Ýewraziýa Syn

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Özbegistana guran sapary

622628
Ýewraziýa Syn

Prezident R.T. Erdogan 17-18-nji noýabr aralygynda Özbegistana sapar gurady. Pakistandan Samarkanda gelen Prezident Erdogany Samarkandyň howa menzilinde Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow garşylady.

Erdogan Samarkantda ilki bilen Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Kerimowyň aramgähine bardy. Zyýaratda Özbegistanyň Prezidentiniň wekili Şewket Mirziýaýew Prezident Erdogana ýoldaşlyk etdi.

Ondan soň Prezident R.T. Erdogan Samarkantdaky döwlet kabulhanasynda Şewket Mirziýaýew bilen duşuşyk geçirdi. Erdogan duşuşykda: “Özbegistan döwlet däbi, taryhy mirasy we strategik ýerleşişi bilen sebitde asudalygyň kepilligi. Özbegistanyň syýasy asudalygynyň we ykdysady galkynyşynyň dowam etjekdigine ynanýaryn. 4-nji dekabrdaky saýlawlarda üstünlik arzuw edýärin. Saýlawlardan soň Prezident derejesindäki ilkinji saparyň Özbegistandan ýurdumyza ýa-da ýurdumyzdan Özbegistana guralmagyna hoşal bolarys” diýdi. Mirziýaýew bolsa öz gezeginde: “Siziň ençeme gezek aýdyşyňyz ýaly doganlyk gatnaşyklaryny diňe sözde dälde, hyzmatdaşlykda, ýerine ýetirjek işlerimizde görkezmegiň wagty geldi diýmegiňiz maňa ýakyn gelýär” diýdi.

18-nji noýabrda Prezident Erdogan Samarkant şäheriniň taryhy ýerlerini gezip gördi we sapar şular ýaly ýagdaýda tamamlandy.

Prezident Erdogan awgust aýyndan bäri yzly-yzyna Russiýa, Hytaýa, Belarussiýa, Pakistana we Özbegistana sapar gurady. Bu ýurtlaryň umumy 2 aýratynlygy bolsa olaryň umuman Gündogar ýurtlary bolmagy we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýa-da guramada synçy ýurt bolmaklary. Prezident Erdoganyň Özbegistan saparyndan gaýdyp gelýärkä: “Şanhaý hyzmatdaşlygynyň esasy 5 agzasy bizi arkaýyn eder” diýip belledi.

Prezident Erdoganyň Özbegistana guran sapary diňe Türkiýäniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagy bilen baglanşykly däldi. Türkiýe Özbegistan bilen 1990-njy ýyllaryň ahyrynda bozulan gatnaşyklary düzletmek isleýär.

Erdogan Premýer ministr wezipesine ýaňy bir saýlanan mahaly Özbegistana resmi sapar gurady. Emma şol wagtlar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary düzeldip bolmandy. Samarkantda geçirilen duşuşykda Şewket Mirziýaýew şonuň üstünde durup geçdi.

Türkiýe 2012-nji ýylda gatnaşyklary düzeltmek üçin täzeden herekede geçdi. Şol döwrüň Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Nýu-Ýorkda Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşyp 2013-2015-nji ýyllary öz içine aljak hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň taýarlanmagy babatynda ylalaşypdylar. 2013-nji ýylyň noýabr aýynda şol wagt Medeniýet ministr bolan Ertugrul Günaý Özbegistana sapar gurady. 2014-nji ýylda Soçidäki Gyşky olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Russiýa giden şol wagt Premýer ministr wezipesini ýerine ýetirýän R.T. Erdogan ol ýerde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Kerimow bilen duşuşdy. Iki ýurduň Daşary işler ministrleri 2014-nji ýylyň maý aýynda Şanhaýda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynamy artdyran çäreler konferensiýasynda duşuşdylar. 2014-nji ýylyň 10-12-nji iýul aralygynda şol döwrüň Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly, şol ýylyň 13-14-nji sentýabr aralygynda bolsa Sport ministri Çagataý Kylyç Özbegistana sapar gurady. Bu  wakalar bolýarka bolsa Türkiýe Daşkentde ýaňadandan ilçihana açdy.

Yslam Kerimowyň aradan çykmagyndan soň Prezident wezipesine saýlanjakdygyna ynanylýan Şewket Mirziýaýew goňşy ýurtlar bilen gowy gatnaşyklary ýola goýjakdygy barada ýüzlenme berdi.

Bar ünsler Kerimowyň syrkawlygy bilen bolan Özbegistan Türkiýedäki 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly beýanat bermezligine garamazdan, Türkiýe Kerimowyň jynazasyna Wise-premýer derejesinde wekiliýet ugradyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini ýaňadandan beýan etdi.

Özbegistan-Türkiýe gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilmegi ikitaraplaýyn, sebitleýin we Türki dilli Respublikalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi taýdan örän wajypdyr. 30 milliondan gowrak ilaty, güýçli goşuny we güýçli döwlet ulgamy bilen Özbegistan sebitiň wajyp ýurtlarynyň biridir.

Iki ýurduň arasynda 2015-nji ýylda 1,2 milliard dollar bolan söwda kuwwadyny syýasy gatnaşyklaryň özgerdilmegi bilen arkaýyn 2 esse artdyryp bolar. Ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi syýasy gatnaşyklara zyýan bermeginiň öňüni aljakdyr. Indi Özbegistanyň resmileriniň Türkiýä sapar gurar diýen tama bar.



Degişli Habarlar