Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 04

TİKA-nyň Tehniki Infrastrukturadan Konstruktiw Mümkinçiligi Güýçlendiriji Taslamalary

Türkiýäniň Buýsanç Çeşmeleri 04

 

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimizde üç hepdeden bäri Türk Iş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Gullugy TİKA-nyň alyp barýan işleri barada maglumat berip gelýäris. Gepleşigimiziň bu sanynda-da TİKA-nyň taslamalary barada umumy maglumat berip, gurama bagyşlanan bölümleri tamamlarys.

TİKA-nyň Tehniki Infrastrukturadan Konstruktiw Mümkinçiligi Güýçlendiriji Taslamalary

1995-nji ýyla çenli doganlyk ýurtlarda ykdysady, sosial we medeni taslamalary iş ýüzüne geçiren TİKA, şol seneden başlap bilim we medeni hyzmatdaşlyk işlerini alyp barýar. Mälim bolşy ýaly ähli zat ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen başlaýar. Şol sebäpli TİKA 1995-nji ýyldan soň bilim bilen bagly taslamalarynyň gerimini giňeldip, dürli ýurtlarda mekdepleri, kitaphanalary, laboratoriýalary gurup, uniwersitetleriň tehniki üpjünçiligine goldaw berildi.

2000-nji ýyllarda dünýä globallaşdy we globallaşmanyň täsiri gündogardan günbatara bütin sebitde duýuldy. Şol döwürde türki dilli döwletleriň galkynyş depginine laýyklykda TİKA-nyň sebitde iş ýüzüne geçiren taslamalary konstruktiw mümkinçiligi güýçlendiriji taslamalara öwrüldi. Ýurdumyzyň we TİKA-nyň umumy taryhy geçmişe eýe bolmagyň hakly buýsanjy bilen ata-babalarymyzyň ýurdunda iş ýüzüne geçirýän taslamalary dowam edýär.

Ýurdumyzyň dünýäde we sebitinde esasy güýje öwrülmek ugrundaky tagallasynyň bir bölegi hökmünde 2000-nji ýyllardan bäri daşary syýasat düşünjämiz düýpli özgerdi. Şol özgerlişige laýyklykda TİKA iş alyp barýan sebitini hem giňeltdi. 2002-nji ýylda 12 sany bolan Maksatnama utgaşdyryş ofisiniň sany 2011-nji ýylda 25-ä, 2012-nji ýylda bolsa 33-e ýetdi. Türk Iş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Gullugy şu günki günde 59 ýurtda 61 sany Maksatnama Utgaşdyryş Ofisi bile 150 ýurtda iş alyp barýar. Ýurdumyzyň alyp barýan işjeň we durnukly daşary syýasatyna laýyklykda iş alyp barýan ýurtlarymyzyň sany hem günsaýyn artýar. Türkiýäniň TİKA arkaly dost, dogan we garyndaş ýurtlarda alyp barýan işleriniň özeninde parahatçylyk zolagyny döretme tagallasy durýar.

TİKA döwlet edaralarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlyk mehanizmi bolup hyzmat edýär. Olar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, Türkiýäniň galkynyş kömeklerini ýetirýär.

2002-nji ýylda ýurdumyzyň galkynyş kömegi 85 million Amerikan dollaryna deň bolan bolsa, şol san 2017-nji ýylda 8 milliard 120 million dollara çenli ýetdi. Şol bir wagtda Türkiýe dünýäde iň köp ynsanperwer kömegini berýän ýurt.

TİKA ofisrleriniň ýerleşýän ýurtlar bilen bilelikde 5 materikde 150-ä golaý ýurtda iş alyp barýar. Ýurdumyz TİKA arkaly Ýuwaş ummandan Orta Aziýa, Ýakyn Gündogardan we Afrikadan Balkan ýurtlaryna, Kawkazdan Latyn Amerika çenli köp sanly ýurt bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, tejribe alyşýar.

Gepleşigimiziň geljek sanynda ýurdumyzyň beýleki bir buýsanç çeşmesi barada maglumat bereris.



Degişli Habarlar