Dost-Doganlygyň Taryhy

Hun Oguz Dessany

783217
Dost-Doganlygyň Taryhy

Hun Oguz dessany miladydan öňki 209-njy 174-njy ýyllaryň arasynda hökümdarlyk süren hunlaryň hökümdary Metäniň durmuşy bilen baglanyşdyrylýar. Ähli türki halklaryň dessanlarynda bolşy ýaly bu dessanyň asyl nusgasy biziň günlerimize çenli gelip ýetmändir. Häzirki güne çenli Hun Oguz dessanynyň üç warýanty gelip ýetipdir. XIII we XVI asyrlarda uýgur dilinde ulanylýan elipbiý bilen ýazylan we yslam dininiň ýaýramagyndan öňki döwürlerdäki ynançlary şöhlelendirýän warýanty bu dessanyň ilkinji warýanty hökmünde kabul edilýär.

XIV asyryň başynda Reşideddiniň Jamiül Tewarih atly eserinde öz ornyny tapan pars dilindäki Hun Oguz dessany yslam gelenden soňra ýazylan warýanty hökmünde görkezilýär.

Hun Oguz dessanynyň üçinji warýanty bolsa XVII asyrda Ebül Gazi Bahadyr Han tarapyndan türkmenleriň arasynda dilden dile geçip gelen rowaýatlara we ondan öňki bar bolan ýazuw üsti bilen gelip ýeten warýantlaryndan peýdalanyp ýazylan görnüşidir.

Hun Oguz dessanynyň yslam dini gelmezinden öň ýazylan warýantyndaky rowaýata görä Aý hanyň ýüzi goklere ogşaýan, agzy ataşlara meňzeýän, gözleri ala, saçlary we gaşlary gara, perilere gaýra dur diýýän ogly bolýar. Ynha şol tarypy edilýän çaga dünýä inen gününden başlap ilkinji gezek ejesiniň süýdini emenden soň geplemäge başlapdyr we çig et, çorba we çakyr bermeklerini isläpdir. Kyrk gün geçenden soň ulalypdyr we ýöremäge başlapdyr. Aýaklary öküziň aýagy ýaly, bili börileriň bili, eginleri samyrlaryňky ýaly, döşleri aýynyň döşi kimin bir ýigit bolup ýetişipdir. Endam-jany durşuna tüý basan, at sürülerini bakypdyr we aw awlapdyr. Oguzyň ýaşaýan ýeri giden bir tokaýlyk bolypdyr. Şol tokaýda hem gaty uly we gaty güçli kerk ýaşar eken. Gaty äpet we wagşy bolan şol kerk at sürülerini we adamlary iýer eken. Günleriň birinde Oguz han şol kerki awlamagy ýüregine düwüpdir. Naýzasyny, okyny, ýaýyny we galkanyny alyp tokaýa gidipdir. Bir keýik awlapdyr we şol keýigi hem söwüt agajynyň çybygy bilen agaja daňyp gidipdir. Daň agaran wagty gelip görse keýigi kerkiň alyp gidendigini görüpdir. Ondan soň Oguz han, bir aýyny awlapdyr we şol aýyny hem altyn guşagy bilen ýene-de şol öňki agaja daňyp gidipdir. Daň agaran wagty gelip görse aýyny hem kerkiň alyp gidendigini görüpdir. Şondan soň Oguzyň özi agajyň ýanynda kerke garaşmaga başlayar.

Kerk gelen badyna Oguzyň galkanyny süsýär. Oguz naýzasy bilen kerki öldüýär. Gylyjy bilen hem kellesini keip taşlaýar.  

Günleriň birinde Oguz han Taňra ýalbaran wagty älem-jahany garaňkylyk gaplap alýar. Şol wagt hem gökden gök yşyk ýere inýär. Gökden inen şol yşyk günden we aýdan has ýagty eken. Şol yşygyň içinde, demirgazyk ýyldyzy ýaly ýagty saçýan, maňlaýy meňli gaty owadan gyz barmyş. Şol gyz gülen wagty gökdäki Taňry hem gülýän eken, aglan wagty aglar eken. Oguz han şol gyza aşyk bolýar we oňa öýlenýär. Taňrynyň beren günleriniň we gijeleriniň geçmegi bilen Oguz hanyň bu gyzdan üç sany ogly bolýar. Ogullaryna Gün, Aý we Ýyldyz adyny dakýar.

Oguz han tokaýa awa çykan günleriniň birinde kölüň ortarasynda bir agaja gözi düşýär. Kölüň ortasyndaky şol agajyň gowagynda gözleri asmanyň reňkinden has mawy, saçlary derýanyň tolkunlaryndan hem owadan tolkun atyp duran saçly, hünji dişli bir gyzyň otyrandygyny görýär. Oguz han şol gyza aşyk bolýar we oňa öýlenýär. Taňrynyň beren günleriniň we gijeleriniň geçmegi bilen Oguz hanyň bu gyzdan üç sany ogly bolýar. Ogullaryna Gök, Dag we Deňiz adyny dakýar.

Oguz han dabarasy dag aşjak, gerimi giňden tutulan bir toý berýar. Kyrk saçak ýazyp, kyrk syrgynyň öýüni bezäp, kyrk gije-gündiz toý tutýar. Kyrk gün tutulan toýda kyrk dürli tagam, kyrk dürli çakyr çekdirip, toýa gelen myhmanlary iýdirip-içirýär. Tutulan dabaraly toý dagamazyndan owal, Oguz han, toýa gelen myhmanlara ýüzlenip:

 

          Men boldym siziň hanyňyz,    

          Alyň ok-ýaýy galkany.

          Gök böri baş bolsyn,

Awlaklarda gulan gezsin. 

Oguz han şol toýdan soň dünýäniň dört ýanyna çaparlaryny ýollap, olaryň eline bir hat beripdir. Hatyň mazmuny „Men uýgurlaryň hany we ýer ýüziniň soltany, dünýäniň dört künjeginde hökümi ýöreýän han bolmaly. Sizden hem maňa tabyn bolmagyňyzy talap edýärin. Kim tabyn bolyp boýun egmese, gazabyma duçar bolar. Ol meniň duşmanym hasap ediler. Oňa garşy goşun tartyp söweş açyp, ýok ederin“ – diýip ýazypdyr.

Ýazylan we iberilen çaparlara tabynlyk bildiren hanlar bilen birlikde şol tabynlygy kabul etmedik hanlar hem bolypdyr. Oguz han tabynlygy kabul etmedik hanlara garşy ýokardaky halka ýüzlenip ýazan setirlerindäki gök böriniň baştutanlygynda söweşe rowana bolypdyr. 

Gök böriniň baştutanlygynda kyrk gün ýol ýöräp Buz dagyna baryp ýetipdirler. Goş ýazdyryp ýatyp dynç alypdyrlar. Ertesi gün daň saz berenden sessiz-sedasyz duşmanyň üstüne atlaryny süripdirler. Urum hanyň hanlygyny we halkyny özlerine tabyn edip dünýä höküm etmäge başlapdyr.


Etiketkalar: #Hun , #Oguz , #dessan , #türki halklar , #nusga , #eser

Degişli Habarlar