Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar 25

Yrakdaky soňky ýagdaý

522269
Türkiýäniň nukdaýnazaryndan Ýakyn Gündogar 25

 

 

Halkara terror guramasy hökmünde DAEŞ ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki halkara hyzmatdaşlygynyň Yragy basyp almagy sebäpli ýüze çykan haos şertlerinde döredi. Basyp alyjylaryň we soň bolsa Yragyň syýasatynda hökmürowan bolan güýçlerin sünni arap ilaty mariginallaşdyran syýasatlary DAEŞ-iň kök urmagyny üpjün etdi. Soň bolsa güýçlendi. Siriýada dowam edýän haos hem DAEŞ-iň Yrak serhetleriniň çäginde daşary ýaýramagyna sebäp boldy.

2014-nji ýylyň başynda günbatar Yrakdaky şäherlerde we Yragyň esasy şäherlerlerinden biri bolan Mosulda häkimiýetini ornaşdyrmagy DAEŞ taýdan öwrülşik nokady boldy. Özüni döwlet hökmünde yglan eden terror guramasy Samarra we Tikrit şäherlerinde-de ýaýbaňlandy. Demirgazyk Yrakda Kürt Awtanomiýasyna we Kerkuk şäherlerine-de howp salmaga başlady.

Bagdadyň DAEŞ-e garşy göreşmekdäki ejizligi Amerikan hökümetini herekete geçirdi. ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde döredilen halkara hyzmatdaşlygy 2014-nji ýylyň tomus aýlarynda gurama garşy operasiýalaryna başlady. 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda DAEŞ Yrakda gözegçilik edýän ýerleriniň 40 göteriminden çekilipdi. Yragyň paýtagty Bagdatda yzly-yzyna guralan guramanyň boýun alan bombaly hüjümlerinden soň DAEŞ-e garşy operasiýanyň maksady Falluje şäherini halas etmäge gönükdi. Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadiniň 23-nji maýda beren beýanatyndan soň Falluja operasiýa başladyldy. Yragyň harby güýçleri bilen birlikde şaýy Haşdi Şabi ýaragly topary, Yragyň polis güýçleri we sünni taýpalaryň döreden meýletin toparlary hem operasiýa gatnaşdylar

Haýdar Al Abadi 18-nji iýunda Fallujanyň şäher merkezine girendiklerini we şäheriň halas edilendigi yglan etdi. Emma şäherin demirgazyk etrapçalarynda çaknyşyklar entegem dowam edýär.

Soňky günlere çenli şäheriň ilatynyň az böleginin şäherden gitmegi operasiýany kynlaşdyran faktor bolupdy. Şol sanda  gazylan hendekler, köp sanly bombaly duzaklar we asuda ilatyň galkan hökmünde ulanylmagy operasiýany çylşyrymlaşdyrdy.

Mundan bir hepde ozalam şäheri terk eden asuda ilatyň sany birnäçe müň adamdan ybaratdy. Emma DAEŞ-e agyr zarba urulandygyna garamazdan çaknyşyklaryň dowam etmegi Fallujada we golaýdaky ilatly ýerlerden asuda ilatyň gitmegine sebäp boldy. BMG-niň Adam Hukuklary boýunça utgaşdyryjy ofisiniň habar bermegine görä 18-nji iýun güni şäherden gidenleriň sany 83 müň adama ýetdi.

DAEŞ Fallujadan saplanandan son Bagdat üçin iň esasy mesele 2003-nji ýyldan bäri başdan geçirilen wakalar sebäpli yzgiderli häsýetde ejir çeken sebitiň halky bilen ediljek gatnaşyk bolar. Şaýy Haşdi Şabi söweşijileriniň degişli bolmagyndaky ekstremist güýçleriň şäheri terk edýän bolan çemeleşmesi geçen hepdelerde gün tertibine gelipdi. Anbar welaýatynyň häkiminiň beýan etmegine görä 50-ä golaý adam öldürilipdir we 650 sanysy dereksiz ýitipdir. Yragyň goşuny mesele bilen ýakyndan gyzyklanyp käbir adamlary tussag edendigi we derňew işinin başlandygyny görýäris. Emma resmi hökümetiň we goşunyň ekstremist söweşijilere artykmaç täsir ýetirip bilmeýändigi mälim. Fallujanyň halkynyň geçmişde-de duçar bolan şuňa meňzeş şertler şäheriň Amerikan hüjümleriniň ilkinji ýyllarynda esasy göreş merkezine öwrülmegine sebäp bolupdy. Şol sanda DAEŞ-iň öňbaşçysy hökmünde Al Kaýdanyň Yrakdaky bölümi hem bu şäherde özüne amatly şert tapypdy. Al Kaýdanyň zulumlary sebäpli şäheriň halky gurama garşy göreşe goldaw berip, onuň ýok edilmegine goşant goşupdy. Emma merkezi hökümetiň sebiti ünsden düşürmegi we halkyna deň göz bilen garamazlygy 2014-nji ýylda DAEŞ-iň sebitde güýçlenmegine sebäp bolan wakadyr.

DAEŞ-den halas edilmek islenýän Fallujanyň halky söweşijiler bilen gatnaşyk etmek islemeýär. Şol sebäpli Anbar welaýatynyň ýolbaşçylary Bagdatdan Fallujanyň halkynyň Haşdi Şabi söweşijileri bilen hiç hili ganaşyk edilmezligi üpjün etmegini isleýärler. Şeýle-de şäher DAEŞ-den halas edilenden soň söweşijileriň şähere girmegine rugsat berilmezligini talap edýärler. Aladalandyrýan zatlardan biri hem : Tikrit ýaly DAEŞ-den halas edilen sünni ýaşaýyş ýerlerine çaknyşykdan ozal şäherden giden ilatyň dolanyp gelmegine rugsat berilmezligi. Bu şäheriň demografiýasynyň üýgediljekdigi barada alada döredýär.

Fallujanyň halky taýdan merkezi hökümetiň şäheri DAEŞ-den halas etmegi sözün doly manysyndaky halas edilme däl. Şol sebäpli resmi Bagdadyň maksady Fallujany halas etmekden zyýada onuň halkyny ýanyna çekmek bolmaly. Şäheriň ilatyň resmi Bagdat tarapyndan hökümetden çetleşdirilen sünni ilatdan emele gelmegi hökümete garşy güýçleriň ol ýerde özüne goldaw tapmasa hem gaçybatalga tapmagyny üpjün edýär. Şeýlelikde resmi Bagdadyň howpsyzlygynyň ýoly Fallujanyň sözün doly manysynda parahat ýaşamagyny üpjün etmekden geçýär. Şol çäkde sebitde işsizligiň azaldylmagy üçin çäreleriň görülmegi uly ähmiýete eýe. DAEŞ we beýleki terror guramalarynyň dini ýoýup, halky aldadýan çemeleşmelerine garşy halkyň sarpa goýýan, öz arasyndan ýetişen din adamlarynyň täsiriniň güýçli boljakdygy hem ünsden düşürilmeli däl. Jemläp aýdanymyzda Yragyň merkezi hökümetiniň öňündäki synag Fallujany ýaňadandan halas etmek däl. 2003-nji ýyldan bäri hötdesinden gelinmeýän meseläni çözmegi möhüm.



Degişli Habarlar