Dost-Doganlygyň Taryhy 01

Reşat Nuri Gültekiniň ömri we döredijiligi

433018
Dost-Doganlygyň Taryhy 01

Dünýäde höküm süren, Osman imperiýasy dargandan soň emele gelen Türkiýe Respublikasy, diňe bir Osman imperiýasynyň dowamy bolan bir döwlet höküminde tanalmaýar. Türkiýe Respublikasynyň ýer ýüzünde tanalmagyna öz goşantlaryny goşanlar, diňe bir döwleti dolandyran, döwlet adamlary bolman, eýsem onuň edebiýatçylarynyň, şahyrlarynyň, kino sungatynyň işgärleriniň hem Türkiýe Respublikasynyň dünýäde tanalmagyna goşan goşantlary az däldir.

Şol edebiýat we sungat adamlarynyň hatarynda, hökmany suratda ady tutulýan tanymal ýazyjylaryň biri hem, Reşat Nuri Gültekindir.

Reşat Nuri Gültekin, 1889–njy ýylyň 25–nji noýabrynda, Stambuluň häzirki günlerde hem ady belli Üsküdar etrapçasynda, harby lukman Nury beg bilen şol wagtyň Kars welaýatynyň häkimi bolan Ýawer Paşanyň gyzy Lütfiýe hanymyň guran maşgalasynda dünýä inýär. Nury beg bilen Lütfiýe hanymyň Reşat Nuriden başga hem bir gyzlary bolupdyr. Emma, Reşat Nuriniň gyz jigisi, ýaş wagty aradan çykandan soň, Reşat Nuri, maşgalanyň ýeke çagasy bolup galypdyr.

Kakasy harby lukman bolandygy üçin Reşat Nuri, maşgalasy bilen köp gezmeli bolupdyr. Şol sebäpden hem onuň cagalayk we mekdep ýyllary dürli şäherlerde geçipdir. Ilkinji gezek mekdebe baran wagtlary Çanakkalede ýaşaýandyklary üçin şol ýerdäki mekdepde başlangyç bilim almaga başlapdyr.

Reşat Nuriniň kakasynyň, Çanakkaledäki öýlerinde baý kitaphanasynyň bolmagy, ony kitaplara imrindiren we onyň, edebi eser ýazma mirasynyň usulyýetleri bilen tanyşmagyna, ýazyjylyk zehininiň orta çykmagyna we ýazyjylyk ukybynyň artmagyna itergi beripdir. Çagalyk ýyllarynda okan Fatma Aliýe Hanymyň ýazan „Udi“ atly romany, onuň çaga kalbynda yz galdyran eserleriň biri bolmak bilen, Reşat Nurinyň sungata bolan höwesini artdyran eserleriň biri hasap edilýär.

Çagalyk ýyllarynda, belli bir wagtyň dowamynda Izmirde okandan soň, Stambuldaky Keramatly Jozef adyndaky mekdebi gutarýar. Ýokary bilimini bolsa Darülfünun Edebiýat Şahamçasynda, häzirki Stambul uniwersitetinde alýar. Şol uniwersiteti hem 1912–nji ýylda gutarýar we şeýlelik bilen ýigrimi üç ýaşynda sowatly adam hökmünde durmuşa gadam basýar.

Mugallymçylyk eden döwürlerinde, diňe bir mugallymçylyk etmek bilen çäklenmän, eýsem edebiýat bilen hem meşgullanmaga başlapdyr. Ilkinji göwrümli türk romany hasap edilýän, Aşky Memnu romanyny ýazan, Halid Ziýa Uşaklygiliň eserlerinden ylham alan Reşat Nuride, hekaýa ýazmaga bolan höwes döreýär. Ondan soňky ýyllarda bolsa tetar sungatyna ysnyşmaga başlapdyr we teatr üçin eser ýazmak üçin köp jan çekipdir, şol janr bilen hem meşgul bolup başlapdyr. Ýazyjylyk bilen baglanşykly durmuşundaky ilkinji ädimlerini Birinji jahan urşunyň soňunda ätmäge başlady. Ýazyjylyk ýyllarynyň ilkinji ýyllary bolan 1917–nji ýylda „Köne şepe“ ýaly uzyn hekaýalar yazan bolsa, 1920–nji ýyllarda „Hanjar“, „Köne düýş“ ýaly sahna eserlerini, şol bir wagtyň özünde hem „Gizli el“ romanyny ýazypdyr. Şahyryň şol ýyllarda teatra degişli tankydy çykyşlary we gözlegleri hem çap edilipdir. 1922 ýylda bolsa „Saýrak guşym sarybilbil“ romanynyň „Wakit“ gazetinde böleklekleýin çap edilmäge başlanmagy bilen şöhrata eýe bolupdyr.

