Ysraýyl Gazada ýene-de bir žurnalisti öldürdi

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň demirgazygyna guran hüjüminde Plestinnyň resmi habarlar agentligi WAFA-nyň işgäri bolan 1 žurnalist ýogaldy

2119823
Ysraýyl Gazada ýene-de bir žurnalisti öldürdi

WAFA tarapyndan çap edilen habarda 20 ýyldan gowrak wagt bäri habarlar agentligi üçin işlän Sahir Ekrem Reýýanyň Ysraýylyň hüjüminde ýogalandygy mälim edildi. Şol hüjümde palestinaly žurnalistiň ogly Enesiň hem ýogalandygy aýan edildi. 

Palestinaly žurnalist bilen ogunyň Gaza şäheriniň günbatar zolagynda ýerleşýän Haýdar Abu aş-Şafi çatrygynda ýaralanan käbir adamlary halas etmäge synanyşan mahallary öldürilendikleri habar berildi. WAFA-nyň dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmed Assaf hem gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Gazadaky hökümediň metbugat ofisi 23-nji martda beren beýanatynda, Ysraýylyň hüjümleriniň başlan güni bolan 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagynda 136 metbugat işgäriniň ýogalandygyny habar beripdi. 

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna guraýan hüjümlerinde azyndan 14 müň 280-i çaga, 9 müň 340-y zenan bolmak bilen 32 müň 226 palestinaly öldürildi, 74 müň 518 palestinaly ýaralandy. 



Degişli Habarlar