Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Ahmet Ýasawy

604053
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Ahmet Ýasawy Türkistanyň Piri.

Ahmet Ýasawynyň  doglan ýyly entek anyk bilinmesede, mugallymy Ýusuf Hemedana görä Ahmet Ýasawy 11-nji asyryň 2-nji ýarymynda dünýä gelipdir. Saýramyň tanymal adamlarynyň biri bolan Ahmet Ýasawynyň kakasy dört çaryýaryň iň soňkysy bolan Aliniň neberelerinden bolandygy kabul edilen Şyh Ybraýymdy. Ejesi bolsa Şyh Ybraýymyň derwüş okuwçylarynyň biri bolan Musa Şyhyň gyzy Äşe Hatyndy. Ahmet Ýasawy Haje Ahmed, Haje Ahmed Ýasawy, Kul Haje Ahmed, Piri Türkistan ýaly atlar bilen tanalypdyr. Ol Alla bolan söýgi, akýüreklilik, geçirimlilik, adam hukuklary we azatlyklary, zenanlaryň hukuklary, ylym we akyl, adam söýgüsi ýaly mowzuklardaky pikirlerini sada dilde düşündiripdir we şeýlelik bilen onuň Diwany Hikmet atly eseri ýüze çykypdyr.

Ahmet Ýasawy ilkinji bilimini Ýesi şäherinde alypdyr. Ol Arslan Babanyň terbiýesi we görkezen ýoly bilen ýetişipdir. Belli bir wagt soň bolsa şöhrady her tarapa ýaýrap başlapdyr. Ahmet Ýasawy halypasy Arslan Babanyň ýogalmagyndan soň şol zamananyň yslam mekezleriniň biri hökmünde hasaplanýan Buhara gidipdir. Ol bu şäherde zamananyň güýçli alymy we sopysy Şyh Ýusup Hemedaniden bilim alypdyr. Ahmet Ýasawy Ýusup Hemedani ýogalanyndan soň Abdullah Berkiden, ol hem aradan çykandan soň bolsa Şyh Hasan Endakiden bilim alypdyr. 1160-njy ýylda halypasy Hasan Endaki ýogalanyndan soň Ahmet Ýasawy ýol görkeziji wezipesine geçipdir. Birnäçe wagt soň bolsa ýol görkeziji wezipesine Şyh Abdülhalik Gujdüwana berip Ýesä gaýdyp baryp, ömrünň soňuna çenli ol ýerde ýol görkeziji wezipesini dowam etdiripdir.

Ahmet Ýasawy 63 ýaşynda howlusynyň bir ujunda şägirtlerine çilehana gurdurypdyr we ýogalýança çenli ol ýerde ybadat edip geçiripdir. Ol ýerde näçe wagt galandygy belli däl, emma ýogalýança çenli ol ýerde galandygy we çykmadygy mälimdir.

Ahmet Ýasawy sünnileriň hanefi messebine degişli akyldardy. Ol medresede okan, dini ylymlar bilen birlikde sopyçylygy hem gowy öwrenen alymdy. Akyldar döwrüniň ençeme dini alymlary we sopylary ýaly däldi, ol öwrenen zatlaryny ýerli we gonup-göçen halkyň düşünjek dilinde düşündiripdir. Ahmet Ýesewi medresede okan ýyllarynda öz dilinden daşary arap we pars dillerini hem öwrenipdir. Halypasy Ýusup Hemedani bolsa Bagadatda Nyzamülmülk medresisinde okap Buhara gelen zamananyň güýçli almlarynyň biridi. Ahmet Ýasawy sopyçylygyň yslamdaky manysyny we ýaşaýş mysalyny öz durmuşynda görkezýärdi, nesihatlaryny sada dil bilen özünden soňkylara şygyrlar görnüşinde ýetirýärdi. Hikmet atly şol şygyrlar şägirtleri arkaly iň uzakdaky türki halklara hem ýetirilýärdi.

Ahmet Ýasawynyň köp sanda şägirdi bardy. Şolaryň arasynda iň bellärlilikleri Arslan Babanyň ogly Mansur Ata, Mansur Atanyň ogly Abdülmelik Ata, Horezmli Seýit Ata we türki halklaryň arsynda iň şöhrat gazanan alymlaryň biri bolan Süleýman Häkim Ata dagylar bardy.

Ahmet Ýasawy edebi şahsyýetinden ozal ruhy şahsyýeti bilen, taryhy durmuşyndan ozal bolsa rowaýata öwrülen şahsyýeti bilen Türkistanyň ruhy taýdan wajyp we ähmiýetli pikirzadasydyr. Oňa meňzeş uly bir territoriýada we ençeme asyr täsirini dowam etdirip bilen başga bir şahsyýet ýokdyr.

Diwany Hikmet eserinde Ahmet Ýasawynyň ömri döredijiligi barada käbir maglumatlar bardyr. Onuň eseri Türkistandan Balkan ýurtlaryna, Hindistandan Anadoly aralygyndaky ähli ýerlerde bilinýär we okalýar.



Degişli Habarlar