Global Perspektiwa 22  Kim ýa-da Nämä “Parasatly Yslam”

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa 22   Kim ýa-da Nämä “Parasatly Yslam”

 

Kim ýa-da Nämä “Parasatly Yslam”

Wagtal-wagtal käbir merkezler, käbir ýurtlaryň howpsyzlyk gulluklary hakykaty tersine öwürmek üçin galp diskussiýalar bilen gün tertibini kesgitleme tagallasyna girişýär. Eýsem taryh bize “günüň palçyk bilen suwalmaýandygyny” görkezýär we hakyky gün tertibi wagty gelende özüni orta goýýar.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Muňa getiriljek anyk mysallardan biri “parasatly yslam” diskussiýasydyr. Günbatarda ýakyn döwürde başdan geçirilen wakalaryň günbatar we adamzat üçin elhenç howplydygyna garamazdan gün tertibinde yzgiderli häsýetde “parasatly yslam” diskussiýalary getirilýär. Günbatar 2-nji Jahan urşundan ozal özi we adamzat üçin emele getirýan howpyny görmän, yzgiderli häsýetde ýehudiligi gün tertibine getirişi ýaly, indi hem getirýän tümlügini, neo-nasizmi, neo-faşizmi görmän, “parasatly yslamy” ara alyp maslahatlaşýar. 300 fransuz aslyna seredilende günbatar kesellerinden bolan basyşa we ýehudi duşmançylygyna gönükdirýändigi sebäpli gurhandan käbir aýatlaryň çykarylmagy üçin jarnama gol goýýar. Emma şol intelligentler ABŞ-nyň ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegine garşy duran palestinalylara Ysraýylyň adam hukuklaryna, halkara jemgyýetçiligine we adamzadyň wyždanyna garamazdan gönüden od açmagyna, onlarça adamy şehit etmegine, müňlerçesini ýaralamagyna dymmak bilen syn edýar. Eýsem şundan uly basyş, rasizm, yslam we adamzat duşmançylygy bolup bilermi?

Parasatly yslam diýlende göz öňünde tutulýan zat; diniň adyndan terrorçylyk edýän, ýaşaýan sebitinde haýsydyr bir ynsanperwer, ahlak, wyždan, din çägini ykrar etmeýän dürli terrorçylyklary amala aşyrýan guramalara garşy göreşmek bolsa, oňa aňy-huşy ýerinde bolan hiç kim garşy durmaz. Emma ony parasatly yslamyň hökmanyly däl, eýsem terrorçylyga garşy göreş hökmünde atlandyrmak ýerlikli bolar. Terror kimiň ýa-da nämäniň adyndan edilse edilsin, terrordyr. Terminlleşdirme dogry bolmaly. Şeýlelikde soňky wagtlarda artan hristiýanlykdan gözbaş alýan terror aksiýalary “parasatly hristiýanlyk” hökmünde jedelleşilmeýar. Şonuň ýalyda Ysraýylyň BMG-niň kararlaryna we bütin adamzadyň wyždanyna garşy onlarça ýyldan bäri palestinalylara edýän basyşy we terrory “parasatly ýehudilige” bolan islegiň çäginde seljerilmeýär.

Praktika seredilende “parasatly yslam” diskursynda göz öňünde tutulýanyň terrora garşy durmak bolmandygy aç-açan görülýär. Maksat terrory ýok etmek bolanda dinler, ideologiýalar ýa-da imperialist tagallalardan, nireden gelse gelsin terrora garşy bilelikde göreşmek we çemeleşmek kyn bolmasa gerek.

Iş ýüzündäkilere, haýsy ýurtlaryň ýa-da howpsyzlyk merkezleriniň nähili pozisiýa eýeleýändiklerine, kime goldaw berýändigine seredilende “parasatly yslam” diskursy imperialist bähbitleri gizlemegiň, bigünä ýurtlaryň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny ogurlamagy, basyp almagy, zulumy, ölümi, ýurtlaryndan sürülmeleri gizlemegiň serişdesi hökmünde peýdalanylýar. İmperialist ýurtlar öz bähbitleri üçin Ýakyn Gündogarda at çapdyrýan bolsalar, sebitiň adamlary we ideologiýalary ýene-de günäkär ýaly görkezilýär.

