Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden bize gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

770893
Türk Dünýäsinden Habarlar

Halkara türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Düsen Kaseinow öňümizdäki ýyl döredilmegine 25 ýyl doljak TÜRKSOÝ guramasynyň Türki dünýäni geljek nesile ýetirmek üçin edebiýat, sungat we diplomatiýa ugurlarynda biri-biriden möhüm taslamalary durmuşa geçirendigini belledi.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynda geçirilen Medal gowşurylyş dabarasyna, Nursultam Nazarbaýewiň Milli düşünjäniň täçlendirilmegi manifesti we Türk alymlarynyň üstünde düşýän wezipeler konferensiýasyna Ankarada iş alyp barýan daşary ýurt guramalaryň wekilleri, diplomatlar, alymlar, metbugat işgärleri we ş.m. adamlar gatnaşdylar.

Guramanyň baş sekretary Kaseinow dabaranyň açylyşynda eden çykyşynda Azerbaýjan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystanyň garaşsyzlyklarynyň 25 ýyllyklaryny, bu ýyl bolsa diplomatik gatnaşyklarynyň 25 ýyllyklaryny belläp geçendiklerine ünsleri çekdi.

Döwletler üçin uzak wagt bolmadyk bu 25 ýyllyk döwürde Türki dünýäniň geljegi üçin möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilendigini aýdan Kaseinow: “Gatnaşyklaryň güýçlenmegine her tarapyň aýry-aýry we gurama derejesinde örän wajyp goldawlary boldy” diýdi.

Türki dilli döwletleriň TÜRKSOÝ-a berýän goldawlaryna minnetdarlyk bildiren Kaseinow: “Bu goldawlar geografiýadaky ähli hünärmenlerimiziň arasynda dostlyk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine sebäp boldy” diýdi.

Gazagystanyň Türkiýedäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Abzal Saparbekuly hem TÜRKSOÝ-yň geçiren medal gowşurylyş dabarasynyň we konferensiýasynyň sebitiň ýurtlary üçin örän möhüm bir çäre bolandygyny belledi.

Saparbekuly TÜRKSOÝ-yň medeniýet we sungat ugrunda edýän işleri bilen diňe Türk dünýäsinde däl, eýsem dünýäde tanalýan halkara guramadygyny nygtady.

Gazi uniwersitediniň Türk dili we edebiýaty bölüminden hormatly dynç alyşa çykan Ahmet Bijan Erjilasun Nursultan Nazarbaýewiň mart aýynda orta goýan Milli düşünjäniň täçlendirilmegi taslamasynyň döwlet düşünjesiniň döwrebaplaşdyrylmagy taýdan möhümdigini habar berdi.

Nazarbaýewiň syýasy özgertme we ykdysady döwrebaplaşdyrma taslamalaryna goşmaça ýagdaýda döwlet düşünjesiniň döwrebaplaşdyrylmagyna hem üns berýändigini aýdan Erjilasun Nazarbaýewiň: “Düşünje işden ozal gelmeli. Işden ozal düşünje döwrebaplaşyp, täzelenmeli” diýen sözlerini ýatlatdy.

Çykyşlardan soň aralarynda Atatürk Dil Taryh ýokary guramasynyň başlygy Prof. Dr. Derýa Örs, Türk Taryh guramasynyň başlygy Prof. Dr. Refik Turan we Türk dünýäsiniň ylmy-derňew guramasynyň başlygy Közhan Ýazgan ýaly adamlar bolan köp sanda ylmy işgärlere we jemgyýetçilik guramalaryň wekillerine medallar berildi.

 

Nobatda Özbegistandan gelip gowuşan bir habarymyz bar. Türk lukmanlar Özbegistanda 70-den gowurak özbek syrkawy operasiýa eder.

Özbegistan-Türkiýe Saglygy goraýyş hepdeliginiň çäginde Özbegistana baran türk lukmanlar 70-den gowrak özbek syrkawa ýürek-damar, ortopediýa, urologiýa we zenan keseller ýaly ugurlarda operasiýalar geçirer.

Türkiýäniň we Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrlikleri Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy gullugy TIKA-nyň goldawy bilen Daşkentde 4-nji Özbegistan-Türkiýe Saglygy goraýyş hepdeligi geçirildi.

Saglygy goraýyş ministrliginiň Daşary gatnaşyklar we Ýewropa Bileleşigi baş müdürliginiň Saglygy goraýyş syýasatlary bölüminiň başlygy we Saglygy goraýyş hepdeliginiň koordinatory Selami Kylyç Daşkent Çaga keselleri hassahanasynda geçirilen dabarada çykyş etdi.

Türkiýäniň 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan Özbegistany tanaýan ilkinji döwletdigini ýatladan Kylyç Türkiýäniň doganlyk Özbegistan bilen gatnaşyklaryny her ugurda ösdürmäge ähmiýet berýändigini, türk we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky ygtyýaryny orta goýandygyny nygtady.

Iki ýurdyň arasyndaky saglygy goraýyş babatyndaky hyzmatdaşlygyň 1997-nji ýylda Türkiýäniň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda gol çekilen Saglygy goraýyş we lukmançylyk ugrundaky hyzmatdaşlyk bilen baglanşykly şertnamanyň çäginde ösendigini aýdan Kylyç geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Özbegistan-Türkiýe saglygy goraýyş hepdeliginiň çäginde türk lukmanlarynyň 381 syrkawy gözden geçirendigini, 139 kesellä operasiýa edendigini we 165 özbek lukmana bilim berendigini habar berdi.

Kylyç Özbegistan-Türkiýe saglygy goraýyş hepdeliginiň çäginde iki ýurdyň lukmanlarynyň arasyndaky dostlyk we doganlyk gatnaşyklarynyň has hem berkejekdigini we taraplaryň arasyndaky bilim we tejribe paýlanşygynyň artjakdygyna ynanýandyklaryny belledi.

Daşkent Çaga keselleri hassahanasynyň baş lukmany Gulirano Usmanowa hem türk lukmanlara özbek syrkawlaryň bejergisine we özbek lukmanlarynyň bilimine goşan goşantlaryna minnetdarlyk bildirdi.

 

Gepleşigimizi Gazagystandan gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamak isleýäris. Türk dünýäsi Astanada aýdym-saz festiwalynda duşuşdy. Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen 10-njy Halkara Astana Arkau türk dünýäsi aýdym-saz festiwalyna Türkiýe, Gazagystan we Azerbaýjan bilen birlikde ilkinji gezek Awşar we Salyr türkmenlerinden aýdymçylar gatnaşdy.

Astana opera we balet teatrynda geçirilen festiwalda türk dünýäsiniň tapawutly ýurtlaryndan gelen wekiller öz milli saz gurallary bilen milli sazlaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Festiwalyň guramaçysy Askar Umarow Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda milli türk aýdym-sazynyň Astanada tanyşdyrylmagyny isleýändiklerini belledi.

Umarow: “Aýdym-saz halklary birleşdirýän mukaddes bir dildir. Ähli aýdym-sazlaryň düýbi birdir. Bu ýylky festiwala ilkinji gezek awşar we salyr türkmenleri gatnaşdylar. Salyrlar Hytaýdan geldi. 100 müň ilata eýe we oguz dil grubuna agza dilde gürleşýärler. Awşarlar Günorta Eýrandan geldiler. Asly türki halklardandyr” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar