Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Pakistanyň demiragzyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa welaýatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 8 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy
Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň käbir ýerlerinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli öýleriň üçekleriniň çökendigi, sil apatlarynyň emele gelendigi we käbir ýollaryň ýapylandygy mälim edildi.
Tebigy apatda aglabasy çaga bolan 8 adam ýogaldy.
Welaýatda sil apatlarynyň bolmagy we öýleriň üçekleriniň çökmegi netijesinde şeýle hem 12 adam ýaralandy, 2 çaga bolsa sil apatynda dereksiz ýitdi.
Ýogalanlaryň 3-siniň şol bir maşgaladandygy we ýaşlarynyň 3 bilen 7 ýaş aralgynda üýtgeýändigi mälim edildi.
Resmiler howpsuzlyk çäreleriniň çäginde sebitdäki käbir ýollaryň ýapylandygyny habar berdi.
Pakistanyň demiragzyk-günbataryndaky Haýber-Pahtunhwa welaýatynda 2-nji martda aşa ýagan ýagyşlaryň täsiri bilen käbir öýleriň üçekleriniň çökmegi, käbir öýleriň ýer süýşgünleri sebäpli ýeriň aşagynda galmagy netijesinde 30 adam ýogalypdy.
Degişli Habarlar
Eýran Täze Prezidentini Saýlamak Üçin 28-nji Iýunda Saýlaw Geçirer
Bu barasynda Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA habar berdi.
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.