Türk Daşary Syýasatyna Syn 39

Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda dartgynlaşan hem bolsa soňky aýlarda gatnaşyklar kadalaşmaga başlady

1059135
Türk Daşary Syýasatyna Syn 39

 

 

Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda dartgynlaşan hem bolsa soňky aýlarda gatnaşyklar kadalaşmaga başlady. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda soňky wakalara laýyklykda Türkiýe-Germaniýa gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Karatekin uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe taýdan Germaniýa bilen gatnaşyklar soňky birnäçe ýylda ýakyn döwürde diýseň dartgynlaşdy. Geçmişden biziň günlerimize çenli iki ýurduň arasynda başdan geçirilen ýokary derejeli dartgynlyklar wagtal-wagtal duýulýan hem bolsa, uzak möhletli we ulgamlaýyn çäkde soňky üç ýylda bolşy ýaly dowam etmedi.

“Der Şpiegel” žurnalynyň Germaniýanyň Federal howpsyzlyk gullugy BND-niň 2009-njy ýyldan bari Türkiýäniň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň telefon söhbetdeşligini diňländigini habar bermegi bilen gatnaşyklar onsuz hem dartgynlaşypdy. Soň 2016-njy ýylda nemes satiraçysy Jan Bohmermannyň Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan barada ýazan kemsidiji goşgusyna garşy Germaniýanyň degişli guramalarynyň derňew işini gozgamak beýlede dursun, söz azatlygy taýdan Bohmermanna eýe çykmagy uly dartgynlygyň başlangyjy boldy. Şondan birnäçe aý soň Germaniýanyň Federal Mejlisinde toslama ermeni gyrgynçylygyny ykrar eden kanun taslamasyny kabul etmegi sebäpli diplomatik gatnaşyklara agyr zarba uruldy. Ankaranyň jogap hökmünde şol hepdelerde Germaniýanyň Goranmak ministriniň İnjirlik harby howa bazasyna baryp görmek baradaky talabyny ret etmegi, halkara mediada seslenme döreden wakalardan biri boldy. Nemes hökümeti tarapyndan Federal Mejlisiň kararynyň kanuny güýjüniň bolmandygy beýan edilen hem bolsa, dartgynlyk möwjemäge dowam etdi.

Germaniýa düşnüksiz ýagdaýda Türkiýäniň terror guramalary PKK we FETÖ garşy göreşinde Ankara garşy durýan başlangyçlary etdi. Adybir terror guramalarynyň agzalaryny ýurdunda kabul edip, yzyna berilmegini we jenaýat jogapkärçiligine çekilmegini kabul etmedi. Türkiýäniň şol terror guramalary bilen göreşinde ozaldan bäri oňaýsyz çemeleşýändigi bilinýän resmi Berliniň Türkiýä garşy işlerini gizlemek hem islemeýändigi bolsa ünsleri çekýärdi.

Berlin şol tapgyrda Türkiýede guralan agdarlyşyk synanşygyny ýazgarmakda diýseň islegsiz çemeleşdi. Agdarlyşyga gatnaşan adamlary sebäpsiz ýagdaýda yzyna bermedi we olara hemaýat etdi. Bu wakalar; resmi Berliniň türk hökümetine garşy pozisiýasynyň nähili bolanda-da pespäl göreşe öwrülendigi garaýyşyny ýüze çykardy. Eýsem agdarlyşyk synanşygynyň yz ýanyndan ýurda sygynan we Germaniýada ýaşamagyna rugsat berilen türk daşary işler ministrliginiň we harby goşunyň ozalky işgärleriniň sanynyň 900-e golaýlandygyna garamazdan yzyna ugradylmandygy belliklerde bar. Türkiýäniň möhüm meselelerinden bolan terrorçylaryň yzyna berilmegi baradaky islegine garşy nemes kazyýet organlary syýasy pozisiýa eýeläp, Türkiýäniň oppozisionerleri basyş bilen gözegçilik astyna almaga synanşýandygyny we şol sebäpli İnterpoldan erbet niýetli peýdalanmaga dowam edýandigini öňe sürýär.

2016-njy ýylyň iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Germaniýadaky türkler bilen wideo şekilli saýlaw mitingini geçirmek baradaky islegini kabul etmezligi özara gatnaşyklardaky dartgynlygy ýene-de bir gezek ýüze çykardy.

