Eýran Ýakyn Gelejekde Ysraýyla Agyr Zarba Urar

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunyň Metbugat sekretary general maýor Ramazan Şerif “ýakynda gelejekde Ysraýyla agyr zarbalar urjakdyklaryny” öňe sürdi.

2124361
Eýran Ýakyn Gelejekde Ysraýyla Agyr Zarba Urar

Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä general maýor Şerif paýtagt Tähranda geçiren metbugat ýygnagynda Eýranyň Damaskdaky konsullygyna guran hüjümi hakynda durup geçdi.

Ysraýylyň soňky döwürde sezewar bolan ýeňlişleriniň aryny Ynkylap goragçylarynyň goşunynyň serkerdelerinden almaga çalyşýandygyny aýdan Şerif; “Haýsydyr bir ýeri urup bilmezler we bu aksiýalar bilen goragçylarymyzyň motiwasiýasyny iki esse ýokarlandyryp, enşalla ýakyn gelejekde sionist ulgama has agyr zarbalaryň urulandygyna şaýatlyk ederis” diýdi.

Ysraýylyň Eýranyň Damaskdaky konsullygyna 1-nji aprelde guran harby howa hüjüminde Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunyndan 2 sanysy general çinli 7 adam ölüpdi.



Degişli Habarlar