Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 11

Goranyş senagatynda möhüm göçümler

1095367
Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 11

Türkiýe goranyş senagatynda yzly-yzyna möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Her aý diýen ýaly möhüm taslamalarynyň käbirleriniň üstünikli ýagdaýda durmuşa geçendigini, käbir goranyş senagaty önümleriniň synagdan geçendigini, käbir möhüm taslamalarynyň bolsa gol çekilşik dabarasynyň bolýandygyny görýäris. Üstümizdäki aýyň, ýagny noýabr aýynyň ilkinji 10 gününde köp sanda goranyş senagatynyň durmuşa geçirilendigine şaýat boldyk. 2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda TÜBITAK SAGE harby boýegolowkaly relsli ulgam HABRAS-yň synagy, PULAT ulgamynyň täsirlilik synagy we Şöhle taslamasynyň synaglary üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirildi. Prezident Rejep Taýýip Erdogan bu synaglaryň geçirilen ýeri bolan Milli tehnologiýany özgertmegiň infrastrukturasy atly dabaranyň açylyşynda goranyş senagaty bilen bagly möhüm ýüzlenmeler berdi.  2018-nji ýylyň 4-nji noýabrynda MILGEM taslamasynyň çäginde öndürilen TCG Burgazada F-513 gämisi Deňiz flotyna gowşuryldy. 2018-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Goranyş senagaty edarasy ýurdumyzyň mili önümi bolan Milli harby uçar üçin Milli dwigateliň öndürilmegi programmasynyň şertnamasyna gol çekip, milli harby uçaryň dwigateliniň özgerdilmegi etabyny başlatdy. 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda bolsa ilkinjisi 18 aý soň gowşuryljak 250 sany ALTAÝ tankynyň seriýalaýyn önümçiligi şertnamasyna gol çekildi. Gysga wagtyň içinde durmuşa geçirilen bu işler Türkiýäniň goranyş senagatyndaky üstünlikleriniň nirä ýetendigini görkezýär.

Indi bolsa Türk Harb-iş kärdeşler arkalaşygynyň müdüri Tarkan Zenginiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris...

HABRAS, PULAT, ŞÖHLE TASLAMASY WE SIPER

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Milli tehnologiýany özgertmegiň infrastrukturasy atly dabaranyň açylyşyna gatnaşyp, birnäçe synagyň üstünlikli ýagdaýda geçmegine şaýatlyk etmek bilen galman, eýsem ol ýerde möhüm ýüzlenmeler berdi. Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: “Şu gün bu ýerde biri-birinden möhüm Milli tehnologiýany özgertmegiň infrastrukturasyny we senagat taslamalaryny synagdan geçirmek üçin jemlenişdik. Tankydy taslamalaryň, ýygnanan maglumatlaryň we berilen pullaryň ýurdyň öz içinde galmagyny üpjün edýäris. HABRAS-y inwentara goşmagymyz bilen birlikde goranyş senagatymyz dünýäniň diňe birnäçe ýurdunyň eýe bolan aýratynlygyna eýe bolar. Bu milli taslamalaryň ýüze çykaran önümleriniň ýene-de biri hem PULAT aktiw goranyş ulgamydyr. Bu tehnologiýa Ýaragly güýçlerimiziň iň wajyp bölümlerinden biri bolan taňk bölümimiz üçin örän möhüm bir taslamadyr. Goranyş senagatymyzyň we ýerli tehnologiýamyzyň ýene-de bir önümi bolsa ŞÖHLE taslamasydyr. Ilkinji synagdan üstünlikli ýagdaýda geçen ulgam, öňümizdäki günerde howa ulaglarynda we gämilerde ulanylar” diýip belledi. Prezident Erdogan çykyşynda Milli Uzak aralykly sebitleýin howa goranyş ulgamynyň durmuşa geçirilmäge başlanandygyny hem buşlady. Erdogan adyna SIPER diýip dakylandygyny belläp, ilkinjileriniň 2021-nji ýylyň ahyrynda gowşuryljakdygyny habar berdi.

