Din we jemgyýet

Din we onuň jemgyýetdäki denagramlyga ýetirýän täsirleri

244331
Din we jemgyýet

Üns bilen seljerlende uludan kiçä ähli jandarlarda deňagramlygyň bardygyna göz ýetirip bileris. Şeýlelikde bu mesele diýseň giň we çäksiz mesele. Gepleşigimiziň bu sanynda din we onuň jemgyýetdäki denagramlyga ýetirýän täsirleri barasynda durup geçmek isleýäris.
Ähli jandarlarda deňagramlyk möhüm, deňagramsyzlyk islenmeýän ýagdaýdyr. Şol sebäpli esasanda soňky ýyllarda ekologik, fiziki, ruhy, ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy manylarda deňagramlyk adalgalary giňden ara alynyp maslahatlaşylan temalar hasaplanylýar. Üns berilen halatynda dürli dissiplinalardaky ähli atlandyrmalarda üns berilýän we seljerilýän umumy aýratynlyk utgaşyklyk, deňlik, öwüşgün, durnuklylyk we birsydyrgynlyk. Adamzat taryhdan bäri ýykyp, ýok edýän gymmatlyklarynyň aşagynda galdy. Elbetde utgaşykly düzgünlerine görkezen her bir reaksiýasynyň jerimesini hem özi çekmäge mejbur boldy.
Din, ýaradylanlaryň bitewiliginiň yzgiderli operatiw görnüşine getirilen ýaşaýyş usulydyr. Diniň esasy, durmuşyň dolulygyna ýaşaýyň hakykatlaryna laýyklykda nähili kadalaşdyrylmalydygy barasynda alladan gelen ýol görkezijidiri. Alla tarapyndan kesgitlenen maddi we ruhy ýaradylyş düşünjesine esaslanýan durmuş bagt getirer. Çünki durmuşyň özenini iň gowy bilýän biribardyr. Ol adamy gurluşynyň deňagramlyk bilen kämilleşmegine amatly ýagdaýda ýaradypdyr. Onuň goýan düzgünleri degenerasiýa we adalatsyzlyga sebäp bolmazdan durmuşyň we dünýäniň nygmatlaryndan tebigy çäklerde peýdalanmaklygy talap edýär. Şol boýun egme ýagny yslam deňagramlygy emele getirer we aslyna seredilende onuň özi gönüden göni deňagramlykdyr. Diniň beýan etmegine görä durmuş tebigy çäklerin deňagramlaşdyrylmagyna esaslandyrylýar. Diniň esasy faktory bolan ylahy ýolbeletlikden ýüz öwürmeklik, bozulmalara, zyýan çekmeklige we şeýlelikde sosial adalatsyzlyga sebäp bolar. Diniň maksatlarynyň çäginde adamyň howpsyzlygyny, bagtlylygyny we ähli taraplaýyn kanagatlanmasyny üpjün etmeklik hem bar. Onuň maksatlaryndan ýene-de biri adama zyýan ýetirmezden ideal jemgyýet döremeklikdir.
Bu taýda nygtalyp geçilmeli hususlardan biri-de beýik ýaradanyň üýtgewsiz awtoritary barasynda aýdylýarka adamyň ygtyýaryna goýýan sarpasy we adama berýän ähmiýeti ünsden düşürilmeli däl. Sebäp köplenç güýçlileriň ýanynda güýçsizleriň ünsden düşürilmegi sosial hakykatdyr. Dinde her bir durmuşa sarpa goýulmagy we olaryň arasynda deňagramlyk faktorynyň merkezi ähmiýete eýe bolmagy bir tarapdan olary ýaradan güýjüň gudratyny görkezýär.
Diniň gözbaşy hasaplanylýan wahýilere görä alla käbir düşünjeleriň tersine ähli durmuşy ýaradandan soň jemgyýetleri we dünýäni ünsden düşürip, olary öz ykbalyna terk etmedi. Tersine ol, adama “şa damaryndan has ýakyn” aralykda, şol bir wagtda-da ähli zady rehnet bilen rejelejek görnüşde güýçlidir. Ol, şol bir watda etden we süňkden ýaradylan adamyň ruhunyň adamkärçiligini ýok etjek käbir hapalardan saplanmagy bilen, terbiýelenmegi bilen, adamyň ahlakly kemala gelmegini maksat edinýär. Şol bir wagtda-da bir tarapy bilen madda bir tarapy bilen ruh bolan adamy madda bilen manynyň arasynda bir nokatda saklamagyň hötdesinden gelipdir. Şeýlelikde yslamyň pygamberi hem her bir adamyň hötdesinden gelip bilmejek, emma onda öwüşgin bilen jebisleşen iki özboluşlyga eýe. Ol, bir tarapdan duşmanlary bilen we jemgyýetdäki zyýanly güýçler bilen yzgiderli göreşýän, bu dünýäde täze jemgyýet we täze medeniýet döretmek bilen meşgullanan adamdy. Beýleki tarapdan allaga gulluk etmegi we ähli taraplaýyn takwany hemme zatdan ýokarda goýan ruhy baýlyga eýedi. Şeýlelikde ylahy buýruklar adamyň ýaradylyşyndaky sap tebigylyga esaslanýar, sap tebigylygyň aýawly saklanmagy, goralmagy bolsa diňe ylahy buýruklary we gadagançylyklary berjaý etmek bilen mümkindir.

İki bölekli dünýäniň iki ugurlylyga eýe bolan hökümdary bolan adamda wagtal-wagtal iki taraply çaknyşyklar ýüze çykyp biler. Her bir tarap adamy özüne çekip, bähbit sorap biler. Adam, ikirjiňlenmede galyp, gitjek ugruny bilmän biler. Bu ruhy çaknyşyk hökmünde häsýetlendirilýär. İne şol wagta diniň buýrukdyr düzgünleri iki ýüzli dünýäni tanaýar we her biri tapawutly motiwleriň ugruny kesgitleýär we hukugyň kesgitlän çäklerinde kanagatlanmaklaryny buýurýar. Dinde şol motiwleriň ýamanlanmaklary, inkär edilmekleri we gysylmaklary barasynda haýsydyr bir beýan ýok. Emma wahýi şol motiwlere gözegçilik etmäge we basyş astynda saklamaga çagyrýar. Ýene-de bir gezek nygtamak isleýäris: Gurhan adamdaky tebigy özboluşlyklaryň, garşydaşlaryň doýurylmaklaryny, kanagatlandyrylmaklaryny teklip edýärkä iki esasa ünsi çekýär. Birinjisi şol kanagatlandyrma halal we hukuga laýyklykda, legal çäklerde, ikinjisi bolsa öte geçmezden, çäkden çykmazdan deňagramly ýagdaýda amal edilmegi.
Adamyň tebigy isleglerini gözegçilik astyna almak bilen olary gözegçilik astyna almak islenýärkä dolulygyna mahrum etmek, ýok hasaplamak biri-birinden tapawutly zatlardyr. Gözegçilik astyna almaklyk ygtyýara esaslanýan we doly göz ýetirmeklik arkaly, islegi şertlere laýyklykda kanagatlandyrmaklykdyr.
Bu taýda goýulan şert möhüm. Adam heddini we mümkinçiligini bilmeli we şol bir wagtda-da edýän hereketiniň ýerlikli bolup bolmandygyna üns bermeli. İne mizanyň ýerlikli peýdalanylmagynyň ölçegi şundan ybarat.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar