Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza zolagynyň merkezindäki Nuseýrat bosgun düşelgesinde asuda iltyň sygynan öýleriň birine guran howa hüjüminde ýene-de 20 palestinaly ýogaldy

2141345
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýyl ähli reaksiýalara garamazdan Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär. 

Sebitiň merkezindäki Nuseýrat bosgun düşelgesinde asuda ilatyň sygynan öýleriň birine garşy guralan howa hüjüminde azyndan 20 palestinaly ýogaldy. 

Ysraýyl düýn gijäniň dowamynda Rafah şäheriniň käbir ýerlerinede howa hüjümlerini we artilleriýa hüjümlerini gurady. 

Ysraýyl Gaza zolagynyň demirgazygyndaky Jibaliýe bosgun düşelgesinde şu aý başladan operasiýasynda häzirki wagta çenli 300 öýi ýer bilen ýegsan etdi. 

Gazadaky hökümet Ysraýylyň gümrük geçelgelerini ýapyp 3 müň ýük ulagynyň Gaza girmegine päsgel berýändigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar