Aktual Analiz 40

Idlibe guralmagy ähtimal we bütin dünýäni aladalandyran harby operasiýanyň guralmagy ähtimallygynyň öňi alyndy

1063943
Aktual Analiz 40

 

Soňky günlerde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan Idlib meselesiniň Soçidäki maslahatda gazanylan ylalaşyga laýyklykda çözülmäge synanşylmagy möhüm başlangyç hökmünde kabul edilýär. 3,5 million ilaty bolan Idlibi hökümete degişli güýçleriň hüjüminden goramak iňňän möhümdi. Türkiýäniň tagallalary we egilşiksiz pozisiýasy netijesinde Idlibe guralmagy ähtimal we bütin dünýäni aladalandyran harby operasiýanyň guralmagy ähtimallygynyň öňi alyndy.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet gaznasy SETA-nyn ylmy barlagçysy-ýazyjy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe bilen Russiýasynyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Idlibdäki front liniýasynyň ugrunda 15-20 kilometr içerde ýaraglardan saplanan zolagyň döredilmegine karar berildi. Şol çäkde hem oppozisionerler hem-de hökümete degişli agyr ýaraglar çekiler we terror guramalary sebitden saplanar. Şeýle-de strategik ähmiýete eýe bolan Latakiýe bilen Damasky Halaba birikdirýän M4 we M5 ulag ýollary ýaňadandan ilatyň ulanmagyna açylar. Türkiýe we Russiýa Soçide möhüm ylalaşyk gazanan hem bolsa, onuň iş ýüzüne geçirilmeginde käbir bökdençlikler ýüze çykyp biler.

Russiýanyň jogapkärçiligindäki ýerler üçin esasy kynçylygy Eýran tarapyndan goldanýan şaýy ýaragly toparlar emele getirýär. Şeýlelikde Eýranyň Soçidäki maslahata gatnaşmazlygy Soçi ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirilmeginde Eýran bökdençliginiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Eýran bilen Siriýanyň hökümeti Soçi ylalaşygyny goldaýandyklaryny beýan eden bolsalar, hem Eýranyň hem-de Siriýanyň hökümetiniň Idlib üçin has maksimalist çemeleşýändigi mälim. Russiýa ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin Eýran tarapyndan goldanýan şaýy söweşijiler bilen ylalaşmaly bolar.

Idlibde ylalaşykdan soň hökümete degişli ýerlerden oppozisiýa degişli ýerlere wagtal-wagtal od açylmagy we hökümetiň İdlib front liniýasyna getiren ýaraglaryny yzyna çekmezligi Russiýanyň belli bir derejede kynçylyk çekýän ilkinji görkezijiler.

Türkiýe taýdan bolsa Soçi ylalaşygynň iş ýüzüne geçirilmeginiň öňündäki esasy bökdençlik sebitdäki güýçleriň Türkiýe bilen utgaşykly hereket edip-etmezligi. Idlib welaýatyndaky esasy harby güýç bolan we Türkiýe tarapyndan goldanýan Milli azat edijilik fronty ýaýradan jarnamasy bilen Soçi ylalaşygy üçin Türkiýe bilen bilelikde işleşmäge taýardygyny, emma Russiýa, Eýrana we Siriýanyň hökümetine ynanmaýandyklaryny beýan etdi.

Türkiýe jähtinden Soçi ylalaşygynyň iş ýüzüne geçirilmeginiň öňündäki ýüze çykmagy ähtimal kynçylyk sebitdäki radikal güýçler. Aslyna seredilende Idlibdäki radikal güýçleri iki bölege bölmek mümkin. Birinji topary Heýet Tahrir Al Şam emele getirýän bolsa, iki toparda bolsa ululy-kiçili beýleki radikal toparlar bar. Heýet Tahrir Al Şamyň Idlibde asuda ilatyň ynamyna girmek ugrunda edýän tagallasyny dowam etdirmegine garaşylýar. Şol bir wagtda Heýet Tahrir Al Şam öz ideologik bähbitlerine laýyklykda parasatly oppozisiýa we Türkiýe bilen deňagramly syýasat alyp barmaga çalyşýar. Şeýlelikde Heýet Tahrir Al Şamyň Soçi ylalaşygy baradaky kararyny beýan edýän jarnama çap etmegi möhüm ähmiýete eýe. Soçi ylalaşygynň iş ýüzüne geçmegi üçin Heýet Tahrir Al Şam ýaraglardan saplanan zolakdan çykmagy kabul edip biler.

Emma Hurruş Ad Din ýaly has radikal we gönüden Al Kaýda tabyn topalar bolsa Soçi ylalaşygyny ykrar etmeýändiklerini aç-açan beýan etdiler. Şol çäkde Türkiýe özüne ýakyn toparlar bilen bilelikde şeýle guramalara garşy degişli çäreleri görmeli bolar.

Siriýanyň esasy bölegini terror guramasy DAIŞ-den we PKK/PÝD-den saplan Türkiýäniň Soçi ylalaşygyna laýyklykda hem-de öz milli bähbitlerine görä İdlibi hem orta we uzak möhletde terrordan saplajakdygyny beýan etmek ýerlikli bolar. Türkiýäniň terrorçylyga garşy alyp barýan göreşinde İdlib siriýalylaryň ýaşamagy üçin täze bir giňişlige öwrülip biler.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet gaznasy SETA-nyn ylmy barlagçysy-ýazyjy Jan Ajunyň Soçi ylalaşygy baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.  



Degişli Habarlar