Aktual analiz 05

Türk ýaragly güýçleriniň Afrini terrorçylardan saplamak üçin başladan operasiýasy ikinji hepdesini tamamlady

902325
Aktual analiz 05

 

 

Siriýada birnäçe möhüm ýagdaý başdan geçirilýär. Türk ýaragly güýçleriniň Afrini terrorçylardan saplamak üçin başladan operasiýasy ikinji hepdesini tamamlady. Üstünlikli ýagdaýda dowam edýän operasiýadan daşary Türk ýaragly güýçleri Idlib şäherindäki çaknyşyksyz zolakda täze gözegçilik merkezlerini gurýar. Siriýada başdan geçirilýän wakalar ABŞ-nyň Siriýadaky rolyna hem täsirini ýetirýär.

Zeýtun şahajygy operasiýasy domino täsiri netijesinde PKK/ÝPG-niň beýleki sebitlerde aksiýalaryny dowam etdirmeginiň öňüni alyp biler. Munbiç, Haseke, Rakka we Deýr Ez-Zorda terror guramasynyň basyşy astyndaky halk herkete geçmäge başlady. Munbiçde halk ÝPG-ä garşy aýaga galmaga başlady. Türkiýäniň Astana etabynyň çäginde Russiýa we Eýran bilen Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin edýän tagallasy ýalňyş tutumy sebäpli ABŞ-ny sebitde ýalňyzlaşdyrýar. Türk ýaragly güýçleriniň Idlibdäki çaknyşyksyz zolaga ýerleşdirilmegi etabynyň çäginde strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Al Eýs depesine ornaşmagy Türkiýäniň Siriýadaky pozisiýasyny güýçlendirýär.

Zeýtun şahajygy operasiýasy Türk ýaragly güýçleriniň we siriýaly oppozisionerleriň gatnaşmagynda üstünlikli dowam edýär. Afriniň geografik ýerleşişine garamazdan Türk ýaragly güýçleri bilen siriýaly oppozisionerler çalt depginde öňe barýar. Operasiýada strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän depeleriň ýeke-ýekeden yzyna alynmagy terror guramasy ÝPG-niň sebitde täsiriniň azalmagyna sebäp bolýar. ÝPG Siriýada ABŞ-nyň terror guramasyna berýän goldawy sebäpli özüni has güýçli hasap edýärdi. Mälim bolşy ýaly ÝPG-niň Siriýada gözegçilik edýän ýerlerinde esasan araplar bilen türkmenler ýaşaýar. Terror guramasy DAİŞ-iň sebitde täsiriniň umuman alnanda azalmagyndan soň ýerli halk ÝPG-ä garşylyk görkezmäge başlady. Türkiýäniň araplardan, türkmenlerden we kürtlerden ybarat Siriýaly oppozisionerler bilen birlikde hereket etmegi sebit üçin alternatiw emele getirdi.

Munbijiň halky ýaly käbir ýaly ýerli halk ÝPG-niň zalymlygyna garşy herekete geçmäge başlady. Zeýtun şahajygy operasiýasynda gazanylýan her bir harby üstünlik şol bir wagtda ÝPG-niň zulumyna garşy bolan araplara, türkmenlere we kürtlere ruhy taýdan goldaw berýär.

Zeýtun şahajygy operasiýasy diňe ÝPG-ni däl eýsem şol bir wagtda Siriýada ÝPG-ä ähli taraplaýyn goldaw beren ABŞ-ny hem ýalňyzlaşdyrýar.

ABŞ-nyň Türkiýe we Afrin operasiýasy barada tapawuty beýanatlar bermegi ABŞ-nyň öz içinde  düşnüşip bilmeýändigini görkezýär. Amerikan guramalaryndan biri birinden tapawutly syýasatlar alyp barmagy soňky gezek CIA-iň ÝPG-ni terror guramasy hökmünde sanawa almagynda görüldi.

Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň hemaýatkärliginde dowam etdirilýän Astana etabyndan çetde galan ABŞ  sebitde gün saýyn ýalňyzlaşýar. Terror guramasy bilen başga bir terror guramasyny ýok etmäge çalyşýan ABŞ-nyň alyp barýan syýasatlary sebiti biynjalyk edýär. ÝPG-niň Siriýanyň territorial bitewiligine wehim salýan tutumy we ABŞ-nyň sebitde serhedi goramak üçin goşun döretek meýilnamasyna Russiýa, Eýran we Türkiýe berk garşylyk görkezdi. ABŞ ÝPG bilen gatnaşygynyň DAIŞ-e garşy göreş bilen çäklidigini mälim edipdi. Emma indi Siriýada birnäçe harby merkez gurmagy meýilleşdirýär.

Türkiýe soňky döwürde esasan da Astana etabynyň çäginde Siriýada we halkara jemgyýetçiliginde strategiýa taýdan esasy rol oýnaýan aktýor ýagdaýyna geldi. Türkiýe bir tarapdan Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi, beýleki tarapdan bolsa Siriýanyň ýagty geljegi üçin tagalla etmäge dowam edýär.

Türkiýäniň Siriýada esasy aktýor ýagdaýyna gelmeginden Türkiýäniň Siriýanyň halkyna berýän goldawyndan esaslanýar. Türkiýe bir tarapdan 3 million siriýalyny myhman alýar, beýleki tarapdan bolsa Siriýada 4 million siriýalynyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin ähli taraplaýyn kömek berýär.



Degişli Habarlar