Türk Dünýäsinden Habarlar

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türk dünýäsinin dürli sebitlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlary dykgatyňyza ýetirmekçi

669923
Türk Dünýäsinden Habarlar

Şu günki ilkinji habarymyz Özbegistandan.

Aral köli üçin 2,6 milliard dollar.

Özbegistanyň hökümeti Aral kölüni galkyndyrmak maksady bilen öňümizdäki 4 ýyllyk döwürde 2,6 milliard dollarlyk pul serişdesini aýryljakdygyny habar berdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekilen maksatnama görä Maliýe ministrliginiň çäginde Aral köli galkynyş gaznasy dörediler. Ady agzalan gazna sebitdäki ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, kölüň basseýniniň özgerdilmegi we sebitde durmuşa geçiriljek maýa goýum taslamalar üçin maliýe taýdan goldaw bermek maksady bilen ulanylar.

Sebitde 915 million dollarlyk maýa goýulyp, 100 müňden gowrak adama iş orunlary dörediler. Mundan başgada sebitdäki infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin 670 million dollar, çölleşmäniň öňüniň alynmagy we suw çeşmeleriniň tygşytly ulanylnmagy üçin hem 360 million dollar möçberinde pul serişdesi aýrylar.

Meýilnama görä 1-nji fewraldan başlap Aral kölüniň kenarynda ýaşaýan hormatly dynç alyşdakylara, maýyplara we az girdejili maşgalalara 1 gezekligine 2 bilen 5 aralykda aýlyk beriler. Sebitdäki çagalar bagynyň bahalary hem arzanladylar.

Aral kölüniň oýlanşyksyz ulanylanlygy we täsirli bolan aşa gurakçylyk sebäpli oba-hojalyk we balykçylyk işleri ýerine ýetirip bolmajak ýagdaýa geldi, suw gytçylygy sebitde epidemiýalaryň ýaýbaňlanmagyna sebäp boldy.

HD. Nobatdaky habarymyz Türkmenistandan gelip gowuşdy.

Türk kärhanalary Türkmenistanda strategik taslamalarda wajyp orun eýelär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçiriljek saýlawlaryň öňi syrasynda Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan soň paýtagt Aşgabada iň ýakyn welaýat bolan Ahal welaýatynda saparda boldy.

Türkmen lideriniň saýlaw sebäpli welaýatlara guran sapary we birnäçe möhüm desgalarynyň gözden geçirmek işlerinde  Türkmenistanyň täze maýa goýumlarynda we möhüm taslamalarynda türk kärhanalarynyň barlygy ünsleri özüne çekýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu hepde Ahal welaýatynda bir türk kärhanasy bilen ýapon kärhanasynyň bilelikde gurýan gazy benzine gaýtadan işleýän desganyň oturtmak işleriniň barşy bilen tanyş boldy. 2018-nji ýylda gurulyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän we jemi çykdajysy 1 milliard 700 million dollar boljak ady agzalan desgada 600 müň tonna ýokary hilli, AI-92 kysymly ekologik taýdan arassa, Euro-5 standartlaryna laýyk gelýän benzin öndürmek üçin 1 milliard 785 million kub metr tebigy gaz çig-maly ulanylar.

 

Günde 1800 tonna benzin öndürmek mümkinçiligine eýe boljak bu desga bilen Türkmenistan tebigy gazdan hasam köp senagat önümlerini öndürmäge başlar. Desga mundan başgada ýyllyk 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmek mümkinçiligine eýe bolar.

                                                               

Türkmenistanda golaýlap gelýän saýlawlar sebäpli saýlaw kampaniýalar dowam edýär. 9 dalaşgäriň özara ýaryşjak saýlawlar üçin beýleki 8 dalaşgär telewideniýelerde çykyş edýär we maslahatlar geçirip hem özleri hem-de taslamalary barada gürrüň berýärler. Saýlawyň iň güýçli dalaşgäri Türkmenistanyň lideri Berdimuhamedow bolsa adamlar bilen duşuşyp, her dürli ýüzlenmeler berýär.                                

Türkmen döwlet habarlar gullugyna görä Ahal welaýatyna guran saparynyň çäginde adamlar bilen duşuşan türkmen lider 2017-2023-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynda 50-ä golaý mekdep, çagalar bagy, hassahana we medeni merkezleriň guruljakdygyny, towukçylyk we maldarçylyk desgalary bilen we süýt we ýag öndürjek desgalaryň guruljakdygyny mälim etdi.

 

HD. Geliň indi bolsa Tatarystandan bize gelip gowuşan habara ser salalyň.

KazanSummit-2017 maslahata 50 ýurtdan 2 müň myhmana garaşylýar.

Ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirilen we her ýyl Russiýa Federasiýasynyň we Yslam galkynyş guramanyň agzalaryny bir ýerde jemleýän KazanSummit maslahaty birnäçe aý soň geçiriler. Kazan bu möhüm halkara çärä taýarlyklaryny dowam etdirýär. 18-20-nji maý aralygynda Tatarystanyň paýtgaty Kazan şäherinde  KazanSummit-2017 forumy geçiriler. 50 aýry ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gelmegine garaşylýan maslahata Türkiýä Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji wekliçilik eder.

Her ýyl Tatarystanyň Prezidenti Rüstem Minnihanowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän ýokary derejeli maslahata geçen ýyl 51 ýurtdan 1556 wekil gatnaşypdy.

Tatarystanyň Maýa goýumy ösdürmek agentliginiň berýän habaryna görä şu ýylky maslahata Yslam dünýäsiniň Russiýadaky ilçileri, Russiýanyň we daşary ýurtly maliýe institutlarynyň wekilleri, parlamendiň deputatlary, medianyň meşhur agzalary, metbugat işgärleri bolmak bilen jemi 2 müňden gowrak adam geler.

 Maslahata Türkiýe-Birleşen Arap Emirlikleriniň ministrleri bilen birlikde Rosturizmiň başlygynyň, Russiýanyň ýörite ilçisiniň, Halkara Maliýe merkezi Astananyň ýerine ýitirjiler geňeşiniň başlygynyň, Annual İnvestment Meeting(AİM) kärhanasynyň  başlygynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

9-njy gezek geçirilýän Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanSummit-2017 maslahaty Kazan şäherinde 18-20-nji maý aralygynda geçiriler.

KazanSummitde täze we gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri ara alynyp maslahatlaşylar. Olaryň arasynda sosial telekeçilik, haýyr-sahawat guramalarynyň işleýişi, strategiýa, syýahatçylyk, geoykdysady, yslam bilimi we beýleki meseleler boýunça özara pikir alyşylar.

Maslahatyň däbe öwrülen meseleleriniň arasynda ilkinji nobatda Russiýada yslam maliýeleriniň artdyrylmagy bolar.

KazanSummit-2017 maslahatynda ilkinji gezek “Russiýa halal Expo” ady bilen halal önümleriň sergisi geçiriler.

Kazan Summit fuary Russiýa we Yslam dünýäsiniň ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde esasy orun eýeleýär.



Degişli Habarlar