Türkiýede bilim 22

Gaziantepde nobatdaky duralgamyz TÖMER

88406
Türkiýede bilim 22

Gepleşigimiziň soňky iki sanynda size Gaziantep we Gaziantep uniwersiteti barasynda maglumat berip, uniwersitetiň rektory bilen geçirilen söhbetdeşligi dykgatyňyza ýetiripdik. Gaziantep şäherindäki ýokary bilim mümkinçilikleri barasynda berjek maglumatlarymyz bular bilen çäkli däl elbetde.


Gaziantepde nobatdaky duralgamyz TÖMER boldy. TÖMER-de ylymlaryň doktory Kaan Büýükikiz bilen duşuşdyk we Gazaintep uniwersitetiniň TÖMER, ýagny Türkçe we daşary ýurt dil merkezi barasynda maglumat bermegini isledik:
“Gaziantep TÖMER-i 2010-njy ýylda açyldy. 2010-nji ýylda 20-25 talyp bilen başlan okuw ýylymyz, 2014-nji ýyla gelinende 39 ýurtdan 252 talyp bilen dowam edýär. Talyplarymyz Burkino Faso, Çad, Pildişi Kenarlary, Paraguaý, Braziliýa ýaly ýurtlardan geldiler. Şolar bilen birlikde elbetde türki dilli doganlyk ýurtlardan gelen talyplarymyz hem bar. Gysgaça aýdynymyzda dünýäniň çar tarapyndan gelen talyplarymyzyň bardygyny belläsim gelýär. TÖMER-de Ýewropanyň Umumy ýüztutma tekstiniň standartlaryna görä kesgitlenen A1, A2, B1, B2 we J1 derejesinde bilim berilýär we kurs tamamlananda şahadatnama gowşurylýar.”
Siriýaly myhmanlarymyz geografiki ýakynlyk sebäpli esasan Gaziantebe gelýärler. Elbetde olaryň dürli islegleri göz öňünde tutulýar. Gaziantep uniwersitetiniň TÖMER-i olaryň esasy isleglerinden birini, ýagny olaryň türk dilini öwrenme islegini kanagatlandyrmak üçin giňgerimli taslamany durmuşa geçirýär.
Kaan Büýükikize şol taslama barasynda-da soradyk:
“Biziň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halkyýetler edarasy hem-de ÝUNESKO bilen bilelikde durmuşa geçirýän taslamamyz bar. Taslamanyň birinji bölegini geçen ýyl durmuşa geçirdik. Aprel aýynda başlapdyk. Geçen ýyl Türkiýede jemi 7 şäherdäki 14 bosgun lagerinde liseýi tamamlan siriýaly myhman talyplarymyza türk dilini öwretdik. Geçen ýylyň aprel aýynda müň okuwçy bilen başlan kursumyz sentýabr aýyna çenli dowam etdi.
Sentýabr aýynda 400 okuwça J1 derejesinde şahadatnama berdik. Häzirki wagtda şol okuwçylar ýurdumyzyň dürli uniwersitetlerinde ýokary bilim alýarlar. Bu hem bir jogapkärçilik, çünki olar biziň myhmanymyz, hem-de olaryň ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyna utgaşmaklary, medeniýetimizi öwrenmekleri, dilimizi öwrenmekleri we öwretmekleri taýdan uly jogapkärçiligi berjaý edýäris. Üstümizdäki ýylyň dekabr aýynda taslamanyň ikinji bölegi başlady. Geçen ýyl ýedi welaýatda dowam eden taslamamyz indi on welaýatda dowam edýär. Adana, Mardin, Şanlyurfa, Hataý, Osmaniýe ýaly şäherlerde 2 müňe golaý okuwça türk dilini öwretmäge başladyk. Şol okuwçylar häzirki wagtda B2 derejesinde bilim alýarlar.”


Eýsem siriýaly okuwçylaryň garaýyşlary nähilikä? Berilýän bilimden hoşalmykalar?

“Örän hoşal. Çünki mehaniki taýdan maglumat taýarlamaýarys. Olaryň dert-aladasyny paýlaşmak, olar bilen bilelikde wagt geçirmek, olara ýurdumyzy we dilimizi tanatmak ýaly borçlarymyzy berjaý etmäge çalyşýarys. Olar hem türk dilini öwrenmekden hem-de Türkiýede ýaşamakdan, esasanda Gaziantepde bolmakdan diýseň hoşal.”
Türk diliniň öwredilmegi barasynda maglumat berýärkäk Gaziantep uniwersitetiniň TÖMER-niň iýun aýynyň dowamynda geçirjek işjeň maslahaty barasynda-da durup geçmek isleýäris. Bu barasynda maglumat bermegi üçin ýene-de hormatly Kaan Büýükikize ýüzlendik:
“Hajettepe uniwersiteti 9 ýyldan bäri Karamanogly Mehmet Begiň hormatyna ähli TÖMER-leriň gatnaşmagynda, esasanda daşary ýurtly talyplaryň gatnaşmagynda türkçe bäsleşigini geçirýär. Geçen ýyl 9-njysy geçirildi. Biz Gazaiantep TÖMER hökmünde şol bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdyk we üçünji ýeri eýeledik. Şol sebäpli hem bu çäräniň 10-njysyny biz geçirsek diýdik. Hajettepe uniwersiteti hem diýseň düşünjeli garady. Üstümizdäki ýylyň 3-nji iýunynda Karamanogly Mehmet Beýiň hormatyna geçirilýän Türkçe bäsleşiginiň onunjysy Gaziantepde geçiriler. Elbetde bu taýda hormatly rektorymyza sagbolsun aýtmak isleýärin. Prof.Dr. Ýawuz Joşkun daşary ýurtly talyplar bilen ýakyndan gyzyklanýar. Olar bilen bagly ýörite taslamalarymyz bar. Oňa ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýaryn.”


Hormatyna şeýle möhüm çäreler geçirilýän Karamanogly Mehmet Beý barasynda gysgaça maglumat bermek ýerlikli bolsa gerek. Karamanogly Mehmet Beý türk dili diýlende ýada düşýän ilkinji adamlardan biri. Karamanogly Mehmet Beý 1277-nji ýylda hökümdarlygy bilen birlikde türk dilini resmi dil hökmünde yglan edýän perman çap edipdi.
Şol permanda “Şu günden beýläk diwanda, dergähde we bargähde, mejlisde we meýdanda türk dilinden başga dil gepleşilmeli däl” diýmek bilen, syýasy we harby ýeňiş däl, şol bir wagtda-da medeni taýdan egsilmez ýeňiş gazanýar. Türk diliniň şu günki günde dünýäde iň baý dillerden biri bolmagynda Karamanogly Mehmet Beýiň mundan 800 ýyl ozal aýdan şol sözleriniň paýy uly bolsa gerek.
Mälim bolşy ýaly gepleşigimiz 33 dilde ýaýlyma berilýär. Radio gepleşigimiz bilen birlikde halkara bilim şertleri we Türkiýede bilim almak bilen bagly wideo söhbetdeşliklerimize hem-de has giňişleýin maglumata facebookda “TRT Horaýyzn” sahypasyndan tomaşa edip bilersiňiz.
Türkiýede daşary ýurtly talyplara hödürlenýän bilim ýokary bilim mümkinçilikleri barasynda sizlere maglumat bermäge dowam edýäris.
Daşary ýurtly abuturiýentleriň soraglaryna “TRT Horayzn” sahypasy arkaly jogap berdik. Ähli soraglaryňyzy, pikirleriňizi bize ýazyp bilersiňiz.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar