsy syýasy garaýşa degişlidigine garamazdan, eserleri hem tankytçylar hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, ökde şahyr hasaplanandygyny hem ýatdan çykarmak mümkin däldir.

 



Degişli Habarlar