Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

731200
Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanşykly. Merkezi Aziýa we Ýaponiýa diýalogy maslahaty Aşgabatda geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýa Dialogyna girýän ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň derejesindäki 6-njy maslahaty Türkmenistanyň ýer eýeçiliginde Aşgabat şäherinde geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen birlkde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Fumio Kişida, Täjigistanyň Daşary işler ministri Riožidin Aslow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Erlan Abduldaýew, Gazagystanyň Daşary işler ministri Kaýrat Abdurahmanow we Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşdy.

Maslahatdan soň berilen bilelikdäki beýannamada sebitleýin howpsyzlyk, söwda we ykdysady maýa goýumlary, ynsanperwer we medeni gatnaşyklar bilen daşky gurşaw hem-de tebigy apatlar boýunça pikir alyşylandygy, hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklipleriň seljerilendigi nygtaldy. Gatnaşyjylaryň ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak maksady bilen Transport we logistika boýunça sebitleýin iş meýilnamasy kabul edildi.

Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki beýannamasynda Dialog toparynyň hyzmatdaşlygynyň ähli gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitlerine laýyklykda netijeli dowam edýändigine üns çekildi. Beýannamada 2017-2018-nji ýyllar boýunça işleriň Täjigistanyň ýolbaşçylygynda dowam etdirilmegi we 2018-nji ýylda geçiriljek Daşary işler ministrleriniň 7-nji maslahatynyň Duşenbe şäherinde geçirilmegine karar berilendigi nygtaldy.

2004-nji ýylda segbitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen Ýaponiýa tarapyndan döredilen Orta Aziýa+Ýaponiýa Dialogy 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda dowam edýärdi.

 

Nobatda Gazagystan bilen baglanşykly habarymyz bar.

Gazagystan-Özbegistan gatnaşyklary özgerýär.

Iki ýurdyň arasynda soňky wagtlarda bolup geçýän oňyn syýasy özgerlişikler ykdysady ugurdada özüni görkezmäge başlady.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýewiň Astana saparynda gazanylan ylalaşyklardan soň, iki ýurdyň arasynda söwda kuwwady 37 göterim artdy.

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Çimkent şäherinde duşuşdy.

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä iki ýurdyň döwlet ýolbaşçylarynyň gün tertibinde ykdysady gatnaşyklar bardy.

Mirziýoýewiň mart aýynda Astana saparyndan soň iki ýurdyň arasynda hyzmatdaşlygyň janlanandygyny bellän Prezident Nursoltan Nazarbaýew 2017-nji ýylda iki ýurdyň arasyndaky transport we logistika, ulag senagaty we sebitleýin hyzmatdaşlykda öňe gidişlikleriň edilendigine üns çekdi.

Nazarbaýew şu ýylyň ilkinji çärýeginde söwda kuwwadynyň 37 göterim artandygyny habar berdi.

 

Etnospor medeniýet festiwaly 11-14-nji maý aralygynda Ýenikapyda

Türki dilli halklaryň milli ýaryşlarynyň janlandyrylmagy maksady bilen Etnospor medeniýet festiwaly we Stambul Ýaşlar festiwalynyň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi.

Stambul şäheriniň Ýenikapy diýilen ýerilnde 4-7-nji maý aralygynda geçiriljek Stambul Ýaşlar festiwaly bilen 11-14-nji maý aralygynda ýenede Ýenikapy meýdançasynda geçiriljek Etnospor medeniýet festiwalynyň metbugat ýygnagy Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç, Bütindünýä Etnospor konfederasiýasynyň  başlygy Bilal Erdoganyň, Stambulyň şäher häkiminiň wekili Göksel Gümüşdag we Türkiýe Syýahat agentlikleri bileleşiginiň başlygy Başaran Ulusoýyň gatnaşmagynda geçirildi.  

Geçen ýyl Etnospor medeniýet festiwalynyň uly täsiriniň bolandygyny bellän Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç: “Bütindünýä Etnospor konfederasiýasynyň başlygy Bilal Erdoganyň tagallalary bilen spordyň milli ugurlary täzeden ýatlandy we ýaňadandan özgermäge başlady. Türkiýe taryhy, medeniýeti we medeni düzümi bilen dünýäniň örän tapawutly bir ýurdy. Taryhymyzdan gelen güýji geljege alyp gitmek missiýasyny ählimiz bilýäris. Dünýä medeniýetiniň şu günki gün ulanýan ençeme açyş, türk we yslam geografiýasynda döredi. Taryhymyz bilen öwüneris, emma geljekde näme etmelidigimizi hem gowy bilmelidiris. Etnospor medeniýet festiwalynyň ýaşlarymyzyň bu topragyň gymmatlyklary bilen ýüz-ýüze gelmegi we onuň adyna eýe çykmagy üçin örän möhüm bir pursatdygyny pikir edýärin” diýdi.

Guramaçylygyň maý aýynda geçirilýändigine ünsleri çeken ministr Kylyç: “Stambulyň basylyp alynmagy we Mustafa Kemal Atatürkiň Samsundan ýola çykyp 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda milli göreşi başlatmagy şu aý boldy. Taryhy we medeni gymmatlyklarymyz taýdan wajyp bir aý. Dünýäde szüňiziň diňlanmagini isleýän bolsaňyz, medeniýetden alynan güýç görkezilmeli. Hormatly Prezidentimiz R.T. Erdoganyň iň uly aýratynlygy hem şoldyr. BMG-da Dünýä bäşden uly diýip bilýän bolsaňyz milletiňize we medeniýetiňize ynanýanlygyňyzdyr. Prezidentimiz we milletimiz hem 15-nji iýulda terrorçylara garşy dik durdy. Nesip bolsa 2023-nji ýylda Respublikamyzyň döredilmeginiň 100 ýyllygynda has hem uly çäre geçireris” diýdi.

 

Gepleşigimizi Türkmenistandan gelip gowuşan habar bilen dowam etdirýäris. Türkmenistanda temmäkä garşy göreş...

Maksat: Saglykly ýaşaýyş üçin 2025-nji ýylda temmäkisiz Türkmenistan.

Türkmenistanda temmäkä garşy göreşiň çäginde täze bir programa işlenip taýarlandy. Türkmenistanda temmäkä garşy göreşiň biraýlygy bilen baglanşykly maslahat degişli ministrlikleriň we häkimlikleriň wekilleri, ýaşlar we köp sanda myhmanyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirildi. Programanyň maksady 1 aýyň dowamynda temmäkiniň ýetirýän zyýanlaryny jemgyýete düşündirjek çäreler guramak. Çäräniň tanyşdyrylyşy bilen bagly geçirilen dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistanyň temmäkä garşy göreşde eden üstünlikli işleri düşündirildi. Ýurtda temmäkä garşy göreşiň çäginde tüssesiz howa giňişlikleriniň artdyryljakdygy habar berildi.

Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan.

2011-nji ýylyň martynda milli parlament tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň temmäkä gözegçilik etmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasy tassyklanyldy.

2013-nji ýylda kabul edilen “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goramak hakynda” kanun bar. 

Türkmenistanyň Prezidenti 14-nji aprelde Ministrler kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasyny we Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Aşgabatda geçirilýän temmäkä garşy göreşiň biraýlyk maslahaty hem Ministrler kabinetiniň mejlisinde kabul edilen milli meýilnamanyň bir bölegi.



Degişli Habarlar