Türkiýäniň täze dünýägaraýşy 01

Täze Türkiýe ähli jemgyýetçilik organlarynyň funksiýalaryny maksada laýyk ýerine ýetirmegini tama edýän düşünje

433729
Türkiýäniň täze dünýägaraýşy 01


Türkiýe Osman döwletiniň soňky döwründen bäri dünýädäki özgertmelerden yza galdy. Tehniki ösüşlerde yzda galdy, senagat ynkylabynda giç galdy. Döwrebap instruktiw gurluşlaryň döredilmeginde giç galdy. Ýagny başga bir söz bilen aýdynda giç döwrebaplaşdy. Şol giç galmanyň tebigy netijesi bolsa yza galaklyk ýa-da az ösüş boldy. Öz içine çekildi we taryhyň daşynda galdy. Döwür bilen aýakdaş gitmekden daş düşdi.

Osman döwletiniň dargamagyndan soň beýik gahrymançylyk gökezip azat edijilik söweşini amala aşyran we iňňän agyr şertlerde hamala diýersiňiz mümkin bolmadyk şertlerde ýurduny halas eden Anadolynyň halky, dünýäde başdan geçirilen özgertmelerden ýeňildi. Senagat ynkylabyny amala aşyryp bilmedi. Syýasy özgerlişigi tamamlap bilmedi. Ykdysady ösüşi amala aşyrmagyň hötdesinden gelmedi. İň esasysy bolsa şol özgerlişikleriň aşagynda ezildi. Yza galaklyk duýgusy diýseň agyr netijeleri ýüze çykardy. Günsaýyn ynamyny ýitiren jemgyýete öwrüldi.

Ýönekeýje aýdylanda Türkiýe dünýä taryhynda yzda galdy. Bu jemgyýetiň belli gatlagynda uly ýeňiliş duýgusyny ýüze çykardy. Aslyna seredilende agyr göreşde üstün çykandan soň ýeňil göreşde ýeňilmeklik uly zarba boldy.

Ýedi döwlete garşy garaşsyzlyk söweşinde üstün çykdylar, emma özgerlişikden ýeňildiler.

Şeýle-de dünýä bilen aýakdaş syýasy-dolanşyk ulgamyny gurup bilmändikleri üçin hem bar bolan meseleler barha çylşyrymlaşdy. Howpsyzlyk meselelesi bolan etniki meseleler halkara meselelere öwrüldi.

Şol ýeňilenlik psihikasyny has-da çuňlaşdyran olara öňbaşçylyk etjek syýasy aktýorlara uly gyzyklanma döreýär. Elbetde her gezeginde şol aktýorlaryň haýsydyr bir görnüşde çetleşdirilmegi, şol islegi hasam güýçlendirdi.

Jemgyýeti şol ýeňilenlik psihikasyndan halas etmek üçin edilen her bir başlangyjy bökdeýän mehanizm bardy. Emma dünýädäki düýpli özgertmeler bu taýda-da duýulmaga başlandy we halk hamala diýersiňiz zynjyrlaryny goparyp, dolanşygy ele aldy.

Uzak ýyllardan bäri bar bolan bagly azlygyň häkimiýeti ortadan aýrylýarka täze gelejek garaýyşy bilen hereket etmeli bolýar.

Jemgyýetiň esasy bölegi bilen umumy bähbiteri bolmadyk syýasy ulgamyň ýüze çykaran meselelerini çözmek diňe täze dünýä garaýyşy bilen mümkin bolup biler. Milletiň hyýalyny edýän täze geljegini gurmak üçin şolar bilen hereket etmeli.

Bularyň ählisiniň iş ýüzüne geçmegi üçin özgertmeler edilmeli. Täze hökümet modeli, täze gelejek garaýyşy, täze iş topary we täze tolgunma gerek.

Türkiýäniň täze dünýägaraýyşy esasynda dünýäniň geljeginde güýçli aktýor hökmünde orun eýelemegiň beýanydyr.

Dünýädäki syýasy ulgam yzgiderli özgerlişigi we täzeligi başdan geçirýär. Şol özgerlişik käte dramatiki depginde amala aşýar, käte bolsa ýuwaşlyk bilen iş ýüzüne geçýär. Dünýäniň syýasy taryhyna gysgaça ser salanymyzda iňňän möhüm döwürleriň bardygyny görmek mümkin. Esasan-da jahan uruşlaryndan soň düýpli özgertmeleriň başdan geçirilendigi görülýär. Senagat ynkylaby, globallaşma, täze ýerasty baýlyklarynyň tapylmagy ýaly faktorlar dünýäde global derejedäki özgerlişiklere sebäp bolýar. Şol özgerlişik döwürlerinde syýasy gurluş we ykdysady güýç taýdan öňde bolanlar tas dünýäni ugrukdyrjak mümkinçilige eýedir.

Şu günki günde sebitiň eýe bolan serhetleri hem syýasy ulgamlary hem dünýäde makro derejeli özgerlişikleriň başdan geçirilen 1-nji jahan urşundan galdy. Olar sebitiň sosiologik gurluşyna bap gelmeýän ulgamlardyr. İne şu günki günde-de täze özgerlişikler başdan geçirilýär. Bu ugurda kimiň hojaýyn boljakdygy ýa-da bolmak isleýändigi ugrunda jenjelleşilýär.

Özgerlişik döwürlerinde syýasy ugurlardaky jedelleşikler aldym-berdimli bolýar. Her bir syýasy düşünje we lider aslyna seredilende şol özgerlişlik çatryklarynda özüne geljek üçin giňişlik döretmek isleýär. Özgerlişikleriň başdan geçirilýän ugurlarynda taryhda yzda galan jemgyýetler we döwletler düýpli özgerlişikleriň başdan geçirilen pursatlaryna çenli belli bir ykbala mejburdyrlar. Şol ykbaly özgertmek islegi diňe düýpli özgerlişik etabynda amala aşyp biler.

Şu günki günde Türkiýäniň ýerleşýän sebitinde iňňän möhüm we düýpli özgerlişikler başdan geçirilýär. Bu etap Türkiýäniň sebitinde berk pozisiýa eýelemegi taýdan ähmiýetli. Şol çäkde Türkiýäniň kesgitleýiji aktýor bolmagy diňe täze başlangyçlar bilen mümkindir. Täze dünýä, täze Ýakyn Gündogar we täze Türkiýe deňlemesini düzmek diňe täzelikçi syýasat bilen mümkin. Syýasaty tazelemek diýmek halkyň syýasat mehanizmine berýän täze jogapkärçikler diýmeklikdir.

Syýasatyň mesele çözmek ukybyna eýe bolmagyna barýan ýol jemgyýetiň oňa berýän jogapkärçiligi bilen gönüden arabaglanşykly. Ol hem geljek garaýyşyny we medeniýet düşünjesini öz içine alýar.

Täze Türkiýe ähli jemgyýetçilik organlarynyň funksiýalaryny maksada laýyk ýerine ýetirmegini tama edýän düşünje.



Degişli Habarlar