Aktual Analiz 29

Türkiýäniň ynsanperwer kömek we bosgun syýasaty

1016492
Aktual Analiz 29

Türkiýäniň ynsanperwer kömek we bosgun syýasaty dünýäde 1-nji orunda bolup, bütin dünýä adamzat sapagyny berýär. Türkiýe bir tarapdan dünýäde iň köp ynsanperwer kömek beren ýurt hökmünde, adama sarpa goýmagyň, paýlaşmagyň we kömek etmegiň nähili edilmelidigini bütin dünýä gökezýär. Türkiýäniň adama sarpa goýýan daşary syýasat pozisiýasy, adam hukuklary diýen bolup gapylarynyň arkasyna gizlenýän ýurtlaryň tersine, adama adam bolandygy üçin sarpa goýmagyň nähili bolmalydygyny beýleki ýurtlara nusga görkezýär. Türkiýäniň şol bir wagtda iň köp bosgun kabul eden ýurt bolmagy, Türkiýäniň pozisiýasynyň tapawutlydygyny orta goýýar.

Global Ynsanperwer kömek 2018 habarnamasyna görä Türkiýe geçen ýyl iň köp ynsanperwer kömek beren ýurt boldy. Dünýäniň iň jomart ýurdy hökmünde saýlanan Türkiýe adam başyna düşýän milli girdejisiniň 0,85 göterimine deň gelýän ynsanperwer kömek berdi. Milli girdejä görä Türkiýeden soň iň köp ynsanperwer kömek beren ýurtlar 0,17 göterim bilen Lýuksemburg we Norwegiýa boldy.

     

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

 

Merkezi Britaniýada ýerleşýän Galkynyş insiatiwalary guramasynyň habarnamasyna görä Türkiýe geçen ýyl 8,07 milliard dollarlyk ynsanperwer kömek berip, dünýäde iň köp ynsanperwer kömek beren ýurt boldy. Türkiýeden soň iň köp ynsanperwer kömegi 6,68 milliard dollar bilen, ABŞ ýerine ýetirdi. ABŞ-niň ýerine ýetiren ynsanperwer kömegi milli girdejisine görä 0,04 göterime barabar boldy. ABŞ-den soň iň köp ynsanperwer kömek ýerine ýetiren ýurt 2,52 milliard dollar bilen Germaniýa boldy.

Türkiýäniň ynsanperwer kömek boýunça beýleki ýurtlara garanyňda öňde bolmagy, Türkiýäniň adamy adam ýerine goýýan daşary syýasat alyp barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkiýe dünýädäki tapawutlylygy orta goýýar. Adam hukuklary we demokratiýanyň tarapdarydyklaryny öňe sürýän ýurtlaryň ynsanperwer kömekde Türkiýeden örän yzda bolmaklary, öňe sürýänleriniň hakykata bap gelmeýändiginiň iň açyk subutnamasydyr. Türkiýäniň bolsa ynsanperwer kömek babatynda beýleki ýurtlara garanyňda örän öňde bolmagy, Türkiýäniň adam hukuklaryna söz bilen dälde ýüregi bilen sarpa goýýandygyny subut edýär.

 

Ynsanperwer kömege goşmaça Türkiýäniň şol bir wagtda dünýäde iň köp bosguna gujak açan ýurt bolmagy, Türkiýäniň tapawduny ýene-de bir gezek orta goýýar. 3,5 million bosguna ýer eýeçiligini eden Türkiýäniň dünýädäki ençeme ýurtdan tapawutlylykda, adamzat we wyždan taýdan hereket edeýändigini görkezýär, Türkiýe ençeme ýurtdan tapawutlylykda hem bosgun bolup ýurdyna sygynan adamlara sarpa goýýar, hem-de serhediň beýleki tarapyndaky adamlara ynsanperwer kömek berýär.

Esasan hem dünýäde rasizmiň artan, bosgunlara garşy berk syýasatyň alynyp barylýan we adamlaryň Ortaýer deňizinde ölmegine tomaşa edilýän bir döwürde Türkiýäniň pozisiýasy adamzat taýdan uly abraýdyr. Türkiýedäki aşa köp bosgun ilatyna garamazdan, ýurtda syýasy durnuksyzlygyň başdan geçirilmezligi we rasizmiň artmazlygy, dünýädäki bosgunlara garşy argumentleriň hakykata bap gelmeýändigini subut etdi. ÝB-däki we ABŞ-däki bosgun krizisiniň aslyna garanyňda rasizm we daşary ýurt duşmançylygy krizisdigini görkezýär.

Mysal üçin Germaniýadaky hökümetiň başyndaky dogan partiýalar hökmünde saýlawlara bile gatnaşan Hristian demokratlar we Hristian sosialistleriň bilelikde bolmagy taryhyndaky iň uly krizisi, Hristian sosialistleriň bosgunlara garşy has berk syýasat talap etmeginden gözbaş alýar. 550 milliondan gowrak ilata eýe bolan ÝB-niň sebitine Türkiýedäki bosgun sanynyň 1/3-niň gelmegi bütin ÝB-de uly krizisiň döremegine sebäp boldy we Ýewropa ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklara howp abandyrdy. ÝB ýurtlarynda aşa sagjy partiýalaryň alýan sesleri artdy we ençeme ýurtda 2-nji ýa-da 3-nji iň uly syýasy partiýa öwrüldi.

Türkiýede bolsa ÝB-den 3 esse has köp bosgun bolmagyna garamazdan, bosgun krizisi başdan geçirilmeýär. Türkiýedäki bosgunlar bilen baglanşykly adamzat pozisiýasynyň gözbaşy Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň tutanýerliliginden gaýdýar.

 



Degişli Habarlar