Ýewraziýa Syn

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýä guran sapary

604059
Ýewraziýa Syn

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin XXIII Bütindünýä Energetika kongresine gatnaşmak üçin 10-njy oktýabrda Stambula resmi sapar gurady. Wladimir Putin Stambul şäherine uly bir wekiliýet bilen geldi. Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Wise-Prezident Ýuriý Uşakow, Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Energetika ministri Aleksandr Nowak, Ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew, Baş ştabyň başlygy Waleriý Gerasimow, Gazpromyň başlygy Alekseý Miller, Russiýanyň Ýadro Energetika guramasy Rosatomyň başlygy Alekseý Lihaçew we Rosneftiň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Igor Seçin bardy. Putiniň sapary maslahata gatnaşmak bilen çäkli däldi.

Bütindünýä Energetika kongresinden soň Türkiýäniň Prezidenti Russiýanyň Prezidenti bilen Ýyldyz köşgüniň Mabeýn bölüminde duşuşdylar. Erdogan-Putin duşuşygy takmynsn 2 sagat dowam etdi. Duşuşykdan soň Russiýanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirjek Türk Akymy tebigy gaz turba geçirjisi taslamasy üçin hökümetara şertnama baglaşyldy. Şertnama bilen baglanşykly köp beýanat berilmesede Türk Akymy taslamasynyň gurluşygynyň çaltlandyryljakdygy bellendi. Ilkinji gezek 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan mälim edilen Türk Akymy tebigy gaz turba geçirjisi iki geçirijiden ybarat bolup, jemi 32 milliard kub metr göwrüme eýe. Tebigy gaz turba geçirjileriň biri göni we diňe Türkiýä degişli bolar, beýlekisi bolsa Russiýadan iberilýän gaz Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýetirilmek maksat edinilýär.

Liderler gepleşiklerden soň metbugat işgärlerine brifing berdiler. Prezident Erdogan: “Şu günki gün hormatly Prezident bilen netijeli gün geçirdik. Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky kadalaşma etabynyň tiz ýagdaýda dowam etjekdigine ynamym doly” diýdi.

Wladimir Putin bolsa Türkiýä tebigy gazyň bahasynyň arzanladylmagy babatynda buýruk berendigini habar berdi. Putin mundan başgada Türk-Rus gatnaşyklarynyň emeli hemra taslamalaryna çenli ýetiriljekdigini nygtady. Putin: “Emeli hemra babatynda hem hyzmatdaşlyk ösdüriler. Bu ugurdaky alyp barýan işlerimiz dowam edýär. Roskosmos Türk emeli hemralaryny äleme uçurar” diýdi. Duşuşykdan soň Erdogan Putini resmi ulagyna çenli ugratdy.

Prezident Diwanynynyň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn metbugata beren beýanatynda Putin-Erdogan duşuşygynda Russiýa bilen senagat ugrunda hyzmatdaşlyk ediljekdigi barada ylalaşdylar. Kreml hem Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Russiýadan howa goranyş ulgamyny satyn almak barada gepleşik geçirendigini mälim etdi.

Iki lideriň geçiren gepleşiklerinden soň ýurtlaryň arasynda geçen ýylyň ahyrynda başlan dartgynlyk has hem gowşamaga başlady. Mysal üçin Russiýanyň hökümeti 11-nji oktýabrda Türkiýeden eksport edilýän mandarin, erik, şepdaly we alça ýaly önümleriň gadagançylygyny ortadan aýyrdy. Bu babatda Putin Stambulda beýanat berdi.

Russiýanyň Energetika ministri we Russiýa-Türkiýe hökümetara komissiýanyň wekili Aleksandr Nowak 12-nji oktýabrda Ankaranyň we Moskwanyň iki ýurduň arasyndaky telekomunikasiýa we rouming bahalarynyň arzanladylmagy babatynda gepleşikleriň geçirilendigini belledi.

Uçar krizisinden soň Putin bilen Erdogan 3-nji gezek duşuşyk geçirdiler, 4 gezek bolsa telefon arkaly söhbetdeş boldylar. Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary tiz ýagdaýda kadalaşýar. Kadalaşmak etaby hem iki ýurt üçin, hem-de sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin wajypdyr. Siriýa krizisi başda bolmak bilen Yrak, Karabag, terrora garşy göreş babatyndaky Türkiýe-Russiýa hyzmatdaşlygy energetika, goranmak senagaty, ykdysadyýet we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarar.



Degişli Habarlar