Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň eýýäm 171 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi

2120077
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň goşunynyň ynsanperwer kömekleriň girmegine päsgel berip, halky mejbury ýagdaýda aç we suwsyz goýan Gaza zolagynda soňky 10 günde guran hüjümlerinde ýene-de 843 palestinaly ýogaldy. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň eýýäm 171 gün bäri dowam edýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda ýene-de 107 palestinalyny öldürendigi bellenen beýanatda, jemi adam pidalarynyň 32 müň 333 adama ýetendigi mälim edildi. 

Guralan soňky hüjümlerde ýene-de 176 palestinalynyň ýaralanmagy bilen jemi ýaralananlaryň sanynyň 74 müň 694 adama ýetendigi aýan edildi. 

Beýanatda mundan başgada ýollaryň gyralarynda we ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda häzirki wagtda hem ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma Ysraýylyň harby güýçleriniň päsgel bermegi bilen şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi habar berildi. 


Etiketkalar: #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar