Ysraýylyň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalary we agtyklary ýogaldy

Beýleki tarapdan Ismail Heniýýeniň Ysraýylyň ogullarynyň we agtyklarynyň bolan ulaga guran hüjüminden soň beren beýanaty Al Jazeera telewideniýe kanalynda görkezildi

2126735
Ysraýylyň guran hüjüminde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň çagalary we agtyklary ýogaldy

Ysraýylyň Gaza şäheriniň günbataryndaky Aş-Şati bosgun düşelgesinde hereket edýän ulaglaryň birini nyşana alyp hüjüm guramagy netijesinde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň 3 ogly we 4 agtygy şehit boldy. 

Şaýatlar tarapyndan berilen berilen maglumata görä Ysraýyl Oraza baýramy mynasybetli Aş-Şati bosgun düşelgesiniň ýaşaýjylaryny we ýakynlaryny gutlamaga giden  Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň maşgalasyndan ençeme adamyň bolan ulagy nyşana aldy. 

Hamas tarapyndan berilen beýanatda, Ismail Heniýýeniň maşgalasynyň, çadyr düşelgäniň ýaşaýjylarynyň we ýakynlarynyň baýramlaryny gutlamaga barmak üçin ulanan ulaglarynyň nyşana alynmagy netijesinde ulagyň içindäki adamlaryň ählisiniň ýa ýogalandygy ýa-da ýaralanandygy mälim edildi. 

Beýanatda Oraza baýramynyň ilkinji güni Şati bosgun düşelgesinde "hyýanatçylykly we gorkaklyk" bilen guralan hüjümde, Ismail Heniýýeniň Hazym, Emir we Muhammed atly ogullary bilen Muna, Amal, Halid we Rezzan atly agtyklarynyň ýogalandygy aýan edildi. 

Bular ýaly görnüşli hüjümleriň Hamasyň we Palestinanyň halkynyň garşylyk güýjüniň ygtyýaryny döwmegiň hötdesinden gelip bilmejekdigi, diňe olaryň göreşindäki tutanýerliligini artdyrjakdygy habar berildi. 

Beýleki tarapdan Ismail Heniýýeniň Ysraýylyň ogullarynyň we agtyklarynyň bolan ulaga guran hüjüminden soň beren beýanaty Al Jazeera telewideniýe kanalynda görkezildi. 

Hamasyň lideri: "Çagalarymyň şehit bolmagy sebäpli Alla şükür edýärin" diýip aýdyp: "Çagalarym Gazada galdylar we Gazany terk etmediler. Ähli halkymyz çagalarynyň ganlary bilen uly baha töleýär. Men hem şolaryň biridirin" diýip belledi. 

Ysraýylyň liderleriň çagalaryny nyşana alyp palestinalylaryň tutanýerliligini döwjekdigini pikir edýändigini, emma şol dökülen ganyň Palestina topragy bilen bagly tutanýerliligini artdyrjakdygyny aýdan Ismail Heniýýe: "Maşgalamyň 60-a golaý agzasy söweşde şehit boldy we olar bilen halkymyzyň arasynda hiç hili tapawut ýok. Ýitgilerimiz näçe köp bolsa bolsun, Ysraýylyň edýän şantažlaryna boýun egmeris, egilşik etmeris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar