Türk Dünýäsinden Habarlar

Bu hepde hem biz siziň dykgatyňyza Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar bilen baglanşykly habarlary ýetirmekçi

Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Gazagystandan gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-19-njy aprel aralygynda Gazagystanda resmi saparda boldy.

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew paýtagt Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Resmi sapar bilen Astana baran Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedow gazak kärdeşi Nazarbaýew tarapyndan Akorda köşgünde resmi dabara bilen garşylandy.

Iki lideriň ikiçäk duşuşyklaryndan soň toparara gepleşikler geçirildi.

Geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Nazarbaýew soňky 25 ýylda iki ýurdyň arasynda ikitaraplaýyn düşünişmegiň höküm sürendigini belläp: “Ýurtlarymyzyň arasynda hiç wagt çözülmedik mesele bolmandy. Gatnaşyklarymyzy ýola goýanymyzdan bäri şular ýaly dowam edýär. Halkara derejede Türkmenistanyň syýasatyny goldaýarys we daşarky syýasatda hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.

Nazarbaýew Türkmenistanyň Gazagystanyň sebitdäki wajyp hyzmatdaşydygyna ünsleri çekip: “Gadymdan bäri bizi umumy taryh, dil we din birleşdirýär. Tranzit we transport, energetika we başga ugurlardaky hyzmatdaşlygymyz özgerýär” diýdi.

Gepleşikleriň çäginde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekilmek bilen gatnaşyklaryň täze derejä çykjakdygyny aýdan Nazarbaýew: “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky ähli serhet meselelrini çözýäris we bu iki ýurt serhet meselesi bolmaýan ýurtlar bolar” diýdi.

Nazarbaýew iki ýurdyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň saýasynda Gazagystanyň üsti bilen Türkmenistan-Eýran demir ýol taslamasy ýaly umumy taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýatladyp: “Häzirki wagtda Ýüpek ýoluny ara alyp maslahatlaşýarys. Taslama bilen baglanşykly 15-nji maýda Pekinde geçiriljek Bir nesil, bir ýol forumynda duşuşyklar geçiriler. Bu wajyp marşrut hökmünde kabul edilýär” diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Berdimyhamedow hem Gazagystan bilen halkara arendaky perspektiwalaryň meňzeşdigini aýdyp: “Bular diňe bir sebitdäki däl, eýsem bütin dünýädäki parahatçylyk, asudalyk we howpsyzlyk meselelerdir. Mysal üçin biz BMG, Ýewropa howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy we beýleki halkara guramalar bilen açyk gapylar syýasatyny alyp barýarys” diýdi.

Duşuşyklardan soň iki ýurdyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk, döwlet serhetleriniň belli edilmegi, iki ýurdyň hökümet komissiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk, gizlin resminamalaryň ikitaraplaýyn ýagdaýda goralmagy bilen bagly şertnama bilen birlikde ençeme şertnama gol çekildi.

 

Nobatda bütin Türkistany gyzyklandyrýan habarymyz bar.

Türkistanyň iň möhüm meselelerinden biri bolan suw meselesiniň sebitiň ýurtlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna ýaramaz täsirleri bardy. Şawkat Mirziýoýewiň Prezidentlige saýlanmagyndan soň Özbegistan mesele bilen ýakyndan gyzyklanmaga we meseläniň çözgüdi üçin tagalla etmäge başlady.

Özbegistanyň goňşy ýurtlary bilen gatnaşyklaryny düzeltmek üçin işe girişmegi Orta Aziýada ençeme ýyl bäri dowam edýän suw meselesiniň hem çözülmegine eltjekdigine ynanylýar.

Owganystan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň serhetleriniň çäginden geçýän Amyderýa ady agzalan ýurtlaryň ekerançylygy üçin ulanylýar. Syrderýa hem Özbegistan bilen Gazagystanyň günortasyndaky oba-hojalyk meýdanlary üçin ulanylýar.

SSSR zamanynda Amyderýa we Syrderýa Gyrgyzystanda we Täjigistanda elektrik tok öndürmek üçin ulanylan bolsa, Owganystan, Türkmenistan we  Özbegistan derýanyň suwuny oba-hojalyk üçin ulanýardy.

Emma SSSR-iň dargamagyndan soň umumy energetika ulgamynyň goý bolsun edilmegi we sebitdäki gurakçylyk sebäpli ýüze çykan suw meselesi ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda wagtal-wagtal dartgynlygyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Bar bolan gidroelektrik energiýa mümkiçiliginiň bir bölegini ösdürmegi we esasan hem gyş aýlarynda elektrik tok gytlygyny başyndan geçirýän Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň Amyderýa we Syrderýa derýalarynyň kenarlarynda Rogun we Kambar ata ýaly energetik desgalaryny durmuşa geçirmäge başlamaklary derýanyň ujundaky döwletler tarapyndan nägilelge sebäp bolýar.

Özbegistan uly elektrik desgalaryň sebitiň ekologiýasyna, ykdysadyýetine we syýasy gurluşyna zeper ýetirjekdigini öňe sürip, desgalaryň halkara toparlar tarapyndan derňelmegini isleýär.

Hünärmenler Kerimowyň ýogalmagyndan soň hökümetiň başyna geçen ýurdyň ozalky Premýer ministri Şewket Mirziýoýewiň goňşy ýurtlary bilen gatnaşyklaryny düzletmek bilen suw meselesine hem çözgüt tapjakdygyny belleýärler.

Mirziýoýew Prezidentlige saýlanmagyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana gurady.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew Gazagystan saparynda beren beýanatynda elektrik desgalarynyň konstruktiw we ylalaşygyň esasaynda gurulmalydygyny we şol çäkde BMG-nyň Amyderýanyň we Syrderýanyň rasional we deň ulanylmagy bilen baglanşykly halkara şertnamanyň gol çekilmegi baradaky pikire goldaw berýändigini belledi.

Prezident Nazarbaýew hem suw çeşmeleriniň ähli sebitiň eýeligindedigini, şol sebäpli derýanyň suwlarynyň beýleki ýurtlara zeper ýetirmejek ýagdaýda ulanylmalydygyny nygtapdy.

Hünärmenler 1998-nji ýylda Gazagystan, Gyrgyzystan, Tajigistan we Özbegistan tarapyndan Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde gol çekilen Syrderýa derýasynyň suw we energetika çeşmeleriniň ulanylmagy ylalaşygynyň öz güýjini ýitirendigini öňe sürýärler.

Geçiş………..

HD. Türk dünýäsiniň Medeni paýtagty çäreleriniň çäginde Halkara Türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ Fotograflar duşuşygynyň 14-njisi Gazagystanyň Türkistan şäherinde başlady.

TÜRKSOÝ tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Halk sungatlary merkezindäki çäräniň açylyşyna Günorta Gazagystan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ulasbek Sadibekow bilen Türkiýe, Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkmenistan, Özbegistan, Azerbaýjan we Tatarystan ýaly ýurtlardan baran 16 fotograf bilen birlikde köp sanda myhmanyň gatnaşandygy habar berildi.

Beýanatda çäräniň açylyşynda söz sözlän Sadibekowyň sebitiň tanyşdyrylmagy taýdan çäräniň möhümdiginiň üstünde duryp geçendigi mälim edildi.

Çäräniň çäginde fotograflar 4 aýry topara bölünip sebitdäki taryhy we medeni mirasly ýerlere baryp surata düşürendigi bellenen beýanatda bu eserleriň Türk dünýäsiniň fotograflarynyň gözi bilen Türkistan temaly sergide sergilenjekdigi habar berildi.

Beýanatda TÜRKSOÝ-yň Türki dilli ýurtlaryň baý medeni mirasyny, gadymy we döwrebap sungatyny dünýä tanatmak üçin işler alyp barýandygy, bu guramanyň maksadynyň döwrebap jemgyýetlerde demokratik bir sungat ugury bolan suratkeşligi goldamak we türki dilli halklaryň bu sungatda güýçlidigini dünýä görkezmek isleýändigi bellendi.

TÜRKSOÝ fotograflar duşyşygy 2004-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.



Degişli Habarlar