Dost-Doganşygyň Taryhy

Watanymyz aýry, göwnümiz birdir (Türkmen türk edebiýaty)

655597
Dost-Doganşygyň Taryhy

Türkmen edebiýaty iň gadymy edebiýatlaryň biridir. Ol özüniň taryhyny gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Türkmen edebiýaty bizi gadymy zamanlardan başlap, şu günlere çenli halkyň ýaşaýşy, durmuşy, dürli wakalara gatnaşyşy, gahrymançylyklary, pajygaly ýagdaýlary, arzu-islegleri, bagtly-şatlykly durmuşlary bilen çeper tanyş edýär.

Ata-babalarymyzyň durmuşy, ahlagy, gylyk-häsiýetleri, guran döwletleri, taryhy şahslary we beýlekiler hakynda döredilen hem-de dünýä edebiýatynyň genji–hazynasyna öwrülen eserleri bize miras goýypdyr.

Türkmen we türk edebiýaty özüniň gözbaşyny bir ýerden alyp gaýdýandygy üçin her iki halkyň hem döreden şahyrana eserleri birbirine meňzeş bolupdyrlar diýsek öte geçmeris, çünki Anadolydaky osmanly türkmenleri özleriniň döreden dessanlarynda gadymy türki edebiýatynda yslamdan öňki döwürde döredilen mifiki dessanlaryň däplerini saklapdyrlar. Mysal üçin, “Osmanyň düýşi” dessanyndaky agaç, yşyk, gylyç, daşa öwrülen ýüzük we beýlekiler “Ýaradylyş” dessanynda duş gelýän milli dessan serişdelerindendir. Süleýman Patyşanyň sallar bilen Rum iline geçişi baradaky hekaýatda hem Oguz han Türkmeniň Itil suwuny geçişine örän meňzeş wakalar beýan edilýär. Deňeşdirilmekde bolan dessanlar Oguz türkmenleriniň we osmanly türkmenleriniň Anadoluda gurlan iň beýik döwletleriň biri bolan Osman-türkmen döwletiniň kemala gelşi barada örän gyzykly maglumatlar berýär.

 

         Diňe bir bu dessanlar däl, ondan soňky döwürlerde döredilen eseler göz öňünde tutulan wagty, hem Türkmen hem–de türk halklary tarapyndan umumy edebi miras hökmünde ulanylandygyny görkmek bolýar. “Gorkut ata”, “Oguznama”, ”Görogly” ýaly eserleri bolsa bu iki halkyň döreden şahyrana eserleri hökmünde agzap geçmek bolar.

 

            Bu iki halkyň öz taryhyny gadym zamanlardan alyp gaýdýan edebiýaty olaryň edebiýatlary üçin umumy gymmatlygy emele getirýän we has ösen döwri bolan orta asyrlardaky eserlerden, ýagny dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyran Mahmyt Kaşgary, Omar Haýýam, Hoja Ahmet Ýasawy, Seýit Nesimi, Alyşir  Nowaýy, Garaja oglan ýaly beýik şahyrlardan nusga almak bilen hem türkmen hem–de türk şahyrlary we ýazyjylary özleriniň eserlerini döredipdirler.  

 

Ýokarda agzap geçen döwürlermizde bolşy ýaly, şu gepleşigimizde seredip geçmek isleýän döwrümiz bolan we hem türkmenleriň hem–de türkleriň durmuşynda giň gerimli özgerişliklere getiren rewolýutsiýalardan soňraky döwri öz içine alýan döwürde bolşy ýaly edebiýatlarynyň düýbiniň bir bolmagy, olaryň watanlarynyň aýry bolmagyna garamazdan, göwünleriniň birligini goparyp bilmändigine, olaryň edebi eserlerinde ele alýan mowzuklarynyň biri birine ýakyn bolmagyna alyp barandygyna şaýatlyk edýär.

 

Her iki halkyň başdan geçiren rewolýutsiýalaryndan soňky döwri suratlandyrýan eserlerde ýokarda agzap geçen dessanlarmyzda bolşy ýaly, mazmun taýdan biri birine meňzeş bolmasalar hem, şol döwrüň ýazyjy we şahyrlarynyň ýazan eserleriniň esasy mowzugy rewolýutsiýa bilen bile gelen üýtgeşiklikleri ele alan süjetlerden ybarat bolup durýandyklaryny görmek bolýar.

 

            XX asyryň başyndaky türkmen edebiýatynyň taryhyny Döwletmämmet BalgyzylMolladurdyBaýram şahyrKörmollaDurdy Gylyç ýaly halk arasynda giňden tanalan şahyrlar bezeýär. Bu şhyrlar öz eserlerini, esasan durmuşy, sosiyal deňsizlik temalarda düzüp, türkmen edebiýatyna öz goşantlaryny goşupdyrlar.

 

Türkmen sowet edebiýaty özüniň döreýiş we ösüş başlangyjyny beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyň ýeňşinden alýar. Onuň döreýiş we ösüş prosesi ýurdumyzdaky sosiýalistik durmuş ajaýyp söz ussatlarynyň ýazyjydyr şahyrlaryň: MollamurtuňBerdi KerbabaýewiňAta GowşudowyňAgahan DurdyýewiňOraz TäçnazarowyňHydyr DerýaýewiňNurmyrat SaryhanowyňAta SalyhyňAman KekilowyňGara SeýitliýewiňTowşan EsenowanyňKerim Gurbannepesowyň we başgalarynyň döredijilik talanty bilen berk baglanyşýar.

 

Türkmen Sowet edebiýaty geçen taryhy döwrüň içinde tema, ideýa-çeperçilik, janr taýdan has ösýär we kämilleşýär. Onuň taryhyny Beýik Oktýabr, W.I.Lenin, partiýa, türkmen halkynyň geçen taryhy-rewolýusiýon ýoly, beýik watançylyk urşunda sowet halkynyň beýik ýeňşi, parahatçylyk, halklaryň dostlygy, Sowet adamsy we onuň zähmet hem ahlak sypatlary barada ýazylan ýüzlerçe çeper, şahyrana eserler bezeýär.

 

Edil şonuň ýaly hem türk edebiýaty respublikanyň yglan edilmegi we ondan soňky döwürdäki edebiýaty, türkmen edebiýatynda bolşy ýaly Türkiýedäki hakykaty giňişleýin açyp görkezmeklige gönükdirilýär. Ýurdyň ähli ýerlerindäki şäherdir obalaryndaky ýaşaýşy we adamlaryň arasyndaky aragatnaşyklary açyp görkezmeklige gönükdirilen eserler döredilýär. Bularyň hatarynda Respublika döwrüne degişli eserleri döredenleriň arasynda milli edebiýat diýlip at berlen akyma degişli bolan Yakut Kadri Karaosmanoglu we Halide Edip Adywary agzap geçmek bolar.   

Türkmen edebiýatynda, türkmen halkynyň rewolýutsiýanyň yz ýany başdan geçirenleri, türkmenleriň durmuşy hakyndaky Beki Seýtäkowyň  “Doganlar” trilogiýasy we “Bedirkent” romany bütewilikde uly epohal eser bolmak bilen birlikde, şol döwürdäki durmuş wakalaryny beýan edýän sýujetlere baý bolan bolsa, edil şol sýujetlere meňzeş sýujetleri Ýaşar Kemalyň 1930–njy ýyllarda ýazan “Sypaýy Mehmet” romanynda hem gabat gelmek bolýar.   

 

Türkmen we türk edebiýatçylarynyň ýaşan döwürleri we ýerleri biri birine gatybir meňzäp durmasa hem, olaryň watanlarynyň aýry bolmasy, göwünleriniň bir bolmagyna päsgel berip bilmändigini biz olaryň edebi döredijiliklerinden hem görüp bilýäris. Şonuň üçin bolsa gerek, hem türkmen edebiýaty hem–de türk edebiýaty döwrüniň wakalaryny beýan edişi babatyndan biri birine meňzeýändigi bilen hem ünsi özüne çekip bilýär.   

 



Degişli Habarlar