Türk Dünýäsinden Habarlar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda biz ýenede siz bilen bilellikde

696125
Türk Dünýäsinden Habarlar

Nowruz baýramy. Orta Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli aralykda ýaşaýan milletler tarapyndan dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýän nowruz baýramy her milletiň öz milli gymmatlyklary bilen sazlaşykly ýagdaýda gutlanyp, bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrýan bir gündir.

Bu giň geografiýada tebigatyň we daşky gurşawyň janlanmagynyğ gutlanýan Nowruz baýramynyň Anadolyda we türki dilli halklaryň ýaşaýan başga ýerlerinde gadymy we örän baý taryhy bardyr.

New-täze we ruz-gün sözleriniň birleşdirilmeginden emele gelen we Täze gün diýmegi aňladýan Nowruz ýer şaryň demirgazyk böleginde başda türki dilli halklar bolmak bilen ençeme halk we jemgyýetler tarapyndan täze ýyl hökmünde bellenilip geçilýär.

Gije bilen gündiziň deňleşýän güni bolan 21-nji martdan soň howalar gyzmaga, garlar eremäge, agaçlar pyntyklamaga, toparklar ýaşyl öwüsmäge, başga ýerlere göçen guşlar yzyna dolanmaga başlaýar.

Şol sebäpli 21-nji mart ähli barlyklar üçin oýanyş, direliş we ýaradylyş güni hökmünde kabul edilip, Nowruz baýramy ady bilen bellenilip geçilýär.

Orta Aziýada ýaşaýan türki dilli halklar, Anadoly türkleri we eýranlylaryň täze ýyl hökmünde kabul eden güne nowruz ady dakylyp, ol täze gün diýmegi aňladýar.

Nowruz baýramy Newruzi Soltani, Soltan Newruz, Soltan Nawryz, Nawryz, Martyň dokuzy ýaly atlar bilen bilinýär.

Nowruz 12 haýwanly türki dilli halklaryň senenamasynda görüşimiz ýaly türki dilli halklarda hem ozaldan bäri bellenilip geçilýär. Türki dilli halklarda Nowruz bilen baglanşykly esasy rowaýatda şu gün azatlyk güni hökmünde kabul edilýär. Şol sebäpli şu gün türki dilli halklarda täze ýylyň başlangyjy hökmünde kabul edilýär we şu günki güne çenli baýramlar hökmünde bellenilip geçilýär.  Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan, Tatarystan, uýgurlar, Anadoly türkleri we Balkanda ýaşaýan türki dilli halklar Nowruz bilen bagly däp-dessurlary şu günki güne çenli ýetiripdirler.

Nobatda Türkiýeden gelip gowuşan habarymyz bar. 2017-nji ýyl “Türk Diliniň Ýyly” bolar

Prezident Erdoganyň hemaýaty astyna alan kampaniýa bilen 2017-nji ýylyň “Türk Diliniň Ýyly” hökmünde yglan ediljekdigi habar berilýär.

Wise-premýer Tugrul Türkeşiň ofisinden berilen ýazmaça beýannamada müňlerçe ýyllyk taryha eýe bolan we dünýäniň belli dillerinden biri bolan türk diliniň soňky birnäçe asyrda başdan geçiren özgerlişikler netijesinde ýüze çykan säwliklere we olaryň çözgüt ýyllaryna halk köpçüliginiň dykgatyny çekmek maksady bilen 2017-nji ýylyň “Türk Diliniň Ýyly” hökmünde yglan edilmegine karar berilendigi nygtalýar.

Beýannama görä Atatürk adyndaky Medeniýet, dil we taryh guramasy bilen Türk dil guramasynyň öňbaşçylyk etmeginde ýylyň dowamynda geçiriljek çäreler “Dilimiz şahsyýetimizdir” ady bilen guralar.

Kampaniýaynň çäginde şu ýyl döwlet edaradyr guramalarynyň başda durmagynda hususy pudagyň, jemgyýetçilik guramalarynyn we metbugat organlarynyň türk diliniň dogry we dürs ulanylmagy üçin işleriň geçirilmegi, köp sanly ylmy, medeni we sungat çäreleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Kampaniýa bilen türk diliniň ýerlikli ulanylmagy, iş ýerleriniň we ýerleriň atlarynda görülýän dil ýoýulmalarynyň öňüniň alynmagy, türk dilinde bardygyna garamazdan ulanylýan daşary ýurt sözleriniň ulanylmagynyň öňüniň alynmagy we sosial mediada ulanylýan ünssiz diliň ýüze çykaran säwlikleriniň ortadan aýrylmagy maksat edinilýär.

Geçiriljek işler bilen halk köpçüliginde düpli dil düşünjesiniň we ünsliliginiň ornaşdyrylmagy üçin döwlet edaradyr guramalary tarapyndan köp sanly ylmy, medeni we sungat çäreleri geçiriler.

Jemgyýete, esasanda ýaşlar bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerine türk diliniň dogry, ýerlikli, owadan we dürs ulanylmagynyň ähmiýeti barada maglumat berilmegi üpjün ediler.

 

TSR-nyň hormatly dostlary. Soňky habarymyz bolsa Türkmenistandan gelip gowuşdy.

Türkmenistan Ahal Teke atlary üçin UNESCO ýüz tutar.

Türkmenistan ahalteke atlarynyň UNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna goşulmagy üçin ýüz tutmaga taýarlanýar.

 Türkmenler üçin at diýseň uly baýlyk… Türkmenistanyň ahalteke atlary hem dünýäniň iň meşhur, iň owadan atlaryndan biri. Türkmen Atlary Döwlet Bileleşigi ahalteke atlarynyň nesliniň goralmagy, idedilmegi we çapyksuwarlygyň kämilleşdirilmegi boýunça işleri alyp barýar we dünýäniň ministrlik derejesindäki atlar bilen bagly ýeke-täk guramasy.

Türkmenistan; şol meşhur we gözel, sap ganly ahalteke atlarynyň UNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna degişli üçin işe birişdi. Türkmen Atlary Döwlet Bileleşiginiň ýolbaşçylaryň we atçylyk boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda mesele ähli taraplaýyn seljerildi. Türkmenistanyň Döwlet Habarlar Gullugynyň habar bermegine görä birinji tapgyrda sap ganly ahalteke atlary barada katalog taýarlanmagyna karar berildi.

Katalogda atlaryň genetiki özbolyşlygy we gelip çykyşy barada giňişleýin maglumat beriler. Türkmen atlary barada esasy maglumat çeşmesi boljak katalog, halkara guramalarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetiriler. Katalogda ahalteke atlarynyň genetikasynyň goralmagynda türkmen halkynyň eýeleýän pozisiýasy we edýän tagallasy, at idedijiliginiň we atlar bilen bagly milli däpleriň dowam etdirilmegi üçin Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan görülýän çäreler we edilýän işler beýan ediler. Bularyň netijesinde ahalteke atlarynyň UNESKO-nyn Dünýä mirasynyň sanawyna degişli edilmegi üçin ýüz tutular.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda iş başyna gelmeginden soň Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegi, degişli guramalaryň güýçlendirilmegi, halkara derejesindäki atçylyk desgalarynyň gurulmagy bilen bagly işlere aýratyn üns berilýär we ahalteke atlarynyň genetikasynyň goralmagy boýunça ylmy işler alynyp barylýar.

Türkmenleriň milli gymmatly hasaplanylýan ahalteke atlaryndan biri Prezident Berdimuhamedow tarapyndan geçen hepdäniň başynda Türkmenistana resmi sapar bilen baran Özbegistanyň döwlet Ýolbaşçysy Mirziýoýewe sowgat edilipdi. Türkmenistanda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň güni hökmünde bellenilip geçilýär.



Degişli Habarlar