Putin Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan sebitleýin howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

2137316
Putin Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä, Putin bilen Paşinýan paýtagt Moskwa şäherinde geçirilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi sammitinden soň Kreml köşgünde duşuşyk geçirdiler. 

Duşuşygyň metbugata açyk bölüminde çykyş eden Putin, ykdysady hyzmatdaşlyga ähmiýet berýändiklerini belläp: "Ermenistanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agza ýurtlar bilen söwda mukdary 14 esse artdy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem oňyn ýagdaýda özgerýär. Ikitaraplaýyn häsýetdäki söwda mukdary 7 milliard dollardan geçdi. Söwda we ykdysady gatnaşyklarymyzda ozal bular ýaly sepgide ýetmedi. Elbetde söwda mukdaryndan daşary sebitde şeýle hem howpsuzlyk bilen baglanyşykly meseleler hem bar" diýip habar berdi. 

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin meseleleriň ähmiýetini belläp geçip: "Soňky gezek geçen ýylyň dekabr aýynda duşuşyk geçiripdik. Elbetde, ara alnyp maslahatlaşylmaly meseleler şondan bäri toplandy" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar