Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary

655575
Türkiýäniň we Ýewraziýanyň gün tertibi

 

Özbegistanyň Prezident Yslam Kerimowyň aradan çykmagyndan soň 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda prezident saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawdan birnäçe wagt ozal bolsa Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Özbegistanda saparda boldy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Özbegistanda täze döwür we Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetinin Halkara gatnaşyklar bölüminiň asisenti Jemil Dogaç Ipegin mesele barada analizini dykgatyňyza ýetirmekçi.

Özbegistan 30 milliondan gowrak ilaty, geostrategik ýerleşişi, baý taryhy, medeni gymmatlyklary we ykdysady potensialy bilen Ýewraziýa sebitinde parahatçylyk hem-de durnuklylyk üçin möhüm ähmiýete eýe. Özbegistanyň 1-nji Prezidenti Yslam Kerimowyň aradan çykmagyndan soň Ýewraziýada ünsler bu ýurda gönükdi. Özbesgitanyň raýatlary ýurduň 2-nji Prezidentini saýlamak üçin 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda ses berdiler. 2003-nji ýyldan bäri premýer ministr bolup işleýän we 2016-njy ýylyň 2-nji sentýabrda Kerimowyň aradan çykmagy sebäpli prezidentiň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetiren Şawkat Mirziýoýew saýlawda üstün çykdy.

Özbegistanda saýlawdan öň möhüm bir waka bolup geçdi. Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 17-18-i aralygynda uly wekiliýet bilen Özbegistana sapar gurady.

Türkiýe 1991-nji ýylda Özbegistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt. Şol sebäpli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gysga möhletde ösdi. 2005-nji yýlda Özbegistandaky Andijan wakalaryna garalan BMG-niň maslahatynda Türkiýe Özbegistana garşy ses beripdi. Şol sebäpli 1991-nji ýylda gowy başlan gatnaşyklar 2005-nji ýyldan soň durgunlaşdy. Erdoganyň 2003-nji ýyldaky saparyndan 13 ýyl soň guralan bu sapar gatnaşyklaryň ýaňadandan güýçlenmegini üpjün edip biler. Samarkandda geçirilen duşuşyk, Erdoganyň “gatnaşyklarda täze sahypa”, Mirziýoýewiň “indi sözde däl, hakyky hyzmatdaşlygyň tüýs wagty” sözleri bilen has-da uly many gazanýar. İki ýurduň liderleri geljek ýylyň başynda Özbegistan-Türkiýe Maýa Goýum Maslahatynyň we Bilelikdäki Ykdysady Maslahatyň geçirilmegi barada ylalaşýandyklaryny beýan etdiler.

Özbegistan taryhy gatnaşyklar taýdan Türkiýäniň köňlünde orun eýeleýän ýurt. Şol sapar bilen iki ýurduň arasyndaky durgunlyk döwrüniň ýapylandygyny tama edýäris. Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklarynda dokma senagaty, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we deriçilik pudaklarynda, terrorçylyga garşy göreş, howpsyzlyk boýunça gatnaşyklar ýokary depginde öser. Elbetde şol gatnaşyklar jemgyýetçilik guramalary, media we ylmy guramalar tarapyndan hem goldanmaly. Gazagystandaky Türk-Gazak Ahmet Ýasawy uniwersiteti ýaly bilelikdäki Özbek-Türk uniwersitetiniň açylmagy diýseň peýdaly bolar. Bir bölegi Stambulda, bir bölegi Samarkandda ýerleşjek Türkiýe-Özbegistan Ulugbeg adyndaky uniwersiteti Türkiýe bilen Özbegistanyň taryhy tejribesini türkofon sebitde iş ýüzüne geçirmäge uly goşant goşar. İki ýurduň umumy gymmatlygy bolan Habefi-Maturidi, ýagny türk-yslam däbi Salafi radikalizmine garşy Ýewraziýa üçin hakykata laýyk alternatiw bolup biler. Bu hususda iki ýurda-da uly jogapkärçilik düşýär.

Kerimowyň iki özboluşlygy bardy. Birinjisi diýseň awtoritar dolandyjy bolmagy, ikinjisi bolsa Sowet syýasy ulgamynyň dowam etmegi. Kerimow Ýewraziýada uly güýçleriň göreşinden ýurduny goramak üçin çykalga hökmünde çäkli izolirleýiş syýasatyny saýlap alypdy. Täze lider geosyýasy howplara pro-aktiw syýasat bilen jogap bermegi saýlap aljaga meňzeýär.

Özbegistan ýerleşişi we ilat potensialy bilen Ýewraziýanyň esasy ýurtlaryndan biri. Özbegistan bilen gatnaşyk açman Türkistanda ýaşamak kyn. Geljekki etapda Özbegistan şol özboluşlyklary sebäpli global we sebitleýin aktýorlaryň hyzmatdaşlygy üçin gapysy ýygy-ýygydan kakyljak ýurt bolar.

Mirziýoýew iş möhletiniň birinji döwründe düýpli syýasy özgertmelere ýüz tutmazdan ozal halkyň sosial meselelerini çözmäge we goňşy ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegi ileri tutup biler. Mirziýoýew goňşy türki dilli ýurtlar bilen ýakyn gatnaşyk açyp, ýumşuk syýasat alyp barar. Şawkat Mirziýoýewiň prezident hökmünde işkinji saparyny Russiýa guramagy Russiýa-Özbegistan gatnaşyklaryny esasanda ykdysady ugurda has-da ösdürme maksadynyň ilkinji ädimleri hökmünde seljerilip bilner.

Mirziýoýew Özbegistan üçin täze bir başlangyç bolar. Kerimow Türk Geňeşi ýaly sebitleýin hyzmatdaşlyk guramalaryna ýakyn durmady. Şol syýasatyň özgermegi sebitdäki ähli aktýorlar we Özbegistan üçin bähbitli bolup biler. Özbegistanda nagt pul serişdesi we energetika taýdan kynçylyklaryň bardygy mälim. Şol meseleleriň çözülmeginde daşary ýurt maýa goýumlary we sebitleýin hyzmatdaşlyklar peýdaly bolup biler.

Mirziýoýew 13 ýylyň dowamyň Kerimowyň Premýer ministri bolup işledi. Şeýlelikde Mirziýoýewiň gysga möhelet düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegi ýeňil bolmasa gerek. Emma Mirziýoýew ýurduny we sebiti gowy tanaýar. Geljekde Özbegistanyň Türk Geňeşi bilen gowy gatnaşyklar açmagy hem sebit hem-de türk dünýäsi üçin diýseň bähbitli bolar. Eýsem Özbegistan türk dünýäsiniň esasy ýurtlaryndan biri.



Degişli Habarlar