Sebitiň adamlarynyň özleriniň ekspluatirlenmegine näme üçin ýol berýändikleri, özlerinden gelip çykýan kemçilikler şübhesiz seljerilmeli. Emma olaryň üstündäki global imperialist tagallalary hem ýüze çykarmaly.

FETÖ, DAIŞ, PKK, PÝD ýaly terror guramalarynyň gatnaşyklar toruna, eýe bolan ýaraglaryna seredilende şol guramalaryň käbir günbatar ýurtlarynyň howpsyzlyk gulluklary bilen hyzmatdaşlyk edýändikleri ýüze çykýar.

Käbir günbatar ýurtlary öz halklary tarapyndan hem islenmeýändigine garamazdan musulman ýurtlarda basyş ediji usullar bilen iş alyp barmakdan çetde durmaýar. Köp sanly günbatar ýurdy Ysraýyldan başga Ýakyn Gündogardaky haýsydyr bir ýurtdaky demokratik wakany goldamaýar. Ýurdunda şonça gyrgynçylyk eden Müsüriň hökümeti bilen hiç hili düşnüşmezlikleri ýok. Halklaryna garşy häkimiýetlerini dowam etdirýän käbir monarhiýalar bilen iňňän gowy gatnaşyk edýärler. Şol çäkde bir ýurdy “indi zenanlar ulag sürip bilýär” diýip öwüp, arşa çykarýan bolsalar, ilkinji saýlawyny 1876-njy ýylda geçiren, demokratiýa taryhy köp sanly günbatar ýurdundan hem uzak bolan, zenanlaryň saýlanma hukugy hem günbatar ýurtlaryndan has ir berilen Türkiýäni berk tankyt edýärler.

Käbir günbatar ýurtlarynyň Ýakyn Gündogar syýasatyna ser salynanda Ýakyn Gündogarda halky, taryhy, geografiýasy bilen barlyşykly, uzak ýyllaryň dowamynda medeni tejribä eýe bolan esasy akymlaryň däl, mariginal, ýüzleý, messepçi, halky bilen söweşýän gatlaklaryň saýlanyp alynýandygy pikiri ýüze çykýar. Belkem şol sebäpli Müsürde we käbir aýlag monarhiýalarynda bolşy ýaly halkynyň garşylygyna seretmezden häkimiýetini dowam etdirýän şahyslar we dolanşyklar goldanýan bolsa, Türkiýe we Taýýip Erdogan ýaly halky bilen barlyşykly, demokratik dolanşyklar we adamlar şeýtanlaşdyrylmaga synanşylýar.

Käbir günbatar ýurtlarynyň we merkezleriniň iş ýüzündäki şol çemeleşmelerini görenimizde parasatly yslam diýlende halkyna zalymlarça çemeleşmek emma özlerine parasatly çemeleşme düşünjesini göz öňünde tutýan bolsalar gerek. Ýurdunda we sebitinde günbataryň operasiýalaryna synçy, imperialist maksatlara ünssiz çemeleşýän hökümetler “parasatly”, oňa garşy durýan adamlar we hökümetler “dikdator”!... Jemläp aýdanymyzda günbatardaky käbir merkezler üçin parasatly, ýurdunyň adamlary/musulmanlar üçin zalym we haýyn...

Käbir halkara merkezler Ýakyn Gündogarda düýpsiz, halky tarapyndan legal kabul edilmeýän dolanşyklary, täze dörän terror guramalaryny goldamagy özleri taýdan bähbitli saýyp biler. Eýsem uzak möhletde  günbatardaky erkinlikçi we plýuralist gatlaklar üçin hem Ýakyn Gündygaryň halklary üçinem, bütin adamzat üçinem dogry we bähbitli bolany düýpli geçmişe eýe bolan demokratik, plýuralist we azatlyklary dolanşyklary goldamakdyr. Medeni geçmişi bolmadyk, täze dörän, köplenç käbir günbatar ýurtlary tarapyndan goldanýan terror toparlary arkaly baý medeni taryhy eýe bolan ýurtlary we hereketleri ortadan aýyrma tagallasy däl. Şol jähtden garalanda şu günki günde Balkan we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda çaknyşýan taraplary uzak ýyllaryň dowamynda “Osman pakty” bilen parahatçylykly şertlerde ýaşatma tejribesine eýe bolan Türkiýäniň uly goşandy bardyr.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar