Türkiýäniň nukdaý nazaryndan Ýakyn Gündogar ​02

Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda dowam edýän dartgynlyk

437362
Türkiýäniň nukdaý nazaryndan Ýakyn Gündogar ​02

2-nji ýanwar anna güni Saud Arabystanda şaýy din adamysy Aýatulla Nimr Bakyr Al Nimr bilen birlikde 47 adam asylyp öldürildi. Al Nimr 2012-nji ýylda Arap bahary pitnelerinden Saud Arabystanynda guralan ýörişiň basylyp ýatyrylmagynyň dowamynda tussag edilipdi. Ýurtda daşary ýurduň agdarlyşygyna şert döretmek, syýasy awtoritara boýun egmezlik we pitnä höweslendirmeklik ýaly günäler bilen sud edilen Al Nimre 2014-nji ýylda ölüm jezasy berilipdi. Ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegi Eýranda we şaýy ilaty köp bolan arap ýurtlarynda protestleriň geçirilmegine sebäp boldy. Protestleriň dowamynda eýranly demonstrantlaryň Saud Arabystanynyň ilçihanasyna we konsullugyna degişli binalaryny ýykmaklary bolsa diplomatik dartgynlyga sebäp boldy. Saud Arabystany we hyzmatdaşlarynyň käbirleri Eýran bilen edýän diplomatik gatnaşyklaryny bes etdiler ýa-da derejesini peseltdiler. Eýranly ýolbaşçylar demonstrantlaryň hüjümlerini tassyklamaýandyklaryny beýan etmek bilen birlikde Al Nimriň öldürilmeginiň ýüze çykarmagy ähtimal netijeleri barada berk çykyş etdiler. Bahreýnde, Siriýada we Ýemende başdan geçirilenler sebäpli Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda dowam edýän dartgynlyk şol wakalar sebäpli hasam möwjedi. Emma alada döredýän esasy mesele bolsa wakalaryň sebitleýin messep söweşlerine sebäp bolup-bolmajaklygy. Şol çäkde üns çekilýän esasy ugurlardan biri şu günki günde Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýänleriň özeninde messepçi syýasatyň täsiriniň bolup-bolmanlygy.

Ýakyn Gündogarda ikinji jahan urşundan soňky döwürde başdan geçirileninden tapawutly bir sebitleýin suwuk söweşiň başdan geçirilýändigi hakykat. Emma onuň sebäbini messepçilik däl, eýsem sebitleýin syýasatyn dinamikalary emele getirýär. Başga bir söz bilen aýdylanda messep çaknyşyklary diňe görnüşden ybarat. Aslyna seredilende sebitiň geosyýasy özboluşlygyndan gelip çykýan syýasy bäsdeşlik we güýç göreşi meseläniň özenini emele getirýär. Birinjiden iki ýurduň taryhy bize 1979-njy ýyldan ozalky döwürde şertleriň häzirkiden has tapawutlydygyny görkezýär. Sowet howpy düşünjesi bilen hereket eden Eýranyň we Saud Arabystanynyň sowuk uruş döwründe ABŞ-nyň iki ýakyn hyzmatdaşy hökmünde sebitde bilelikde hereket edendikleri görülýär. 2012-nji ýyldan ozal Saud Arabystanynyň hökümetinin goňşy Ýemende şaýy ýolbaşçylar bilen umumy oňyn gatnaşyk edendigi görülýär. Häzirki wagtda Eýranyň ilatynyň 70 göteriminden gowragy şaýylardan emele gelýän Azerbaýjan bilen çäkli gatnaşyk edýär, emma onuň bilen çaknyşýan Ermenistan bilen diýseň gowy gatnaşyk edýär.

Göräýmäge messepçi ýaly hereket edýändigine garamazdan sebitdäki çaknyşygyň özebinde sebitleýin ilat giňişligini goramak we giňeltmek üçin edilýän strategik göreş durýar. Şu günki wakalary 1400 ýyl ozal nämeleriň bolandygy däl, eýsem 1979-njy ýyldaky Eýran ynkylabyndan soňky geosyýasy bäsdeşlik kesgitleýär.

1979-njy ýylda Eýranda gurulan syýasy ulgam sebitde bar bolan ulgama ideologik taýdan garşy durdy we sebitdäki güýç deňagramlygyny jedelli ýagdaýa getirdi. Bu başda sebitleýin pozisiýasyna garşy durulan Saud Arabystanyň hökümeti bilen birlikde sebitdäki ýurtlarda täze howp düşünjesiniň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy. Şol sebäpli Pars aýlagynda ýerleşýän ýurtlar 8 ýyl dowam eden Eýran-Yrak urşunda Saddam Hüseýine ähli maddy we ruhy goldawlaryny gysganmadylar.

Şol uzak, pajygaly söweş 1990-njy ýyllarda Eýran bilen aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna bökdençlik döretmedi. Emma 2003-nji ýylda Saddam Hüseýiniň häkimiýetine garşy Amerikanyň liderliginde edilen harby hüjümden soňky dolanşyk çaknyşygy sebitleýin güýç balansynyň Eýranyň bähbidine özegerendigi düşünjesini ýüze çykardy. Yrakda saýlaw bilen häkimiýet başyna gelen şaýy partiýalardan emele gelýän hökümetleriň Eýran bilen ýakyn gatnaşyk açmagy şol düşünjäniň ýüze çykmagyna sebäp boldy we Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky sebitleýin strategik bäsdeşligi ýaňadandan güýçlendirdi.

Arap bahary atlandyrylan döwrüň sebite ýetiren täsiri güýçli pozisiýa eýeleýän Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky syýasy güýç göreşiniň artmagyny ýany bilen alyp geldi. Belläp geçişimiz ýaly 2012-nji ýylda Saud Arabystanda Al Nimriň tussag edilen ýörişleri geçirilipdi, emma olar gözegçilik astyna alynypdy.

Emma Bahreýnde ýörişleriň bes edilmänligi sebäpli Saud Arabystany şol ýurda harby operasiýa gurama hökmanylygyny duýdy. Bahreýindäki şertleri ýurda Eýranyň goşulyşmagy hökmünde analiz eden Saud Arabystanynyň hökümeti Ýemendäki we Siriýadaky wakalara-da sebitleýin güýç balansy we göreşi nukdaý nazaryndan çemeleşdi. Eýranyň hem şol sebäpden hyzmatdaşy Hizbullah bilen birlikde Siriýa meselesine gönüden goşulyşmagy netijesinde şu günki günde başdan geçirilýän Ýakyn Gündogar sowuk urşy ähli özbolyşlygy bilen ýüze çykdy.

Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky göreş, gyzgyn çaknyşyk şertlerinde messepçi görnüşe eýe bolup biler. Emma görünýäniň aňyrsynda durýan zat wagtal-wagtal gyzgyn çaknyşyklara-da sebäp boljak syýasatdan başga zat däldir. Karl won Klasewisiň aýdyşy ýaly “uruş, syýasatyň beýleki serişdeler bilen dowam etmegi” hökmünde orun eýeleýär.



Degişli Habarlar