Reşat Nuri Gültekiniň, 1931–nji ýylda magaryf ulgamynda barlagçy bolup işe başlamagy we Dil toparynyň hataryna goşulmak bilen bu toparyň işi bilen baglanşykyly gezen döwründe, Anadolynyň dört künjegini gezmäge, bilmäge, görmäge, öwrenmäge mümkinçiliginiň bolandygy, onyň ýazyj hökmünde ýurdyň ýagdaýyny öz gözi bilen görmegine we tanamagyna mümkinçilik döredipdir. Şeýle pursatlaryň bolmagy, halkyň içinde gezmegi, giň okyjylar köpçüligi, bir söz bilen aýdylanda halk köpçüligi üçin düşnükli, halkyň höwes bilen okap, düşünip biljek eserlerini döretmegine mümkinçilik beripdir. Şol mümkinçilikleriň saýasynda „Gizli el”, “Saýrak guşym sary bilbil“, „Möhür”, “Dodakdan ýürege”, “Agşamyň güni”, “Bir aýal duşmany”, “Ýaşyl gije”, “Duýgudaşlyk”, “Ýapraklar dökülýär”, “Asman”, “Köne kesel”, “Degirmen”, “Harabalaryň güli“, „Soňky gaçybatalga” ýaly romanlaryny, “Köne şepe”, “Öçen ýyldyzlar”, “Taňry myhmany”, “Leýla bilen Mežnun”, “Söýgi hatlary” ýaly hekaýalaryny döretmeklige mümkinçilik beripdir.

Reşat Nurinyň eserleriniň, halkyň içinde söýülip okalmagy, onuň döreden eserleriniň esasynda “Hanjar”, “Köne düýş”, “Umydyň güni”, “Gazetçi duşmany”, “Saýawan ogrysy”, “Ykmanda garry”, “Daşyň bölegi”, “Ýaşyl gije”, “Köne aýdym”, “Saýrak guşym sarybilbil” ýaly eserleriniň sahnalaşdyrylmagyna sebäp bolýar.

1939–njy ýylda Çanakkale welaýatyndan deputat saýlanan Reşat Nuri, 1946–njy ýyla çenli, Türkiýäniň beýik millet mejlisinde zähmet ýolyna dowam edýär.

1947–nji ýyldan başlap, Respublikançylar halk pyrkasynyň, Ankarada çap edilýän „Ulus“ gazetiniň, Satambuldaky bölümi bolan „Memleket“ gazetini çykarýar. Gültekin, soňraky ýyllarda barlagçylyk işine gaýdyp barýar we 1950–nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda Türkiýäniň wekili we talyplar barlagçylygy wezipesini ýerine ýetirmek üçin Parije gidýär. Parijde medeniýet işleri boýunça ataşelik wezipesini alayp barýar. 1954–nji ýylda ýaşynyň bir çene barandygy sebäpli bu wezipesinden aýrylmaly bolýar.

Hormatly dynç alyşa çykandan soň, belli bir wagtyň dowamynda, Stambulyň Şäher Teatrynda edebi toparyň agzasy bolup durýar. Güntekiniň öýkeninde howply çişiň dörändigi anyklanandan soň, düwnük keseleni bejertmek üçin Londona gidýär we şol ýerde ganym kesele garşy alyp baran göreşinde asgyn gelip panydan bakyýa göç edýär. 1956–njy ýylyň dekabr aýynyň 13–ne Karajaahmet gonamçylygynda jaýlanýar.



Degişli Habarlar