Türkiýäniň täze dünýä garaýyşy 03

Türkiýe eýe bolan jemgyýetçilik we býurokratik meselelerini çözmek üçin konstruktiw özgertmeleri geçirmäge mejburdyr

440081
Türkiýäniň täze dünýä garaýyşy 03


Bu meselede belli bir netijäniň alynyp bilinmegi üçin jemgyýetçilik göz ýetimiň giňelmegi, tehniki şertleriň belli çäge ýetirilmegi we geljek bilen bagly dünýä garaýyşynyň bolmagy hökmany. Gelejek perspektiwasy bolmadyk jemgyýet haýsydyr bir meseläni çözüp bilmez. Täze ösüşleri hem amala aşyryp bilmez. Jemgyýetleri hyjuwlandyrýan esasy özboluşlyk adamlaryň aruz-hyýalynyň bolmagydyr. Martin Luther King Amerikadaky millet tapawudyny garaýyzlaryň ýüregine guýan hyýaly bilen ortadan aýyrdy.

Döwlet diýilýän organ, şahslaryň jemgyýetçilik taýdan isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilen guramadyr. Bu organyň hususy ideologiýa eýe bolmagy düýpli meseleleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şeýlelikde 1-nji jahan urşundan soň millilik ideologiýasyna esaslandyrylan döwletleriň esasy bölegi soňky döwürlerde şol özboluşlyklaryndan el çekmeli boldular.

Çünki millilik ideologiýasy netijede köp milletli imperiýalara we şalyklara garşy akym hökmünde ýüze çykypdy.

Plýuralizmiň antonimi we alternatiwi hökmünde bir görnüşlilik pikiri üçin millilik möhüm başlangyç emele getirdi.

Milli döwletler tebigy ýagdaýda eýe bolan tapawutlyklaryny ortadan aýyrmak üçin uly tagalla etdiler. Aslyna garalanda dünýä döwletleri 1-nji jahan urşundan soň belkem esasan assimilýasiýa we integrasiýa taýdan syýasat alyp baryp, strategiýa taýarladylar.

Soň bolsa dünýädäki özgerlişikler bu ugurda-da täze döwletleriň resmi ideologiýalarynyň gurluşynda-da tapawutlylyklary ýüze çykardy. Hat-da köp sanly döwlet özboluşly resmi ideologiýa eýe bolmaklygy kabul etmän, tapawutly syýasy mehanizme geçdi.

Gündogar blogynyň dargamagy bilen birlikde dünýädäki özgerlişik ýerlilige we ýerli dinamikalara tarap gönükdi.

Ýerli medeniýetler, dini ynançlar we şahsyýetler adamlar üçin esasy rekomondasiýa öwrülmäge başlady.

Bu belkem modern döwrüň iň çapraz we agyr meselelerinden birini gün tertibine getirdi.

Bir tarapdan bar bolan tehnikanyň we aragatnaşygyň netijesinde global oba öwrülen dünýäde biri-birine meňzemäge başlan adamlar, şol bir wagtda özbolyşly aýratynlygyny hem ýüze çykarmak isleýärler.

Şahslar bütin dünýäde barha ýaýbaňlanýan şol bir maglumatlar tehnologiýalaryndan peýdalanýandyklary we dünýä şol bir usul bilen seredýändikleri üçin birmeňzeşlik emele gelmäge başlady. Bu şahslaryň özboluşly aýratynlyklaryna we barlyklaryna howp salýan anafora öwrüldi. Şahsyýetler we özboluşlyklara abanýan şol howp sebäpli şahslar belkem köplenç halatda parhyna barmasalar hem öz aýratynlyklaryna uly üns bermäge başladylar.

Şahslar bilen döwrebaplaşmanyň we şahslar bilen döwletleriň arasyndaky şol çykgynsyzlyklar döwrebap dünýäde ähliumumy hukuk düzgünlerine esaslanýan başlangyç konwensiýalary konstitutsiýalar bilen utgaşdyrmaga synanşýarlar.

Döwrebap dünýä şol çaprazlyklary sözüň doly manysynda jemgyýetçilik şertnamalary atlandyrylýan konstitutsiýalaryna goşan kanunlarynyň ruhy bilen ýeňip geçdi. Tekstleriň çägini aşýan azatlyk we aç-açanlyk niýetlerini döwlet dolanşygynda başlangyç ýörelgä öwürdiler.

Eýsem biz oňa täze dünýä diýip bilermikäk? Elbetde diýlip bilner we täze dünýäniň esasy çemeleşmesi çaprazlyklary çaknyşyga öwürmän dolandyrmagyň hötdesinden gelmeklikdir.

Adamzat taryhynyň şol bir wagtda-da çaknyşyklar we çaprazlyklar taryhydygy ýatdan çykarylmaly däl. Emma her bir çaprazlygyň çaknyşyga öwrülmegi hökman däl. Onsuz hem adamzadyň bu dünýädäki mukaddes dowamaty hem çaprazlyklary pajygaly çaknyşyklara öwürmän dolandyrjak ulgamy döredip bilmegidir.

Şol sebäpli iň gowy döwlet tapawutlyklaryň arasynda eminlik edýän döwletdir. Döwletleriň başlangyç ýörelgeleri we funksiýalary hem jemgyýetleriň isleglerini hem-de talaplaryny demokratik, aç-açan ýollar bilen kanagatlandyryp bilmeýändigni görkezýär.

Hat-da bu ozallar giňden jedelleşilen jemgyýetçilik şertnamasy adalgasy bilen hem beýan ediler. Indi döwletleriň konstitutsiýalary şol bir wagtda döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky utgaşyklykly üçin şertnama özboluşlygyna eýedir.

Şol ylalaşyklardyr konstitutsiýalaryň esasy maksady eden-etdilikleriň ortadan aýrylmagydyr.

Döwletiň kanunlaryň çäginden çykmagynyň öňüni almak we kanunlary berjaý etmeýän raýatlara jeza çärelerini görmeklikdir.

Türkiýe taryhynynyň tas hiç bir döwründe jemgyýetçilik isleglere we talaplara laýyk konstitutsiýa ýazyp bilmedi.

Eger-de bir ýurduň halk tarapyndan ýazylan özboluşly konstitutsiýasy ýok bolsa, bir esaslandyryjy şertnamasy ýok bolsa, onda şol ýurtdaky jemgyýetçilik meseleleriň halkyň ygtyýary bilen hereket edýän mehanizmler bilen däl, eýsem býurokratiýa bilen çözülmäge synanşylýandygyny ýatdan çykarmalyň. Eýsem Türkiýede-de iň bir köne meseleleriň syýasat arkaly çözülmelidigi baradaky pikirler birnäçe ýyldan bäri janlanmaga başlady.



Degişli Habarlar