Nemes tarapy Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşinde adam hukuklarynyň çäklendirilýandigini we demokratik ýörelgeleriň ýeterlik berjaý edilmeýändigini öňe sürýar. Şol garaýyşa seretmezden Germaniýada ýaşaýan türklere garşy edilýän rasist we ekstremist çemeleşmelere degişli çareleri görmeýändigi, içeri işler we kazyýet organlary tarapyndan derňew işleriniň üssüniň ýapylmagy ne nemes metbugatynda ne-de dünýa mediasynda ýeterlik derejede “antidemokratik” hasaplanylmaýar!

Esasanda türk raýatlarynyň öldürilmegine garşy başladylan we geçen aýlarda tamamlanan NSU rasizm kazyýet işi bolsa başyndan ahyryna çenli hukuky çaprazlykdan ybarat. Onrlarça türküň jenaýada gurban edilen we gyrgynçylyklaryň nemes döwletiniň düzümindäki nasist toparlar tarapyndan goldanandygy tas kesgitlenendigine garamazdan birnaçe pes derejeli döwlet gullukçysyndan başga hiç kime jeza berilmedi we gurama ýüze çykarylmady. Ol hem jenaýatda günäkärlenýänleriň resmi Berlin tarapyndan goralýandygy baradaky pikirleri güýçlendirýar.

Bu dartgynlyk syýasatynyň durmagyna sebäp bolan waka iki ýurduň hem ABŞ bilen başdan geçirýän düşnüşmezlikleri boldy. ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Germaniýa we Türkiýä garşy ykdysady hem-de howpsyzlyk taýdan eýelän biynjalyk ediji pozisiýasy Ankara bilen Berliniň ýakynlaşmagyna sebäp boldy. Esasanda Türkiýede walýuta sebäp başlan ykdysady durnuksyzlyklaryň bankçylyk pudagyna bütin Ýewropa ýaramaz täsir ýetirme ähtimallygy Germaniýanyň Türkiýäniň ýanynda durmagyna sebäp boldy. Başdan geçirilenleriň ikisem NATO agza bolan ýurtlaryň ABŞ tarapyndan ozalky hyzmatdaşlyk kepillendirmeleriniň derňel döwründe has ýakyn şertlerde jebisleşme mejburlygyny ýüze çykarýar.

Onuň soňky mysaly Germaniýanyň Maliýe ministri Olaf Şulzyn fransuz kärdeşi bilen şu hepde Türkiýä guran saparynda görüldi. Duşuşyklarda ýurtlaryň söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we walýuta sebäpli ýüze çykan durnuksyzlyklaryň dowamynda Germaniýanyň Türkiýaniň durnuklylygynyň goralmagy baradaky pozisiýasyny ýene-de bir gezek beýan edildi. Şeýle waka meňzeş hadysa bolsa öňki hepde Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat sekretary İbrahim Kalynyň guramagynda nemes, fransuz we rus wekileriň gatnaşmagynda İdlib meselesi boýunça Stambulda geçirilen maslahatda başdan geçirildi. İdlibe guralmagy ähtimal operasiýa bolsa göç tolkunyny ýüze çykarma howpy sebäpli Germaniýany aladalandyrýan esasy daşary syýasat ugurlaryndan biri.

Türkiýäniň Ýewropadaky köne hyzmatdaşlaryndan biri bolan Germaniýa bilen düýpli geçmişi bolan syýasy, ykdysady, harby we gumanitar ugurlary bolan köpugurly gatnaşyklary bar. Gatnaşyklar köp sanly serhetdeş ýurtdan has ýygy. Ýokary derejedeli iki taraply saparlaryň ýany bilen tehniki derejelerdäki gepleşikler kadaly geçirilýär. Meseleleriň çözülmegi we gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin dialog ýollarynyň açyk bolmagyna üns berilmeli. Soňky günlerde umumy howp şertleriniň iki ýurduň gatnaşyklaryna itergi bermegi Türkiýe tarapyndan ÝB-ne agzalyk tapgyryna ýaňadandan girişmek baradaky çykyşlaryň edilmegine alyp geldi. Artýan daşarky howplar Berliniň Türkiýe boýunça has ünsli syýasat alyp barmagyny hem talap edýär.



Degişli Habarlar