Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary 20

Saltyknama: Sary Saltyk dessany

521336
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary 20

Saltyknama türkmen söweşiji we derwüş Sary Saltygyň dessana öwrülen başdan geçirmelerini, yslam dinini ýaýratmak ugrundaky söweşlerini gürrüň berýän uly dessandyr. Şazadalaryň ýetişdirilen wagty okadylýan nesihat, taryh we medeniýet ýaly ugurlary öz düzüminde jemleýän Saltyknama dessany häzirki günde hem mekdeplerde çagalara okadylmaly wajyp kitaplaryň biri bolmalydyr. Eserde Sary Saltygyň hekaýalary bilen birlikde, şol zamananyň meşhur adamlary bilen başdan geçirmeleri ýazylandyr. Dessanyň baş gahrymany Bilge we mert türkmen söweşijisi Sary Saltykdyr.

Sary Saltyk söweşiji türkmen derwüşidi. XIII asyrda ýazylan çeşmelere görä onuň dogulan we aradan çykan ýyly anyk bilinmesede, 1210-1297-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçendigi taryhy çeşmelerde ýazylýar. Osmanly şazadasy Jem Soltanyň buýrugy bilen Abul Haýry Rumy tarapyndan ýazylan Saltyknama dessany şol wagtlara çenli halkyň arasynda aýdylyp gelinýän Sary Saltyk Gazy baradaky dessandyr. Sary Saltygyň hakyky ady  Mehmetdir. Türkistanda Hoja Ahmet Ýasawynyň “Saltyk Mehmet seni Anadola ugradýaryn, ol ýere git, ýedi döwletlik ýerde at we şan gazan” diýip buýrugyny alan Sary Saltyk Anadolynyň we Balkanlaryň basyp alyjysydyr.

Abul Haýry Rumynyň 7 ýyl syýahat edip ýazan Saltyknama eseri örän sada dilde ýazylypdyr. Eseriň häzirki wagtda bilinýän 6 sany nusgasy bardyr. Kitabyň Topkapy köşgi kitaphanasynda, Milli kitaphanada 2 nusgasy, Halil beg kitaphanasynda, Stambul uniwersitediniň kitaphanasynda we Nejati Demiriň şahsy kitaphanalarynda nusgalary bardyr.

Saltyknama esasan hem Osmanly türkmen döwleti zamanasynda Rumili gazylarynyň arasynda ýaşan Sary Saltyk bilen baglanşykly aýdylanlar baradadyr. Eserde Seýýit Battal Gazy, Nasreddin Hoja, Ahi Ewran, Hajy Bektaş Weli, Ahiler, Mongollar, Haçlylar, Seljuklylar, Wizantiýa, Altynorda döwleti, Ýewropalylar, Babailer ýaly türk we yslam taryhy taýdan medeni we syýasy mowzuklarda maglumatlar bardyr. Esasan hem Osmanly döwletiniň gurluşy barada berilýän maglumatlar başga hiç bir çeşmede bolmaýan maglumatlardyr. Saltyknama yslam dininiň Balkanlarda we Ýewropada ýaýramagyny hekaýalar bilen düşündirýän eserdir.

Saltyknamada iň köp Seýýit Sary Saltyk Gazynyň saparlary barada durulyp geçilýär. Seýýit Battal Gazynyň neberesinden bolan Sary Saltyk Seýýit Battalyň atyny we hezreti Hamzanyň ýaraglaryny tapyp din ugrundaky söweşlere başlar we musulmanlygy ýaýratmak üçin bellener. Sary Saltyk adatdan daşary ukyplara eýe biridi. Ol duşmanlarynyň dinlerini we dillerini din adamsy ýaly bilen, her dürli hileler bilen olaryň şäherlerine, ybadathanalaryna we köşklerine girýärdi.

     Saltyknamadaky Sary Saltyk şahsyýeti ortaça musulman şahsyýetdir. Sünni messepiniň hanefi ugruna degişli bolan Sary Saltyk rafizilere we harijilere garşy söweşdi. Sary Saltyk Anadoly, Rumili, Krym, Siriýa, Müsür, Habeşistan, Balkanlar, Hytaý, Hindistan, Indoneziýa, Afrika, Andulusiýa we gypjak ýurdunda syýahat edipdir we söweşipdir. Uly sopylaryň biri bolan Sary Saltyk Hajy Bektaş Weli, Karaja Ahmet, Tapduk Emre, Fakih Ahmed, Möwlana Jelaleddin Rumy, Nasreddin Hoja ýaly adamlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr.

Saltyknama görä Sary Saltyk Osmanly begliginiň esaslandyryjysy Osman Gazyny Edirnä çagyryp biline guşak dakypdyr, ak selle geýdiripdir, doga we bir gurhan beripdir we ähli gazylaryň onuň töwereginde ýygnanmagyny wesýet edipdir. Saltyk Gazy söweşler bilen geçiren uzyn ömrüniň ahyrynda şehit bolupdyr, wesýeti boýunça ozaldan taýarlanan tabytlary tapawutly hökümdarlar tarapyndan alynyp öz ýutlarynda jaýlanypdyr. Şol sebäpli Sary Saltygyň ençeme ýurtda aramgähi bardyr. Emma ençeme taryhy çeşmede onuň häzirki Rumyniýanyň Babadag diýilen ýerinde ömrüniň soňky ýyllaryny geçiren ýeri bolandygy bellenip geçilýär.

     Saltyknama eserinde syýasat, din, dil, medeniýet, sungat, taryh, edebiýat ýaly ençeme ugurda maglumtalar bardyr.



Degişli Habarlar