Täze nesil suwasty gämi Aýdynreisiň ilkinji kebşirleýiş işleri ýerine ýetirildi

MILGEM taslamasynyň çäginde Türkiýäniň ilkinji awianoses (uçar göter) gämieri döwlete degişli bolan Stambul gämi gurluşyk ussahanasynda ýerine ýetirildi. Şol gämileriň 3-njisi bolan TCG Burgazada F-513 gämisi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen, ýagny 2018-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Deňiz flotyna gowşuryldy. 99,5 metr uzynlygynda we 14,4 metr giňliginde bolan gämi, 2 müň 400 tonna agyrlyga eýe. Ýangyç doldurylmadan şol bir ýokary tizlik bilen 6 müň 485 kilometr ýol geçip bilmek mümkinçiligine eýe bolan gämi, 10 gün deňizde galyp biler. TCG Burgazada F-513 gämisi, suwyň üstünde we suwyň astynda duşman ulaglaryna garşy goranyp bilýär, howa ulaglarynyň hüjümlerinden goranyp bilýär, razwedka, dolandyryş, kontrol we assimetrik goranyş tilsimlerini ýerine ýetirip bilýär.

TCG Burgazada F-513 gämisiniň gowşurylyş dabarasynyň geçirilýän mahaly, Prezident Erdogan ol ýerde guruljak Täze nesil suwasty gämisi boljak Aýdynreisiň ilkinji kebşirleýiş işlerini ýerine ýetirdi. Täze nesil suwasty gämisi Aýdynreis, goşmaça ýangyç doldurylmadan okeany geçip Amerika gidip yzyna gaýdyp gelip bilmek mümkinçiligine eýe bolar. Gämi Türkiýäniň Deňiz flotynyň güýjüne güýç goşar.  Aýdynreis suwasty gämisiniň uzynlygy 68 metr, beýikligi 13 metr we agyrlygy 1 müň 850 tonna bolar.

Milli söweş uçaryna milli dwigatel programmasy

Bilişiňiz ýaly ýerli senagat önümleriniň maksimal derejede ulanylýan ýurdumyzda Milli harby uçar taslamasy dowam edýär. Taslama bilen Harby howa güýçeri serkerdeliginiň 2030-njy ýyllardan soňky uçar ätiýajynyň ýurdyň öz içinde özboluşly ýagdaýda üpjün edilmegi üçin işe girişildi. Indi bolsa bu uçara milli dwigatel öndürmek maksady bilen Goranyş senagaty edarasynda 2018-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Milli söweş uçaryna milli dwigatel programmasy şertnamasyna gol çekilşik dabarasy geçirildi. Milli harby uçaryň dwigateliniň ýerli bolmagy we dolulygyna özboluşly bir dwigateliň öndürilmegi maksat edinilýär. Taslamanyň esasy maksady bolsa dwigateliň hiç bir daşary ýurdyň çäklendirmesine sezewar galmazlygydyr.  

Altaý taňkynyň seriýalaýyn önümçiligi

Türkiýäniň Gury ýer goşunlarynyň häzirki zamananyň zerurlyklaryna bap geljek döwrebap milli taňklara eýe bolmagy üçin eýýäm ençeme wagt bäri işler geçirilýär. Goranyş senagaty edarasy 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Altaý taňkynyň seriýalaýyn öndürilmegi bilen bagly şertnama gol çekdi.  Ylalaşyga laýyklykda seriýalaýyn önümçilik liniýasynyň gurulmagy we 250 sany Altaý taňkynyň öndürilmegi barada karar kabul edildi. Ilkinji taňkyň Türkiýäniň Gury ýer goşunlaryna 18 aý soň gowşurylmagy maksat edinilýär.

Siz gepleşigimiziň bu günki sanynda Türk Harb-iş kärdeşler arkalaşygynyň müdüri Tarkan Zenginiň Goranyş senagatynda möhüm göçümler atly synyny diňlediňiz...


Etiketkalar: #Altaý , #taňk , #uçar

Degişli Habarlar