Yslamy övreneliň 06

Allanyň adamlar bilen dialogy melekler arkaly vahýi ugratmak görnüşinde bolupdyr

521714
Yslamy övreneliň 06

 

Allanyň adamlar bilen dialogy melekler arkaly vahýi ugratmak görnüşinde bolupdyr. Allanyň buýruklary kitaplary arkaly adam ogluny ýetirildi. Alla, kelamy bolan kitaplar bilen adamzada dogry ýoly görkezip, hukuklaryny ve borçlaryny, hak bilen batyly beýan edipdir. Ylahy kitaplar allanyň mukaddes kanunlarydyr. Şeýlelikde allanyn adamzada bahşeden esasy lutuflaryndan biridir.

Habaryny ýetirmek üçin beýik allanyň pygamberlerine inderen ylahy kitaplarynyň ählisine iman etmeklik, imanyň esaslaryndan biridir.

Kitaplara iman etmek, allanyň kelamynyň dogry ve hakylygyna iman etmeklikdir. Kitaplara iman, allanyn adamlaryň arasyndan saýlap alan pygamberleriniň käbirine kitaplary inderendigine, şol kitaplary özleşdirip, onuň talaplaryny berjaý edemleriň dünýä ve ahyret bagtyýarlygyna ýetjekdiklerine doly ynanmagy aňladýan adalgadyr.

Kitaba ynanmak durmuşyny onuň ýolbeletliginde ýaşamak, hökümlerini birkemsiz berjaý etmäge synanşmaklykdyr.

Beýik alla “Kim-de kim allany, meleklerini, kitaplaryny, ilçilerini ve ahyret gününi inkär etse, ol ýoldan çykandyr” diýmek bilen, kitaplara ynanmazlygyň kapyrlyk ve ýoldan çykmaklyk bolandygyny beýan edipdir.

Ylahy kitaplar allanyn kemal özboluşlygynyň eseridir. Pygamberlerine vahýi arkaly ugradan habarynyň konkretleşen formasydyr. Pygamberlere inderilen kitaplara ylahy kitap diýilmeginiň sebäbi, olaryň alla tarapyndan ugradylmagy, söz ve mazmun taýdan olara adamyň eliniň degmänligidir. Ähli ylahy kitaplar allanyň kemalydyr. Çeşmeleri ve eýe bolan manylary taýdan aralarynda tapavut bolmazlyk bilen birlikde Gurhandan daşgary kitaplaryň adamlar tarapyndan üýtgedilendigigini hem nygtap geçmek ýerlikli bolar. Gurhan alladan gelişi ýaly goralypdyr ve kyýamata çenli hem goraljakdygy beýan edilýär.

Allanyň kitaplary, onuň sözleriniň harplar ve setirler arkaly beýan edilmegidir. Şeýlelikde onuň kitaplary sözleriň iň gymmatlysydyr. Şol sebäpli Hezreti pygamber “Allanyň sözleriniň başga sözlerden gymmaty allanyn ýaradanlaryna bolan gymmaty ýalydyr” diýip nygtapdyr.

Başga bir hadysda bolsa “Allanyň öňünde öz sözünden ýokarda söz ýokdur. Bendeler hem allaga öz sözünden has süýji söz bilen jogap berip bilmändirler” diýmek bilen, allanyň kemalynyň beýikligi nygtalýar, onuň deňi-taýynyn bolmajakdygy beýan edilýär.

Beýik alla inderen kitaplarynda adamyň rebini dogry tanap, oňa gulluk etmegini ýola goýjak duýduryşlara aýratyn üns beripdir. Ynanç ve ybadatlar bilen bagly movzuklar, ahlak borçlary, geçmiş ummatlaryň eýe bolan tejribeleri, dünýä durmuşy üçin möhüm bolan dessurlar ve ahyret durmuşynyň manyzy ýaly movzuklar umuman ylahy kitaplaryň mazmunyny emele getirýär. Alla, ylahy kitaplarda beýan edýän esaslary arkaly dünýäde ve ahyretde bagtyýarlyga ýetmekleri üçin adamlara ýol görkezýär.

Gurhanda ve hadyslarda beýan edilmegine görä Tövrat Hezreti Musa, Zebur Hezreti Davuda, İnjil Hezreti İsa, Gurhan bolsa Hezreti Muhammede inderilipdir. Şol sanda Hezreti Adama 10, Hezreti Şite 50, Hezreti İdrise 30 ve Hezreti Ybraýyma 10 sahypa inderilendigi nygtalýar.

Hezreti Pygamberden ve Gurhandan habarly bolan ähli adamlaryň hem şol ylahy çagyryşa degişli hökmünde allanyň inderen soňky pygamberine ve soňky kitabyna iman etmegi mejburydyr.

Gurhan kyýamada çenli geljek ähli adamlara ýüzlenýär ve ýolbeletlik edýär. Adamzat soňky ylahy kitap bolan gurhanyň hidaýadynda ve ýolbeletliginde öz tejribesiniň hem-de akylynyň liderligine tabşyryldy. Muhammet Pygamber “Size şeýle bir zat goýýaryn velin, ony gujaklasaňyz asla ýoldan çykmarsyňyz. Ol allanyň kitabydyr” diýmek bilen, ummadyna goýup giden esasy mirasynyň Gurhandygyny habar beripdir.

Ylahy kitaplaryň inderiliş hikmetleri barada gysgaça şulary aýdyp bileris: Ylahy kitaplar adamlar üçin ýolbeletdir. Allaga gulluk, tebigat bilen aragatnaşyk ve adamlar bilen agzybir ýaşamaklygyň düzgünleri şol ýolbeletde beýan edilýär.

Allanyň hökümleri şol kitaplar arkaly övrenildi. Şol kitaplar bolmadyk bolsady, adamlar durmuşyny kadalaşdyrjak ýörelgelerden mahrum bolardylar. Ýaradylaşlaryndaky hikmetden, borçlardan, jogapkärçiliklerden ve hyret baradaky maglumatlardan bihabar bolardylar.

Kitaplardaky manydyr mazmunlar adamyň öz ukyby bilen göz ýetirip bilmejek hususlardyr. Adam özi barada govy ve erbet bolan işleri, özüne garaşýan soňy ve nebsine garşy nähili göreşjekdigini doly bilip bilmez. Eger-de şol maglumatlar berilmedik bolsady adamogly geçmişini ve geljegini bilmezdi, synagdan ybarat bolan dünýä durmuşynda başarnyksyz bolardy.

Ylahy kitaplar adamlaryň arasynda saýlanan pygamber arkaly gönderildi ve ylahy buýruklar ilki şolar tarapyndan berjaý edildi. Ol hem kitaplardaky hökümleriň berjaý edilip bilinýändigini görkezdi.

Kitaplar pygamberlerden soň hem ýüzlenme çeşmesidir. Olar arkaly adamlar allanyň dininden habarly bolarlar. Şahslaryň ve jemgyýetleriň ruhy durmuşy şolar bilen güýçlener.

 



Degişli Habarlar