Aktual Analiz 44

Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen dörttaraplaýyn maslahat

1080914
Aktual Analiz 44

Stambulda Fransiýanyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen dörttaraplaýyn maslahatda Siriýada parahatçylygy ýola goýmak üçin konstitutsiýa toparynyň döredilmegi barada möhüm karar kabul edildi. Kabul edilen kararlar başlangyç hökmünde nahili möhüm hem bolsa, Siriýada has uly meseleler bar. Şol çäkde Siriýa-Yrak serhedinde terror guramalary DAIŞ bilen ÝPG-niň arasynda dowam edýan çaknyşyklar, Siriýa-Türkiýe serhet liniýasynda ÝPG tarapyndan edilýän hüjümler we Türk ýaragly güýçleri tarapyndan bombalanýan ÝPG-ä degişli pozisiýalar we Idlib welaýatyndaky toparlaryň arasynda dowam edýän çaknyşyklar Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin iňňän köp işiň edilmelidigini görkezýär.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Stambulda duşuşan 4 ýurduň liderleri Siriýada parahatçylygy ýola goýmak üçin möhüm kararlary kabul etdiler. Esasanda uzak möhletden bäri döredilmek islenýän konstitutsiýa toparynyň döredilmegi üçin kabul edilen karar Siriýanyň geljegine düýpli täsir ýetirer. Konstitutsiýanyň täze tekstiniň ýazylmagy Siriýada parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan möhüm bolsa-da, düýpli çözgüt bolmandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. Konstitutsiýanyň ýazylmagyndan soň konstitutsiýanyň Siriýanyň halky tarapyndan kabul edilmegi üçin köp sanly bökdençlik bar. Millionlarça siriýalynyň daşary ýurtlarda bolmagy, millionlarça siriýalynyň ýurduň başga ýerlerine göçmegi we siriýalylaryň hökümetiň çemeleşmesi sebäpli pasport hem-de beýleki resminamalary almakda kynçylyk çekýän şertlerinde saýlawyň geçirilmegi iňňän kyn boljaga meňzeýär. Kabul edilen beýleki kararlaryň arasynda Idlib üçin gazanylan ylalaşygyň we terror guramalaryna garşy göreşiň dowam etdirilmegi boýunça ylalyşmagy hem möhüm. Şeýlelikde ÝPG ýaly Siriýanyň territorial bitewiligine howp salýan terror guramalarynyň öňüni almak taýdan Türkiýäniň edýän tagallasy diplomatik taýdan hem üstünlikli netije berýär.

Siriýadaky wakalara ser salanymyzda bolsa Siriýa-Yrak serhedinde terror guramalary ÝPG bilen DAIŞ-iň arasynda dowam edýän çaknyşyklarda täze şertler ýüze çykdy. ÝPG-niň ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Italiýanyň ýörite desant güýçleriniň goldawy bilen DAIŞ-iň gözeçiligindäki Hajine garşy birnäçe aý ozal operasiýa başladylypdy. Sebitde bolan tupandan peýdalanan DAIŞ, ÝPG-niň ele geçirmek üçin birnäçe aýlap göreşen ýerlerini birnäçe günüň dowamynda ele geçiripdi. DAIŞ-iň gazanan üstünlikleri bilen birlikde DAIŞ-iň ýaranlary ýaňadandan Yragyň serhetýakasyna ornaşdylar. Yrak tarapynda bolsa DAIŞ-iň guramagy ähtimal hüjümine garşy çäre görülip, serhetýakasyna Haşdi Şabi güýçleri ornaşdyryldy. DAIŞ-iň birnäçe ýeri almagyndan soň sebite goşmaça güýç ugradan ÝPG, halkara hyzmatdaşlygynyň berýän goldawyna garamazdan DAIŞ-i yza serpikdirip bilmedi. DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen özüni legallaşdyran ÝPG-niň DAIŞ-i doly ýok etmek isleginiň näderejededigi hem esasy soraglardan biri bolmagynda galýar.

ÝPG-niň Siriýanyň günorta-gündogarynda DAIŞ-e garşy göreşde agyr ýitgi çekmeginden soň Siriýanyň demirgazygynda Türkiýe bilen serhet liniýasynda käbir uly bolmadyk çaknyşyklar hem-de Türk ýaragly güýçleriniň bombardymany başdan geçirildi. Aýn Al Arabyň günbataryndaky serhet liniýasyndaky esasy depeleriň üstünde Türkiýä howp emele getirip biljek ÝPG-ä degişli pozisiýalar türk artilleriýasy tarapyndan derbi dagyn edildi. Soň bolsa Tal Abýad serhet zolagynda türk goşuny bilen ÝPG terrorçylarynyň arasynda çaknyşyk boldy. Ertesi güni Aýn Al Arabyň günbatarynda urlan ÝPG-ä degişli pozisiýalaryndan Türkiýe serhediniň içindäki sowutly ulaga garşy gönükdirilme ukybyna eýe bolan anti-tank raketasy atyldy. ÝPG-niň resmi hasaplaryndan berilen beýanatlarda hüjümiň wideo ýazgylary ýaýradyldy. Başdan geçirilen şol wakadan soň ÝPG-niň Hajin etrapçasynda DAIŞ-e garşy operasiýasyny Türkiýäniň bombardymany sebäpli bes edendigini habar bermegi, aslyna seredilende ÝPG-niň DAIŞ-i öz maksatlaryna nähili peýdalanýandygyny görkezýär.

Beýleki bir mesele bolsa Idlib welaýatynda başdan geçirilen çaknyşyklar. Soçi ylalaşygy bilen birlikde Idlibe guralmagy ähtimal hüjümiň öňi alynypdy. Golaýda Idlib welaýatynda terror guramasy Heýet Tahriruş Şam bilen Nureddin Zengi hereketiniň arasynda çaknyşyklar body. Siriýaly oppozisionerleriň Heýet Tahriruş Şam bilen çaknyşygy uzak dowam etmedik hem bolsa, sebitdäki dinamikalaryň nähili çylşyrymlydygyny görkezýär. Siriýada parahatçylygy üpjün etmek üçin İdlibde durnukly parahatçylygy üpjün etmek iňňän möhüm.



Degişli Habarlar