Diýarbakyr geografik ýerleşişi bilen taryh boýu köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini edýär

Türkiýä Gezelenç 12

1166068
Diýarbakyr geografik ýerleşişi bilen taryh boýu köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini edýär

 

Diýarbakyr Türkiýäniň Günorta-gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän şäherlerden biri… Diýarbakyr geografik ýerleşişi bilen taryh boýu köp sanly swilizasiýa ýer eýeçiligini edýär. Şol swilizasiýalaryň yzyna köçelerinde, şaýollarynda, metjitlerinde, buthanalarynda, köprülerinde gabat gelinýär. Diýarbakyrda geçmiş ýitmändir; howasyna, suwuna siňipdir şäheriň.

 

Diýabakyr; Hurrillerden Asurlylara, Perslerden Rimlilere, Wizantiýalylardan Abbasylara, Seljuklardan Osman döwletine çenli 33 medeniýete ýurt bolan şäher. Aziýanyň Messopotamiýa gapysy özboluşlygyna eýe bolandygy üçin taryh boýy söwda merkezi, medeni geçiş sebiti bolupdyr. Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýändigi üçin gündogaryň iň bir kaşaň myhmanhanalary, biri-birinden owadan köprüleri şol ýerde gurulypdyr. Diýabakyr galasy we Hewsel bahjalary şäheriň eýe bolan esasy taryhy we medeni baýlyklary…

Diýarbakyr galasy taryha baş galdyrýan ýaly gelip-geçen ähli medeniýetleriň täsirlerini özünde jemleýär. Wagtyň geçmegi bilen sebitdäki medeniýetleriň we döwrüň isleglerine laýyklykda üssi ýetirilen gala 7000 ýyllyk geçmişe eýe.

5,5 kilometr uzynlygyndaky gala diwarlarynyň gapylarynda, ýazgylarynda, bezeglerinde onlarça medeniýetiň yzyna gabat gelmek mümkin. İki hatar görnüşinde dört gapy bilen daşary açylýan diwarlar Hytaý diwarlaryndan soň dünýädäki iň uzyn diwarlar.

 

Hewsel bahjalary Diýarbakyr galasynyň diwarlary bilen Tigr derýasynyň arasynda ýerleşýän zolakda… Müňlerçe ýyldan bäri ekerançylyk meýdany hökmünde peýdalanylýar; Messopotamiýanyň belkem iň gadymy tohum ammary bolandygy çaklanylýar. Tigr derýasynyň suwunyň azalmagy bilen ýüze çykan bereketli toprakda gadymy döwürlerde ekilen galla ekinlerinden soň Diýarbakyr garpyzy bilen dürli gök we miwe önümleri ýetişdirilýär.

Hewsel bakjalary Günorta-gündogar Anadoly sebitiniň esasy guş jenneti. 180-den gowrak guş görnüşiniň ýany bilen suw andatory, tilki, saňsar, belka we kirpi ýaly köp sanly haýwanyň gaçybatalgasy. Sebit ajaýyp panoramasy bilen hamala diýersiňiz wiziual şou merkezini ýada salýar.

Bu ajaýyp gala diwarlary we bahjalar organiki bitewilige eýe bolandygy üçin bilelikde seljerilip, Türkiýäniň dünýa sanawynda 14-nji mirasy giňişligini emele getirdiler. 2015-nji ýylda UNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna girizilýär.

Diýarbakyra gitmek isleýän gezendelere: galanyň we Hewsel bakjalarynyň ýany bilen taryhy Sipahiler bazaryny, Hasan Paşa myhmanhanasyny, Ulu metjidi, Bibi Merýem buthanasyny, Kerwensaraýy, gadymy Diýarbakyr öýlerini, muzeýi gezip görmegiňizi maslahat berýäris.

Ýerli tagamlardan; ýarma, üwelen et we hoşboý ysly otlardan bişirilýän “nardan aşyny”, guzy eti, kädi we badamjandan bişirilýän “meftunany”, owlagyň gapyrgasyndan bişirilýän “gapyrga dolmasyny” tadyp görmegiňizi maslahat berýäris.



Degişli Habarlar