Yrakda DAIŞ-iň guran hüjüminde 5 harby ýogaldy

Yrakda terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan hüjümde 1-i polkownik çinli jemi 5 harby ýogaldy

2139128
Yrakda DAIŞ-iň guran hüjüminde 5 harby ýogaldy

Yragyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Salahaddin şäherindäki harby nokatlaryň birine terrorçylykly hüjümiň guralandygy habar berildi. 

Hüjümiň netijesinde polkownik Halid Naji Wisak we birnäçe esgeriň ýogalandygy bellenen beýanatda, adam pidalary bilen bagly anyk maglumat berilmedi. 

Ýerli telewideniýe kanalyna beýannama beren howpsuzlyk güýçleriniň harby çeşmeleriniň biri bolsa terror guramasy DAIŞ tarapyndan guralan hüjümde polkownik Wisak bilen birlikde jemi 5 harbynyň ýogalandygy we ýaralanan esgerleriň bardygy habar berildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #DAIŞ , #Yrak

Degişli Habarlar