Aktual Analiz

“Bir Guşak-Bir Ýol” atly Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasy

739470
Aktual Analiz

Aktual Analiz 22.05.2017

 

2013-nji ýylda Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpin tarapyndan teklip edilen “Bir Guşak-Bir Ýol” atly Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasy Aziýa, Ýewropa we Afrika kontinentlerini öz içine alýan ägirt uly transport toruny hem-de ykdysady başlangyjy beýan edýär. Uly maýa goýumlaryny özünde jemleýän we has uly maýa goýumlaryny maksat edinýän bu taslama, Hytaýyň gury ýerden we deňizden günbatara eden ykdysady başlangyjy hökmünde häsýetlendirlip bilner.

Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasynyň iki ugurdan iş ýüzüne geçirilmegi meýilleşdirilýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän ugurlardan ilkinjisi Hytaýy, Orta Aziýany, Russiýany we Ýewropany gury ýerden biri-birine birleşdirjek “Ýüpek Ýoly Ykdysady Guşagy” ugry. İkinji ugur bolsa Hytaýy Hindi okeany arkaly Pars aýlagyna we Ortaýer deňzine birleşdirjek “Deňiz Ýüpek Ýoly” ugry.

Global ykdysadyýeti ugrukdyrjak taslama bilen kesgitlenen ugurda ýerleşýän ýurtlarda söwdanyň we maýa goýumlarynyň depgini güýçlener. Şeýle-de taslama bilen birlikde bu ýurtlara goýuljak maýa goýumlary, ykdysady galkynyşy we ýaşaýyş durmuşynyň ösüşini hem alyp geler. Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasynyň ugrunda ýerleşýän 65 ýurdy ýol, deňiz porty, demir ýoly we howa menzilleri arkaly biri-birine sepleşdirmegi sebitdäki söwda hereketleriniň depginini güýçlendirip, şol ýurtlaryň arasyndaky gönüden söwda gatnaşygyny emele getirer.

Taslamanyň gury ýer ugrunda ýerleşýän Türkiýe bolsa Hytaýdan Ýewropa çenli uzap gidýan ugruň Orta Koridor böleginde ýerleşýär. Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasynyň çäginde iş ýüzüne geçiriljek köp sanly infrastruktura, transport we energetika maýa goýumlarynda eýeleýän geografik ýerleleşişi bilen Türkiýe iňňän möhüm pozisiýa eýeleýär.

Pekinden Londona çenli uzap gidýän demir ýoly taslamasynyň çäginde Türkiýede goýulýan dürli maýa goýum şäriklikleri bolsa onuň iň anyk mysallarydyr. 2013-nji ýylda açylan Marmaraý suw asty deçelgesi, 2016-njy ýylda tamamlanan Ýawuz Sultan Selim köprüsi we dowam edýän Baku-Tibilisi-Kars demir ýoly taslamalary Türkiýäniň Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasyna utgaşykly hereket edýändigini görkezýär.

Bu taslamada iler tutulýan beýleki bir ugur bolsa energetika söwdasy. Türkiýe häzirki wagtda dowam edýän TANAP we gurulmagy meýilleşdirilýän Türk Akymy tebigy gaz taslamalary bilen sebitde güýçli pozisiýa eýeleýär. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky energetika söwdasynda merkezi pozisiýa eýeleýän Türkiýe gündogar-günbatar ugurly energiýa akymy bilen Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasyna goşant goşar.

Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasynyň tanyşdyrlyşy maý aýynyň 14-15-i aralygynda Pekinde Prezident Erodganyň gatnaşan maslahatynda geçirildi. Maslahatda dünýäniň ykdysady taýdan iň uly ýurdy bolan Hytaý bilen belli ugurlarda ylalaşyk gazanylyp, üç sany şertnama gol çekişildi. Maslahatda Hytaý bilen ediljek özara söwda gatnaşyklarynda täze döwürüň açylandygy duýduryldy.

Ýylda 2 trillion dollardan gowrak eksport mümkinçiligine eýe bolan Hytaý, 2016-njy ýylda Türkiýä 25 milliard dollar eksport eden bolsa, Türkiýe 2,3 milliard dollara barabar eksport etdi.

Bu şertlerde deňagramly söwda mukdary bolmadyk özara gatnaşyklaryň Türkiýäniň bähbidine ösmeginde Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasynyň ähmiýeti hasam artýar. Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda adaty şertlerde 30 günde amala aşýan haryt getiriş möhletiniň Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasynyň çäginde 10 güne düşmegi maksat edinilýär. Şol çäkde iki ýurduň arasyndaky söda gatnaşyklarynda taslamanyň Türkiýe taýdan ähmiýeti hasam artýar.

Türkiýäniň degişli bolmagyndaky Döwrebap Ýüpek Ýoly taslamasy iş ýüzüne geçen halatynda dünýä ykdysadyýetiniň dinamikalarynyň herekete geçmegine garaşylýar. Hytaýyň sebitdäki bu işjeň pozisiýasy we koridor ýurtlar bilen birin-birin gazanan ylalaşyklary netijesinde taryhy Ýüpek Ýoly ýaňadandan dikeldiler we dünýänyň söwda gatnaşyklarynyň akymy günbatara tarap gönüger.



Degişli Habarlar