Aktual Analiz 20

Ýakyn Gündogarda Türkiýäni we dünýäni ýakyndan gyzyklandyrýan iki möhüm waka başdan geçirildi

974597
Aktual Analiz 20

Ýakyn Gündogarda Türkiýäni we dünýäni ýakyndan gyzyklandyrýan iki möhüm waka başdan geçirildi. Şolaryň birinjisi ABŞ-nyň ilçihanasynyň Tel-Awiwden Iýerusalime göçürilmegi we Ysraýylyň ýaragsyz demonstrasiýa geçiren 60 palestinalyny öldürmegi hem-de 2770 sanysyny ýaralamagy. Ikinjisi bolsa Yrakda geçirilen saýlawlar we saýlawda üstün çykan şaýy lideri Muktada As Sadr.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ABŞ-nyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel-Awiwden Iýerusalime göçürjekdigini beýan etmeginden soň dünýäniň köp sanly ýerinden reaksiýalar bildirilipdi. BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşinde esasy köplük ABŞ-nyň ilçihana kararyna garşy taslamany kabul eden bolsa, ABŞ Howpsyzlyk Geşinde özüne garşy kabul ediljek taslamany weto etdi we çykmagynyň öňüni aldy.  Ikinji tapgyrda BMG-niň Baş Assambleýasyna hödürlenen tasama dünýäniň tas ähli ýurtlary tarapyndan ykrar edildi. Emma BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararlarynyň kanuny güýji bolmandygy üçin ABŞ-nyň öňüni alyjy şert ýüze çykmady. Emma dünýäniň ABŞ-nyň kararyna garşy durýandygy görüldi. Türkiýäniň çagyryşyna laýyklykda nobatdan daşary maslahat geçiren Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem Trampyň kararyny ýazgardy we bütin dünýä çagyryş etdi. Dünýäniň tas ählisiniň pozisiýasynyň ABŞ-nyň wetosy sebäpli netijesiz galmagy aslyna seredilende Prezident R.T.Erdoganyň: “Dünýä bäşden uludyr” diskursynyň nähli ýerliklidigini görkezýär.

Başdan geçirilen wakalardan soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kararyndan el çekmedi we ewangelistleriň Iýerusalimiň ýehudileriň paýtagty boljakdygy baradaky bilgiçlik çaklamasyny berjaý etmekde ygrarly çemeleşdi. Şeýlelikde Trampyň kabinetinden köp sanly ewangelist bar. Donald Trampyň ilçihana ugradan ruhanysy bolsa radikal ewangelist ynançlary bilen tanymal. Golaýda ilçihana Trampyň gyzy we giýewisi tarapyndan açylan  bolsa, palestinalylar parahatçylykly ýöriş geçirdi. Hamala diýersiňiz dünýäniň iň uly açyk tussaghanasy bolan Gazadaky palestinalylar hem Ysraýyl serhediniň golaýynda parahatçylykly demonstasiýa gurady. Ysraýyl esgerleri gazaly palestinalylaryň ýörişine garşy waşylarça od açdy we 60 palestinalynyň ýogalmagyna, 2770 sanysnyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

Bir tarapda palestinaly bigünä adamlar öldürilýän bolsa beýleki tarapda Iýerusalimde ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň gyzy we giýewisi dabara bilen ilçihana açýardy. Ysraýylyň eden jenaýatlaryny subut edýän ýüzlerçe wideo we fotosurata garamazdan Amerikan hökümetiniň Hamasy günäkärlemegi aslyna seredilende ABŞ-nyň Ysraýyl meselesindäki diýdimzorlugyny görkezýär. Amerikan hökümetiniň arkaýyn çemeleşmeginiň esasy sebäplerinden biri arap döwletleriniň palestinalylaryň hukuklaryny goramagyň ýerine öz tagtlaryny goramak üçin Trampy aç-açan goldamaklary. Şeýlelikde dünýä derejesinde palestinalylaryň hukugy üçin esasy göreşi Türkiýe alyp barýar. Palestinalylaryň öldürilmegi sebäpli 3 gün milli ýas yglan eden Türkiýe şol bir wagtda-da mejlisde Ysraýyly ýazgarýan jarnama çap etdi. Türkiýe ABŞ-daky we Ysraýyldaky ilçilerini yzyna çagyrdy. Ysraýylyň Türkiýedäki ilçisini bolsa yzyna ugratdy.

Beýleki bir möhüm mesele bolsa Yrakdaky umumy saýlawlar. DAIŞ-e garşy göreşi dowam etdirýän, Mosul, Falluja we Anbar ýaly şäherleri ýykylyp ýumrulan we Kürt dolanşygynyň garaşsyzlyk referendumyndan soň Yragyň merkezi hökümetiniň Kerkuk hem-de Sinjar ýaly jedelli ýerleriň gözegçiligini yzyna almagyndan soň Yrakdaky saýlawlaryň ähmiýeti iňňän uludy. Emma saýlawa bolan gatnaşygyň 44 göterime barabar bolmagy Yrakdaky demokratik ulgama we Yragyň syýasatçylaryna bolan ynamsyzlygy görkezýär.

Saýlawdan soň Yragyň içeri syýasatynda Eýranyň täsiriniň azalmagyna garaşylýar. Şeýlelikde Yragyň ozalky Premýer ministri Nuri Al Malikiniň sanawy we Haşdi Şabi toparlaryndan emele gelýän Fetih sanawlarynyň hökümetde orun eýelemegine garaşylýar. Emma beýleki tarapdan Eýranyň Yrakdaky pozisiýasy syýasy taýdan ejizlese hem, harby taýdan we ýarag güýjüni esaslanyp Eýran Yragyň içeri syýasatynda esasy faktor bolmagynda galar. Esasanda Yrak döwletinde harby goşundan daşgary ikinji ýaragly güýç bolan Haşdi Şabi toparyna Eýran tarapyndan gözegçilik edilmegi Yrakda iş başyna geljek hökümetiň öňündäki esasy bökdençliklerden biri bolar.

Yrakdaky saýlawyň netijesi ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň Eýrany Ýakyn Gündogarda çäklendiriji syýasaty taýdan seljerilende käbir üstünlikleriň bardygyny aýtmak ýerlikli bolar. Şeýlelikde şaýy lider Mukteda Sadr birnäçe ýyl ozal ABŞ-na garşy ýaragly topara ýolbaşçylyk eden bolsa, indi hem ABŞ hem-de Saud Arabystany bilen ozalkysyndan gowy gatnaşyk edýär. Şol bir wagtda Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi ABŞ tarapyndan DAIŞ Mosuly alandan soň iş başyna getirilipdi. Soňky döwürde bolsa Saud Arabystanyna ýokary derejeli sapar guran Abadi, Eýranyň Yrakdaky pozisiýasyny çäklendirmek üçin Saud Arabystany we ABŞ bilen bilelikde işleşmäge taýar.

Yrakdaky saýlawlary Türkiýe üçin birnäçe tarapdan ähmiýeti bar hem bolsa, terrorçylyga garşy göreş taýdan aýratyn uly ähmiýeti bar. Şeýlelikde Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK garşy alyp barýan harby operasiýalarynyň Yrakdaky saýlawdan soň giň gerimli operasiýa öwrülmegine garaşylýar. Yragyň merkezi hökümetiniň goldawy bilen Yragyň çäklerinde terror guramasy PKK garşy giň gerimli operasiýanyň guralmagy Yrak-Türkiýe gatnaşyklary taýdan iňňän möhüm waka bolar.

Terror guramasy PKK-nyň Türkiýe serhetlerindäki aksiýalaryny azaltmagyň hötdesinden gelen türk howpsyzlyk güýçleri şol bir wagtda “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary bilen serhetaşa göreşini dowam etdirmegi meýilleşdirýär.



Degişli Habarlar