Germaniýanyň Prezidenti Gaza Bilen Bagly Beýannama Berdi

Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Gazada has uly gumanitar betbagtçylygyň öňüni almak üçin ähli zadyň edilmelidigini aýtdy

2137343
Germaniýanyň Prezidenti Gaza Bilen Bagly Beýannama Berdi

Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer we ýurduna sapar bilen gelen Finlýandiýanyň Prezidenti Aleksandr Stabb geçiren duşuşyklaryndan soň metbugata beýannama berdiler.

Geçirilen duşuşykda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşandyklaryny aýdan Frank-Walter Ştaýnmaýer, Ysraýylyň halkara hukugyň çäginde Hamasa garşy özüni goramak hukugyna eýedigini öňe sürdi.

Frank-Walter Ştaýnmaýer Hamasyň elindäki ýesirleri azat etmelidigini aýdyp, häzirki wagtda şol çäkde geçirilýän gepleşikleriň barşy barada örän az zat bilýändiklerini habar berdi.

"Islendik ýagdaýda Gaza zolagynda has uly gumanitar betbagtçylygyň öňüni almak üçin ähli zat etmelidiris" diýip bellän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer ýurdunyň ony ynsanperwer guramalaryny goldap amala aşyrýandygyny beýan etdi.

Şol bir wagtda, öňünde pikir ýöretmegiň zerurdygyny aýdan Frank-Walter Ştaýnmaýer, Palestinanyň we Ysraýylyň halklary üçin hemişelik parahatçylygy, diňe syýasy bir çözgüdiň getirip biljekdigini, şol sebäpli ýurdunyň iki döwletli çözgüt perspektiwasyny goldaýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar